4 Ocak 2017 Çarşamba

Türkmen Hokkeýçileri Gyşky Aziada Taýýarlanýarlar

Hokkeý boýunça milli ýygyndy toparymyz Minskide (Belarus) “Raubiçi” olimpiýa sport toplumynyň binýadynda geçirilen halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan dolanyp geldi. Şeýle hem buz üstünde oýnamak boýunça biziň ussatlarymyz ýerli toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşygynyň ikisini geçirip, olarda ynamly ýeňiş gazandylar.
Häzirki ýygnanyşyklar türkmenistanlylar üçin indiki aýda Sapporo şäherinde (Ýaponiýa) geçiriljek VIII Aziýa gyşky oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry boldy. Şol ýaryşlarda biziň hokkeýçilerimiz ilkinji gezek çykyş ederler.
Meşhur halkara tälimçileriň ýolbaşçylygynda geçen okuw-türgenleşiginiň barşynda hüjüm we gorag ugurlarynda hereket etmegiň usullarynyň üstünde işlemäge aýratyn uly üns berildi. Öwrenilen emeller Belarusuň höwesjeň toparlary bilen geçirilen oýunlaryň barşynda barlanyp görüldi. Birinji duşuşykda türkmenistanlylara “Soýuz” toparynyň hokkeýçileri garşy durdylar. Olar biziň derwezeçimiziň toruna bary-ýogy bir hokkeý pökgüsini geçirmegi başardylar, emma öz derwezelerine 18 pökgi goýberdiler. Ikinji duşuşykda milli ýygyndy toparymyzyň garşydaşy “Aýs Soft” topary boldy. Bu oýunda hem türkmen türgenleri 17:3 hasaby bilen üstün çykdylar. Tälimçileriň pikirine görä, öňde boljak gyşky Aziadanyň öň ýanynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň geçiren ýygnanyşyklary netijeli boldy.
Üçünji ýanwarda Aşgabatda hokkeý boýunça Içeri işler ministrliginiň Kubogyny almak ugrunda ýaryşa badalga berildi. Oňa iki toparça bölünen toparlaryň ýedisi gatnaşýar. Paýtagtymyzyň toparlarynyň dördüsinden düzülen ýygyndy toparymyzyň agzalary üçin bu ýaryşlar hem sport ussatlygyny artdyrmak babatda oňat tejribe bolup hyzmat eder. Aşgabatdaky ýaryş dokuzynjy ýanwara çenli dowam eder.
Ýaponiýadaky Oýunlardan soň türgenlerimiz ýene-de bir jogapkärli ýaryşlara — aprelde Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görmeli bolar. Türgenlerimiz birinji dwizionda çykyş eder. Ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynda türkmenistanlylaryň garşydaşlarynyň Filippinleriň, Omanyň, Kataryň, Kuweýtiň, Hindistanyň we Makaonyň toparlarynyň boljakdygy eýýämden bellidir.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder