11 Nisan 2016 Pazartesi

Türkmen Türgenleri Gazanýan Ýeňişlerini Artdyrýarlar

Giň gerimli çäräniň—tutuş Türkmenistan boýunça şu gün badalga alýan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda geçirilýän bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygynyň öň ýanynda watandaşlarymyzyň şu ýylyň ilkinji aýlarynda gazanan sport üstünlikleriniň netijelerini jemlemegiň tüýs wagtydyr. Türkmenistanlylar halkara derejeli iri ýaryşlarda, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, 2015-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdireniňde gazanan altyn medallarynyň sanyny artdyrdy. Munuň özi diňe milli sport hereketiniň yzygiderli ösmeginiň däl-de, eýsem, biziň türgenlerimiziň ussatlygynyň artmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Geçen ýylyň üç aýynda Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň üsti altyn medallaryň 22-si bilen ýetirildi. 2016-njy ýylyň bu döwründe türgenlerimiz eýýäm altyn medallaryň 36-syny, kümüş medallaryň 21-sini we bürünç medallaryň 27-sini gazandylar.

Şol ýeňişleriň hatarynda halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowanyň üstünligini bellemek gerek. Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde geçirilen dzýudo boýunça Gran-Pri tapgyrynyň ýaryşynda 52 kilograma çenli agram derejesinde türgenimize taý tapylmady. Ol Türkiýeden, Mongoliýadan, Portugaliýadan we Ispaniýadan gelen güýçli bäsdeşlerini ynamly ýeňmegi başardy. 

Bu ýaryş awgust aýynda Rio-de-Žaneýroda geçiriljek Olimpiada saýlama tapgyr boldy. G.Babamuratowanyň gazanan altyn medaly bolsa dünýä we olimpiýa sanawynda eýeleýän ornuny berkitdi. Şol sanawda türkmen türgeni dünýäniň güýçli türgenleriniň onlugyna girýär. Indi Gülbadam maý aýynda Meksikada geçiriljek Gran-Pri tapgyrynyň ýene-de bir ýaryşyna güýçli taýýarlyk görýär. Şol ýaryşlar Braziliýada geçiriljek Bütindünýä oýunlarynyň öň ýanynda jemleýji tapgyra öwrüler.

Geçen aýda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde   ýetginjekleriň hem-de uly ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda /ITF/ türkmen taekwondoçylarynyň üstünlikli çykyşlary hem aýratyn şanly wakalaryň hataryna girýär. Şol ýerde türgenlerimiz medallaryň 20-sini—altyn medallaryň 4-sini, kümüş medallaryň 6-syny we bürünç medallaryň 10-syny gazandy.   

Aziýa çempionatyna gatnaşyjylaryň hatarynda ýetginjekleriň toparynda iň gowy görkezijini Marydan taekwondoçy Orazmyrat Çaryýew görkezdi. Ol üç gezek hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna we iki gezek ikinji basgançagyna çykdy. Türkmenistanly türgen “şahsy tutluşyklar”, “goranmak boýunça görkezme çykyşlary” we “şahsy tuli” /toplumlaýyn maşklar/ görnüşlerde altyn medala mynasyp boldy, şeýle hem toparlaýyn bäsleşiklerde we tulilerde wise-çempion boldy.

Bu ýaryşda türkmen ýygyndy toparynyň gazanan umumy üstünliginde Mähri Agaýewanyň uly goşandy bolup, ol  dört medaly /iki kümüş we iki bürünç/ gazanmagy başardy. Harby gullukçy Annamyrat Goşanyýazowyň, 17 ýaşly Goşanyýaz Durdyýewiň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gaýgysyz Atabaýewiň hasaplarynda üç medal bar. Umumy üstünlige  Rahat Atanyýazow, Orazmuhammet Ustaýew, Serdar Gurtgeldiýew, Batyr Annaýew, Wepa Öwezow hem goşant goşdular.     
Häzir türkmen pälwanlary söweş sungatynyň şu görnüşi boýunça ýetginjekleriň we weteranlaryň arasynda awgust aýynda Italiýada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär.  

Şu ýyl kikboksçular hem nobatdaky üstünligi gazandy. Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebiniň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň ýolbaşçylygynda milli ýygyndynyň düzüminde türgenleşýän wekilleri Latwiýanyň paýtagty Rigada her ýyl geçirilýän iri halkara ýaryşynyň barşynda altyn medallaryň 6-syny we 1 kümüş medal gazandylar. Hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Şameret Hallyýew, Muhammet Altybaýew, Merdan Mämmedow, Şöhrat Ýagmyrow, Ramil Kasimow we Ylham Geldimämmedow çykdy. Ismail Ataýew bolsa kümüş medala mynasyp boldy.

Şonuň ýaly iri ýaryşlarda gazanylýan ýeňişler diňe sport tejribesini toplamak üçin wajyp bolman, eýsem, täze ýaryşlaryň öň ýanynda ruhy taýdan hem uly goldaw berýär. Mälim bolşy ýaly, geljek ýyl türkmen kikboksçulary paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde medallar ugrunda bäsleşer. Latwiýadaky ýaryşlarda görkezilen çykyşlaryň netijelerinden çen tutanyňda,  türgenlerimiziň Aziýa oýunlaryna doly taýýardygyny aýtmak bolar.
 
Türkmen samboçylarynyň hem ussatlyk derejesi ýokarlanýar. Şu ýyl olar birbada birnäçe iri halkara ýaryşlarynda, has takygy, fewral aýynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde hem-de geçen aý Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada geçirilen dünýä kubogy ugrundaky tapgyrlarda üstünlikli çykyş etdiler. Şol ýaryşlar tamamlanandan soň,    ýurdumyzyň sport gazananlarynyň üsti medallaryň 11-si – 2 altyn, 3 kümüş we 6  bürünç medallary bilen ýetirildi. 

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Abdylla Babaýewiň we Ahmet Taňryberdiýewiň çykyşlaryny görkezmek gerek. Olar ýaragsyz goranmak söweş görnüşli ýaryşlaryň ikisinde hem tapawutlandy. 
A. Babaýew altyn we bürünç medallary gazanan bolsa, A.Taňryberdiýew ikinji we üçünji orunlary eýelemegi başardy. Şeýle hem dünýä kubogy ugrunda tapgyrlaryň hormat münberine Kerimberdi Döwletow, Jawlanbek Madaminow, Ylýas Momunow, Arzuw Ýalkabowa, Hurma Abdyýewa we Zebo Orunowa çykdy.

Guşakly göreşiň türkmen ussatlarynyň hem gazanan üstünlikleri barada aýtman geçmek bolmaz. Geçen aýda biziň pälwanlarymyz Gyrgyzystanda B.Erkinbaýewiň ýadygärliginiň hormatyna guralan alyş boýunça  Gran-Pri tapgyrynyň halkara ýaryşynda üstünlitkli çykyş edip, medallaryň 11-sini—6 altyn , 2 kümüş we 3 bürünç medallaryny gazandylar. Tirkişgeldi Aýazow, Pirguly Gurbandurdyýew, Rejepaly Orazalyýew, Jahan Muhammedowa, Dinara Hallyýewa we Rano Uzakowa ýaryşyň ýeňijileri boldular. Öwezgeldi Berdiýew we Laçyn Badaglyýewa kümüş medallaryny gazandylar. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Wepa Orazmyradow, Zarina Abdyrahmanowa we Maksuda Ýegenberdiýewa çykdylar.

Umumy toparlaýyn çykyşlarda türkmen pälwanlary ýer eýeleriniň ýygyndy toparynyň wekilleri bilen altyn medallaryň sany boýunça birinji orny paýlaşdylar. Bu üstünlik Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşynda hem watandaşlarymyzyň özlerini gowy tarapdan görkezjekdigine umyt döredýär. Aziadanyň maksatnamasyna guşakly göreşiň birbada ikisi /nusgawy we türkmen göreşleri/ girýär.

Halkara sport giňişliginde gazanylýan köpsanly ýeňişler bilen bir hatarda, geçirilen milli besleşiklerimiziň sany hem artdy. Şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzyň dürli şäherlerinde ýaryşlaryň 57-si, şol sanda Türkmenistanyň çempionatlary we ýurdumyzyň kubogy ugrunda bäsleşikler, şeýle hem  köpçülikleýin sport çäreleriniň 28-si guraldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründe geçirilen ýaryşlardan has köpdür.

Talyplar uniwersiadasynyň maksatnamasynyň hem üsti ýaryşlaryň täze görnüşleri bilen ýetirildi: şu okuw ýylynda ilkinji gezek bilýard, bouling we  ýedi top milli oýny boýunça ýaryşlar geçiriler. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň sport durmuşy okgunly depginler bilen ösýär. Bu, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şeýle bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tutuş Türkmenistanda sport toplumlarynyň we sport mekdepleriniň ýüzlerçesi guruldy we hereket edýänleriň durky täzelenildi. Şunuň bilen aýrylmaz bagly bolan ýokary sport netijeleriniň sany-da barha artýar.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder