Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin görülýän çäreler bilen tanyş boldy. Şeýle hem kärendeçiler we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşleri bilen duşuşdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryna girizilen hem-de obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleri emele getirmäge degişli meselelere yzygiderli üns berýär. Geçirilýän işleriň netijeliligine göz ýetirmek üçin döwlet Baştutanymyz dürli welaýatlara yzygiderli barýar we ýerlerde dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga, oba ýaşaýjylarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi we oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmäge ýardam bermäge gönükdirilen giň göwrümli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyş bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşigine geldi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanlarynyň birinde işleriň barşy bilen tanyşdy. Onuň umumy meýdany 62,1 gektara barabar bolup, bu ýerde 27 kärendeçi zähmet çekýär. Geçen ýyl olar ak bugdaýyň 220 tonnasyny ýygnadylar. Häzirki wagtda agrotehniki kadalara laýyklykda güýzlük bugdaýa ideg edýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň we welaýatyň ýolbaşçylarynyň ünsüni meýdan işlerini kabul edilen agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçileriň ekin meýdanlarynyň arasynda ornaşdyrylan çadyra barýar. Meýdan düşelgesiniň bir tarapynda ýapragy ýüpek gurçugy üçin iýmit bolup hyzmat edýän tut agaçlary ösüp otyr, beýleki tarapynda bolsa bugdaý ekilen giň meýdanlar ýerleşýär.
Ýüpekçilik türkmenleriň gadymdan gelýän halk senetleriniň biridir. Köp asyrlaryň dowamynda “kümüş ýüplügiň” ussatlary ýüpekçilik işiniň milli däplerini nesilden-nesle geçirip, ýüpekden ajaýyp matalary we halylary taýýarlamagyň inçe tärlerini biziň günlerimize çenli ýetirdiler. Häzirki wagtda bu pudagy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýörite nahalhanalarda hem-de daýhan birleşikleriniň köpüsinde her ýyl tut agajynyň nahallarynyň müňlerçe düýbüni ösdürip ýetişdirýärler. Mundan başga-da, tut agaçlarynyň ekin meýdanlarynyň golaýynda oturdylmagy bugdaýy, gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýelden goraýar hem-de suwaryş akabalarynyň kenarlarynyň berk bolmagyna ýardam edýär we daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň kadaly bolmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň ýaýbaňlandyrylan sergisini synlady. Bu ýerde görkezilýän zatlaryň arasynda daşary ýurtlaryň önüm öndürijilerinden ozal satyn alnan oba hojalyk tehnikasy, şol sanda Germaniýanyň “CLAAS”, Norwegiýanyň “Kvernelang”, Awstriýanyň “Pottinger” kompaniýalarynyň kultiwatorlary, azallary hem-de ABŞ-nyň “John Deere” kompaniýasynyň kombaýnlary we traktorlary hem-de dizelleri, suw sorujylar we beýlekiler üçin ätiýaçlyk şaýlary bar. Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şol ätiýaçlyk şaýlarynyň önümçiligi “Daşoguzmotorabatlaýyş” zawodynda ýola goýuldy.
Göçme sergi diňe bir tehniki täzelikler bilen däl, eýsem, beýleki ugurlar bilen hem uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde sahawatly türkmen topragynyň önümleri görkezildi. Olaryň arasynda diňe bir biziň tebigy-howa şertlerimize mahsus bolan önümler däl, eýsem, yssy hem-de az suwly ülkäniň şertlerinde synagdan üstünlikli geçen önümler hem bar.
Mysal üçin, Gollandiýadan getirilen ýeralma synag hökmünde ekilende, oňat netije berdi. Şeýle hem mäşiň “Bereketli” diýen görnüşi köp möçberde ýetişdirmek üçin örän amatlydyr. Ol mäşiň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, ýetişen wagty ýere düşelip ösmeýär-de, dikligine ösýär. Munuň özi hasyly el bilen däl-de, maşynlaryň kömegi bilen ýygnamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa daýhan zähmetiniň öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrýar.
Un önümleriniň köp görnüşleri, gaplara gaplanan ýokary hilli bugdaý uny ýurdumyzyň obasenagatynyň hem-de azyk senagatynyň mümkinçiliklerini aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu ýerde bugdaýyň dürli görnüşleri, şol sanda täze ýokary önümli “Berkarar” we “Garaşsyzlyk” diýen görnüşleri, “Bitarap” we “Miras” diýen güýzlük bugdaýyň tohumy ýerleşdirilipdir.
Daşoguz welaýatynyň galla meýdanlarynyň 157 müň gektara barabardygyny bellemelidiris. Şu ýyl sebitiň ekerançylary 300 müň tonna däne taýýarlamaga borçlanýarlar.
Alyjylara bir, iki, üç, bäş we on kilogramlyk haltajyklarda hödürlenýän meşhur Daşoguz tüwüsi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowda aýratyn gyzyklanma döretdi. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda ýokary hilli tüwä isleg barha artýar. Çünki, bereketli türkmen saçagyny palawsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir.
Onuň golaýynda uly haltalarda mäş, nohut, künji, arpa, dary, mekgejöwen, jöwen ýerleşdirilipdir. Ýeri gelende aýtsak, jöwen ekmek arkaly ekin meýdanlaryny duzdan arassalap bolýar. “Laçyn”, “Paýtagt” we “Änew-62” diýen mekgejöweniň türkmen sortlary azyk senagaty hem-de maldarçylyk üçin uly ähmiýete eýedir.
Elbetde, sergide türkmen gawunlary we garpyzlary, kädileri hem-de badamjanlary, pomidorlary we hyýarlary, dürli reňkli kelemleri, almalary hem-de armytlary, üzümleri, limonlary, narlary, burçlary we beýleki önümleri mynasyp orun eýeleýär.
Baryp gadym döwürlerde biziň zehinli ata-babalarymyz gawunyň gyşky görnüşini ösdürip ýetişdirmegi başarypdyrlar. Mundan başga-da, olar gawunlary uzak wagtlap saklamagyň usulyny oýlap tapypdyrlar. Ata-babalarymyz gawunlary ýekene salyp, olary ýörite otaglarda asyp goýupdyrlar. Şol ýerde süýji gawunlary indiki ýylyň hasylyna çenli saklamak başardypdyr. Ata-babalarymyzyň bu usulyny demirgazyk oguzlarynyň ülkesinde ýaşaýan nesilleri üstünlikli dowam etdirýärler.
Serginiň üsti dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda gawunlaryň meşhur görnüşleriniň (garrygyz, igde ýaprak, garadaş, gürwek), kädileriň (bal kädi, palaw kädi, daş kädi), garpyzlaryň (gara garpyz, ak garpyz) tohumlary bilen ýetirildi.
Özboluşly sergide goýlan bu oba hojalyk önümleriniň ählisi türkmen topragynda ösüp ýetişýär. Hemmämize mälim bolan tebigy – howa şertlerine garamazdan, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti hem-de başarjaňlygy bilen bu toprak sahawatyny eçilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz pagtaçylar, gallaçylar, şalyçylar, bakja önümlerini ekýän kärendeçiler we obanyň beýleki zähmetkeşleri bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tapgyrlaýyn amala aşyrylýan agrar özgertmeleriň barşynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn çäreler eýýämden özüniň oňyn netijelerini berýär diýip belledi.
Döwletiň agrar syýasatynyň esasy ugurlary obasenagat toplumyny dolandyrmagyň netijeli ulgamyny döretmek, oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, obada täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmek, ýer, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bolup durýar. Iri maýa goýumlary pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösüşine gönükdirilýär. Obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlary, ekiş we beýleki tehnikalary satyn alynýar. Suw üpjünçiligini we oba hojalyk ekin meýdanlarynyň suwarylyşyny gowulandyrmak, ýerleriň gurplylygyny ýokarlandyrmak, täze tarp ýerleri özleşdirmek babatynda anyk çäreler amala aşyrylýar.
Döwlet tarapyndan edilýän maliýe kömegi, şol sanda ýere tölenýän ujypsyz baha, salgyt tölemekden doly boşadylmak daýhanlara iş ýüzünde örän uly goldaw bolup durýar. Tehnika hyzmaty, tohum, mineral dökünler, suwaryş suwlary bilen üpjünçilik we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri kärendeçilere we daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde berilýär. Mundan başga-da, oba hojalyk taslamalaryna ýeňillikli karz bermek ulgamy giňden ulanylýar. Ony amala aşyrmak üçin ministrliklere, pudak edaralaryna, kärhanalara, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we daýhan hojalyklarynyň agzalaryna ýer bölünip berilýär.
Obada geçirilýän giň göwrümli özgertmeleriň ylmy esasynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy agrar ylymlaryň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryny oba hojalyk önümçiligine işjeň ornaşdyrmagyň obasenagat toplumynyň ösüşiniň wajyp ýagdaýy bolup durýandygyny belledi. Şeýle mümkinçilikler bolmasa, ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda garaşylýan netijäni almak mümkin däl.
Daşoguzda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk instituty sebitiň agrar pudagynyň ösüşine hem-de onuň hünärmenler bilen üpjün edilmegine özüniň degişli goşandyny goşýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebiniň talyplary diňe bir döwrebap enjamlaşdyrylan ders otaglarynda ussatlygyň inçe syrlaryny ele alman, eýsem-de bolsa gönüden-göni önümçilik iş tejribesiniň barşynda hem şeýle tejribä eýe bolýarlar. Iş tejribesi ýokary okuw mekdebiniň ylmy önümçilik merkeziniň tejribe-synag meýdanlarynda, şeýle hem daýhan birleşikleriniň ekin meýdanynda geçirilýär.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigaty goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berdi. Bellenilişi ýaly, ekologiýa meselesi islendik ýurduň we sebitiň, tutuş dünýä ýüzüniň durnukly ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şu sebäpli hem Türkmenistan daşky gurşawy goramak meseleleriniň ähli görnüşleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de tutuş dünýäniň ähli döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunda golaýdaky 3 ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk eder. Bu özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde suw serişdelerini peýdalanmagyň meselelerini çözmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistan suw serişdeleriniň gözbaşlaryny dikeltmek, olary akylly-başly, tygşytly, rejeli peýdalanmak, netijeli dolandyrmak bilen baglanyşykly ähli meselelere garamaga gönükdirilen gepleşikleriň– “Suw diplomatiýasynyň” yzygiderli tarapdary hökmünde çykyş edýär. Bu ulgamda döwletleriň we halkara guramalarynyň, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde bilelikde hereket etmekleri suw boýunça ählumumy resminamany — BMG-niň suw strategiýasyny taýýarlamak boýunça işleriň esasyny düzüp biler.
Biziň ýurdumyz BMG-niň Ýöriteleşdirilen Maksatnamasyny işläp taýýarlamagy hem-de halkara giňişliginde “suw diplomatiýasy” baradaky pikiri işjeň ilerletmek üçin şertleriň döredilmegini möhüm hasaplaýar.
Dürli sebäplere görä, Merkezi Aziýada suw meselesi sebitleri ösdürmegiň kesgitleýji şerti bolmak bilen, umumy ýagdaýa, durmuş-ykdysady ösüşiň meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge, düýpli ekologiýa meselelerini çözmäge uly täsirini ýetirýär.
Biz şeýle hem hut “suw diplomatiýasynyň” sebit we halkara derejelerinde degişli meselelere garamaga ulgamlaýyn çemeleşmäge mümkinçilik berip biljekdigini ençeme gezek beýan edipdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, onuň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ekologiýa abadançylygyny aýawly saklamak we daşky gurşawy goramak bilen berk baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyzda suwarymly ýerlere häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, gidrotehnika desgalaryny gurmak we işletmek boýunça ägirt uly tejribe toplandy. Giň göwrümli suw hojalyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmak agrar ulgamyň netijeli ösmegine, däne, pagta we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistanda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde täze suw arassalaýjy zawodlar, şol sanda Daşoguz welaýatynda hem gurulýar we ulanylmaga berilýär.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji tapgyrynyň işe girizilmegi bilen ýerasty suwlary ekin meýdanlaryndan alyp gidýän şorsuw akabalary ýeke-täk ýokary netijeli suw ulgamyna birikdiriler. Netijede, ekin meýdanlaryny suwarmak işleri gowulanar. Bu çäreler ýurdumyzda we tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýynyň oňatlaşmagyna ýardam berer. Bu ägirt uly taslamanyň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygy hem dowam edýär. Bu bolsa ýerasty suwlary oba hojalyk zerurlyklary üçin gaýtadan peýdalanmaga ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Orta Aziýada suw serişdeleriniň çäklidigini hasaba almak bilen, bularyň hemmesi örän wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ýerasty şor suwlary gaýtadan peýdalanmak meselelerini çözmekde biziň döwletimiziň sebitdäki köpsanly beýleki suw serişdelerini peýdalanyjylara nusga bolýandygyny belledi.
Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň barşynda Türkmenistanyň alyp barýan işi Aralyň meselelerini çözmäge hem-de deňiz ýakasynyň ekologiýa ulgamynyň zaýalanmagynyň öňüni almaga gönükdiriler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň biologik köpdürlüliligini hem-de daşky gurşawy aýawly saklamak, şol sanda giň möçberli bag ekmek, gorag tokaý zolaklaryny döretmek boýunça işler yzygiderli dowam etdiriler.
Biz mundan beýläk hem daşky gurşawy goramak, şu maksatlar bilen ekologiýa meseleleriniň we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsiriniň öňüni almagyň netijeli usuly hökmünde innowasion tehnologiýalary ulanmak boýunça zerur çäreleri göreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
…Şu duşuşygyň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan saýlawlaryň öňýanyndaky möwsüm döwründe geçirilýändiginiň özi hem döwlet Baştutanymyza Prezident wezipesine dalaşgär hökmünde berlen sowallaryň häsiýetini şertlendirdi. Sowallaryň köpüsi oba hojalygyna, kärende gatnaşyklaryny, fermerçiligi, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge, ýeňillikli şertlerde karzlary bermäge, hususan-da, şahsy kömekçi hojalyklaryň eýelerine karzlary bermäge, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän hususy kärhanalary döretmäge degişli boldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiziň oba zähmetkeşlerine yzygiderli berýän goldawy, şol sanda maddy we tehniki häsiýetli goldawy, şeýle hem salgyt ýeňillikleri daýhanlaryň, kärendeçileriň girdejileriniň artmagyna oňyn täsir edýär, öndürilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna hem-de oba hojalyk önümleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, bol hasylyň alynmagyna, tarp ýerleriň özleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär.
Bu ulgamda dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryna we görnüşlerine geçilmegi, täze kärhanalaryň gurulmagy we ulanmaga berilmegi, telekeçileriň höweslendirilmegi – bularyň ählisi oba hojalyk pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Şunda oba hojalygyny hem-de ýurdumyzyň obasenagatyny ösdürmekde kiçi we orta telekeçilige, hususy oba önümçiliklerini ýola goýmaga we ýyladyşhana hojalyklaryny döretmäge möhüm orun degişlidir. Oba hojalyk önümleriniň harytlyk hilini ýokarlandyrmak üçin ýurdumyzyň sebitlerinde täze gök önümler saklanýan hem-de sowadyjy ammarlar guruldy.
Biz mundan beýläk hem kärendeçilere we ýer eýelerine karz serişdelerini, ekerançylyk önümlerini ýetişdirmek üçin telekeçilere ýer böleklerini bermek arkaly bu ugry ösdürmegi meýilleşdirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň baý ekerançylyk däplerine eýedigini, olaryň gadym döwürlerden bäri ekerançylyk bilen meşgullanýandygyny hem-de bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmegi başarýan ussatlar hökmünde meşhurdygyny aýratyn belledi.
Ýygnananlaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalany, eneleri we çagalary döwlet tarapyndan goldamagyň çärelerine degişli ugurlary düşündirdi.
Döwlet Baştutanymyz maşgalanyň jemgyýetiň esasy bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, maşgala, şol sanda eneler we çagalar hemişe döwlet tarapyndan goralýar. Şundan ugur almak bilen, mundan beýläk hem maşgalany hemmetaraplaýyn goldamak, ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek hem-de zenanlaryň zähmetini goramak we ýeňilleşdirmek boýunça işler yzygiderli dowam etdiriler, bu maksatlar üçin zerur bolan serişdeler goýberiler.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň” çäklerinde giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Bu toplumlaýyn maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde türkmen obalarynyň keşbi düýpli özgerdi. Şol obalardaky ýaşaýyş-durmuşyň derejesi şäherdäkiden tapawutlanmaýar.
Her bir maşgalany oňaýly ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrunyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Hemme ýerlerde täze obalar, şäherçeler hem-de ýaşaýyş jaý toplumlary gurlar, döwrebap çagalar baglary, mekdepler, saglygy goraýyş hem-de ilata durmuş taýdan hyzmat ediş ulgamlary açylar.
Ýurdumyzyň raýatlarynyň girdejilerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çenli ýokarlandyrmak hem möhüm wezipe bolup durýar, zähmet haklaryny, pensiýalary hem-de döwlet kömek pullaryny ýokarlandyrmak hemişe döwletimiziň üns merkezinde bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň sazlaşykly we okgunly ösdürilmegini, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýan bitewi durmuş-ykdysady döwlet syýasaty babatda Daşoguz welaýatynyň mundan beýläk-de ösüşiniň geljegini beýan etdi. Şunda ýurdumyzyň her bir sebiti özüniň geografiki, toprak-howa, landşaft aýratynlyklary, tebigy serişdeleri bilen şertlendirilen ugruna eýedir.
Uly möçberdäki maýa serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Daşoguz welaýatynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ýerde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň köpsanlysy ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda galla saklamak üçin niýetlenen elewatorlar we un üweýän toplumlar, iri dokma fabrikleri, pagtany gaýtadan işleýän hem-de şalyny arassalaýan kärhanalar, elektrik stansiýasy bar.
S.A.Nyýazow adyndaky etrapda täze maldarçylyk toplumy guruldy. Bu toplum jemi 500 baş iri şahly tohum maly saklamaga we ýylda 2 müň tonna süýdi, 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Toplumyň sehlerinde ýokary öndürijilikli enjamlar we tehnologiki ulgamlar ornaşdyryldy. Bu maldarçylyk toplumyna “Golştin” tohumyndan bolan sygyrlar getirildi. Şeýlelikde, sygyr sagylýan bölümde Şweýsariýanyň “De Laval” kompaniýasynyň robotlaşdyrylan ulgamlary gurnaldy. Ol süýt önümçiligi ugurly maldarçylygy ösdürmekde iň döwrebap çözgütleri hödürleýär.
Bu nusgalyk kärhananyň düzüminde sygyr sagylýan bölümden başga-da, mallaryň umumy saklanýan bölümi, göleler üçin jaýlar, ot-iým ammary, sygyrlaryň göleleýän binalary, weterinar binasy bar. Zerur bolan ot-iým binýadyny döretmek üçin topluma arpa, mekgejöwen we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin 350 gektar ýer bölünip berildi.
Toplumda süýt we et önümleriniň dürli görnüşleri, şol sanda şöhlat önümleri, arassalanan süýt, gatyk, aýran, ýogurt, gaýmak, mesge ýagy, dorog, peýnir we beýleki önümler öndürilýär. Olary daşamak üçin sowadyjylary bolan ýörite awtoulag ulanylýar. Bu ýerde ulanylan döwrebap tehnologiýalar önümçiligiň ykdysady taýdan has bähbitli bolmagyna, ähli bölümlerde işleriň has oňaýly şertlerde ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny diňe bir etrabyň çäginde däl, eýsem tutuş sebitiň çäginde möhüm ähmiýetli waka diýip atlandyrmak bolar. Çünki, hut şu tehnologiýalar häzirki wagtda sebit we ýurdumyzyň oba hojalygy üçin örän wajyp bolan maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasyny kesgitleýär.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gerimi boýunça deňsiz-taýsyz gurluşyklaryň ýaýbaňlandyrylandygyny ýene-de bir gezek nygtamalydyrys. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde döredilen täze etrabyň merkezi bolan Ruhubelent şäherçesini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Halkymyzyň, her bir maşgalanyň, her bir raýatyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Häzirki wagtda bu ýerde, Şasenem, Aşyk Aýdyň we Diýarbekir tarp ýerlerinde ekin meýdanlarynyň müňlerçe gektary dolanyşyga girizildi, bugdaýyň we pagtanyň bol hasyly öndürilýär.
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda peýda bolan täze Bagtyýar zaman obasy döwletimiziň obada ýaşaýyş-durmuşyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, onda şäherdäki ýaly oňaýly durmuş şertlerini döretmek boýunça amala aşyrýan syýasatynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bu ýerde dürli ähmiýetli köpsanly desgalar, 500 maşgala niýetlenen amatlylygyň hemme şertleri bilen üpjün edilen 274 sany 1 gatly 4 otagly hem-de kottej görnüşli 226 sany 2 gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar guruldy. Olaryň hatarynda iş otaglary, zerur bolan enjamlar, kompýuter tehnikasy, degişli aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen ýerli dolandyryş üçin edara binasy bar.
Oba saglyk öýi ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär. Onuň iki gatly binasynda maşgala lukmanlarynyň, ýürek urşuny gözden geçirýän, ultra sesli barlag, rentgen, barlaghana, sanjym we beýleki otaglar bar. Şular bilen birlikde, gündizki ýatymlaýyn bejeriş we dermanhana oba adamlarynyň hyzmatyndadyr.
Çeper höwesjeňler döredijiliginiň ösdürilmegi, ilatyň, şol sanda ýaşlaryň sungat dünýäsine ýakynlaşmagy, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek üçin has oňaýly şertler we mümkinçilikler göz öňünde tutulan ajaýyp Medeniýet öýi hem täze obanyň ýaşaýjylarynyň ygtyýaryndadyr. Onda döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan 200 orunlyk giň tomaşaçylar zaly, wokal we horeografiýa bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen otaglar, şekillendiriş sungaty studiýasy we beýlekiler bar.
Täze obanyň “Miras” diýen uly söwda merkezi alyjylara esasan ýurdumyzda öndürilen dürli azyk we senagat harytlarynyň giň görnüşini hödürleýär. Obadaky “Döwletli” durmuş hyzmaty öýüniň, iki gatly 500 orunlyk “Toý mekany” binasynyň şäherdäkiden kem däldigini bellemek gerek.
Bagtyýar zaman obasynyň körpeleri üçin çagalar bagy we mekdep bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bina edilýän ähli mekdebe çenli çagalar hem-de umumybilim edaralary hökmany suratda öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zaman multimediýa we interaktiw bilim enjamlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi okuwçylaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almagyna mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, täze obada 550 telefon belgili, kabel hojalykly aragatnaşyk edarasynyň binasy guruldy. Bu bolsa oba adamlarynyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem obada degişli suw, tehniki we kömekçi desgalar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde zerur bolan ähli ulag we inžener-tehniki düzümler, şol sanda içki gara ýollar, suw geçirijiler, lagym we elektrik ulgamlary, gaz geçiriji çekilipdir.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Görogly, Boldumsaz we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda agyz suwy zawodlary gurulýar. Ýene-de bir döwrebap şäherçe Köneürgenç etrabynda döredilýär. Onuň ýaşaýyş jaý gaznasy dürli görnüşli kaşaň jaýlaryň ýüzlerçesinden ybarat bolar. Olaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda oba durmuşunyň we milli durmuşyň aýratynlyklary, şeýle hem türkmen maşgalalarynyň köp çagalylygy göz öňünde tutuldy. Şäherçäniň durmuş we medeni maksatly desgalarynyň hataryna umumy bilim berýän mekdep we çagalar bagy, Saglyk öýi we Medeniýet öýi, aragatnaşyk bölüminiň binasy, bazarly söwda merkezi, dükanlar we beýleki desgalar girer.
Geljekde täze ilatly ýerleriň töwereginde oba hojalyk önümçiligi ösdüriler, gaýtadan işleýän kärhanalar açylar. Munuň özi täze iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň döredilmegini üpjün eder. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleri ösdürmek boýunça başyny başlan maksatnamasynda obalaryň ýaşlar üçin özüneçekiji bolmagy, bu ýerde täze düşewüntli önümçilikleriň peýda bolmagy hem-de ýokary hünärli işgärleriň ornaşmagy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösmegi üçin ähli zatlar göz öňünde tutulýar.
Welaýatyň merkezi bolan Daşoguz şäheri özboluşly binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýan täsin täze desgalarynyň ençemesi bilen buýsanmaga haklydyr. Olaryň hatarynda Ruhyýet köşgi, N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we welaýat kitaphanasy, ak mermerli metjit, şeýle hem Oba hojalyk institutynyň binasy, “Ene mähri” saglygy goraýyş merkezi, “Bagt köşgi”, suw arassalaýjy zawod, dokma fabrigi, 10 müň orunlyk stadionly sport toplumy, köpugurly bazar, ýokary derejeli “Daşoguz” myhmanhanasy, lukmançylyk serişdelerini öndürýän kärhana we beýlekiler bar.
Şunda taryhy 400 ýyldan gowrak bolan şäheriň döwrebap düzümi medeni mirasa aýawly garamak bilen sazlaşykly utgaşýandygyny bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde XII-XIII asyrlaryň sepgidinde Köneürgenç türkmenleriniň uly we kuwwatly döwleti gülläp ösüpdir. Şol ýerde beýik akyldarlar, zehinli binagärler ýaşapdyr we döredipdir. Dünýä ylmynyň we medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan Nejmeddin Kubra we Mahmyt Zamahşary, Abu Reýhan Biruni we Ibn Sina, Mahmyt Pälwan, Nurmuhammet Andalyp ýaly beýik şahsyýetleriň we beýlekileriň atlary giňden meşhurdyr.
Daşoguz welaýatynyň çäginde dürli eýýamlaryň köpsanly binagärlik ýadygärlikleri saklanyp galypdyr. Munuň özi bolsa syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şol ýadygärlikleriň hatarynda, ilkinji nobatda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň täsin ýadygärliklerini görkezmek bolar. Türkmen binagärleriniň Orta asyr binagärlik sungatynyň ajaýyp desgalarynyň hatarynda Nejmeddin Kubranyň we Soltan Alynyň kümmetleriniň binagärlik toplumy, “Daş metjit” muzeýi we Törebeg hanymyň kümmeti, şeýle hem Daşgala ýadygärlikleri, Il Arslanyň, Tekeşiň kümmetleri, Merkezi Aziýadaky iň beýik minaralarynyň biri bolan Gutlug Temiriň minarasy we beýlekiler bar.
Gurluşyk baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Daşoguzda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüniň tutulandygyny bellemelidiris. Bu ýerde 1050 maşgala niýetlenen 4 gatly kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň 60-syny gurmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, taslamada ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatynda ýerleşjek dükanlary, şeýle hem durmuş maksatly beýleki desgalary – köp gatly awtomobil duralgasyny, 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebi we 240 orunlyk çagalar bagyny gurmak meýilleşdirilýär. Olarda türkmenistanlylaryň ýaş neslini döwrebap terbiýelemek üçin ähli şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Saglyk merkezi gurlar.
Kiçi we orta işewürligiň wekilleri hem durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Olar milli ykdysadyýetimiziň ençeme pudaklarynda, obasenagat toplumynda, dokma we azyk senagatynda, ulag ulgamynda, gurluşyk senagatynda we beýleki pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýeňillikli salgyt salmak we karz bermek babatda döwletimiziň düýpli goldawy hem-de ykdysadyýetiň hususy ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen beýleki çäreler telekeçiligi okgunly ösdürmäge ýardam berýär.
Şeýlelikde, häzirki wagtda Daşoguzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň toplumy gurulýar. “Tumar” hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan toplumyň umumy meýdany 3,66 gektara barabardyr. Onuň düzümine işewürler merkezi girer. Onda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň komiteti, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň şahamçasy we telekeçilik mekdebi ýerleşer. Işewürler merkeziniň iş otaglary zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün ediler. Bu ýerde okuwlary, ylmy-amaly we usulyýet maslahatlaryny, tanyşdyryş çärelerini, işewürler duşuşyklaryny hem-de jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ähli şertler dörediler.
Beýleki iki bina köpsanly dükanlary, supermarketi, çagalaryň oýun meýdançalaryny, banket zally “baýramçylyk merkezini”, surat we gözellik salonlaryny, çagalar meýdançasyny, wideoşekilleri işläp geçmek üçin niýetlenen studiýany, restoranlaryň ikisini öz içine alýan söwda-dynç alyş merkezi üçin niýetlenendir.
Ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilişini artdyrmak we olary ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna ýetirmek obasenagat toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwletimiz bu ugry goldamak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ekerançylaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, obanyň öý hojalyklaryna ýardam bermek hem-de wagtyň geçmegi bilen gök önümleri goňşy ýurtlara ibermek üçin şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda ýylyň bütin dowamynda şäherleriň we obalaryň ilatyny ter gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Olary şeýle işewürlik taslamalarynyň peýdalydygyna, olaryň ykdysady taýdan örän netijelidigine ýokary baha berýän ýerli telekeçiler gurýarlar. Bölekleýin söwda nokatlary hem, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary hem ýokary hilli ter önümlere uly isleg bildirýärler. Hemişelik işleýän ýyladyşhana hojalyklary ýylyň bütin dowamynda uly girdeji almaga mümkinçilik berýär.
Hemme ýerde et, süýt önümleriniň, gök önümleriň hem-de miweleriň kadaly saklanmagyny üpjün etmek üçin degişli düzümler döredilýär. Geçen ýylyň dekabr aýynda Daşoguz şäherinde 3 müň tonna gök önümleri saklamak üçin niýetlenen sowadyjyly ammar ulanmaga berildi. Täze desga Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça guruldy we Ýewropanyň esasy önüm öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.
Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen sowadyjy ulgam sowadyjy kameralarda gök önümleriň we miweleriň görnüşlerine baglylykda, kadaly howanyň hem-de çyglylygyň bolmagyna takyk gözegçilik eder we şeýle ýagdaýy saklar. Ammaryň otaglary awtomatlaşdyrylan howa çalşyş ulgamy bilen üpjün edildi. Munuň özi önümleriň harytlyk görnüşini saklamaga we ýokary hilini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Desganyň esasy bölegi sowadyjy kameralaryň 23-sinden ybaratdyr. Binada önümleri saýlamak we gaplamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň üçüsi ornaşdyryldy, ammar jaýlarynyň ählisi ýörite gaplar bilen üpjün edildi. Önümleri ýüklemek hem-de alyjylara ýetirmek üçin bu ýerde ýük ýükleýän elektrokarlar hem-de dürli ýük göterijiligi bolan awtorefrižeratorlar bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşandyny artdyrmak we onuň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak üçin suw üpjünçiligi meseleleriniň toplumlaýyn çözülmegini üpjün etmek, ekin dolanyşygyny kadalaşdyrmak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşan ýerleri dikeltmek, zeýkeş akabalary ulgamyny kadaly saklamak wajypdyr. Şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň netijeli işlemegi hem-de hojalygy rejeli dolandyrmagy üçin oňaýly şertleri döretmek, raýatlarymyzy döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem-de iş orunlary, şäherlerde we obalarda döwrebap durmuş hem-de ýol-ulag düzümi bilen üpjün etmek wajypdyr.
Şundan ugur almak bilen, welaýatyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmaga, maşyngurluşyk, oba hojalyk tehnikalaryny we önümçilik enjamlaryny abatlamaga ýöriteleşdirilen kärhanalary pugtalandyrmaga, azyk, et-süýt önümleriniň öndürilişini mundan beýläk-de ösdürmäge maýa serişdeleri gönükdiriler.
Welaýatyň ulag-üstaşyr ulgamyny ösdürmäge hem maýa serişdeleri goýberiler. Birmahallar, Beýik Ýüpek ýolunyň hereket eden döwründe bolşy ýaly, häzirki döwürde hem bu sebit Türkmenistanyň daşarky haryt dolanyşygyny artdyrmakda, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýen derejä eýe bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawçylaryň sowalyna jogap bermek bilen, ýakyn 7 ýylyň içinde welaýatda gazhimiýa toplumyny, bugturbina elektrik stansiýasyny, pagta egriji fabrigi, asfalt zawodyny, et hem-de süýt önümlerini öndürýän maldarçylyk hojalyklaryny we olary gaýtadan işleýän kärhanalary, gök önümleri gaýtadan işleýän hem-de pagta ýagyny öndürýän kärhanalary, un we un önümlerini öndürýän kärhanany, sanjym serişdelerini öndürýän kärhanany hem-de beýleki onlarça desgalary gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Sebiti ösdürmegiň Maksatnamasyny nazara almak bilen, Daşoguz welaýatynda ýakyn ýyllarda täze suwarymly ýerleri özleşdirmek hem-de ulanylýan ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek zerur bolup durýar.
Welaýatyň ilatynyň sanynyň artýandygyny göz öňünde tutup, durmuş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr. Hususan-da, 50-ä golaý mekdepleri, 20-den gowrak mekdep ýaşyna çenli edaralary, saglyk merkezlerini hem-de öýlerini we beýleki desgalary gurmak möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa ýakyn wagtda Daşoguz welaýatynda oba hojalyk tehnikasy üçin enjamlary öndürýän zawodyň taslamasyny taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrandygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanandygyny bellemelidiris. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň pikirlerini we başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny beýan etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden awtoulagda Daşoguz şäheriniň howa menziline tarap ugrady.
Bu ýerde, howa menzilinde, Aşgabada ugramazdan öň, hormatly Prezidentimiz wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň birnäçesiniň, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz demirgazyk sebite iş saparynyň jemini jemläp, soňky döwürde durmuş ulgamy bilen birlikde welaýatyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylýandygyny we senagat düzüminiň yzygiderli ösdürilýändigini, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna kuwwatly itergi berlendigini nygtady. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmagyň, Araly halas etmegiň meselelerini çözmegiň çäklerinde hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Şunuň bilen birlikde, durmuş we beýleki maksatly desgalaryň köpüsi – agyz suw zawodlary, sagaldyş merkezleri hem-de sport desgalary, mekdepler, çagalar baglary, medeniýet öýleri, hassanalar, suw geçirijileri, lagym ulgamlary, ýollar, elektrik geçirijiler guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Baglary döretmek meselesine aýratyn üns berilýär, hemme ýerde baglar köpçülikleýin ekilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, işlenip taýýarlanylan maksatnama laýyklykda, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz nebiti we gazy gaýtadan işleýän, himiýa we beýleki pudaklarda önümleriň köp görnüşlerini çykarýan döwrebap önümçilikleriň döredilmegini welaýatyň senagat düzümini ösdürmegiň esasy wezipeleriniň biri hökmünde görkezip, degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Şäherleri abadanlaşdyrmak, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meselelerine hem aýratyn üns berler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz oba zähmetkeşleri bilen bolan duşuşyklaryň barşynda aýdylan teklipleri hem-de islegleri içgin öwrenip, degişli meseleleri çözmek boýunça zerur çäreleri görmek barada görkezme berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygyna we Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary R.Bazarowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer ýokarda beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylýan maksatnama barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň senagat, durmuş düzümini mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerini üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, daşary ýurlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilaty ýylyň bütin dowamynda ter gök önümler we miweler bilen üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew demirgazyk sebitiň nebitgaz ulgamynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmäge gönükdirilen çäreleri görmegiň hem-de olary yzygiderli we iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz maslahatyň jemini jemläp, ýygnananlaryň ählisine eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny tamamlap, şu gün Aşgabada gaýdyp geldi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder