Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjä hem-de Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Andhra-Pradeş ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly, çuňňur gynanç hatlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan pida bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder