Hazarýaka bäşligi Bakuda geçirilen Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Ýörite iş toparynyň 48-nji mejlisinde birnäçe açyk hem möhüm ähmiýetli meseleleri ylalaşdylar, diýip Azerbaýjanyň DIM-niň orunbasary Halaf Halafow beýan etdi. Bu barada Intefaks-Azerbaýjan habar berýär.
«Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň taslamasyny taýýarlamak we işläp düzmek boýunça daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň 48-nji mejlisiniň jemlerini kanagatlanarly hasaplaýarys. Mejlisde birnäçe açyk we möhüm ähmiýetli meseleler ylalaşyldy» diýip H.Halafow respublikanyň döwlet HBS-lerine habar berdi.
Bakuda 2017-nji ýylyň 25-26-njy ýanwarynda Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň taslamasyny taýýarlamak we işläp düzmek boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň 48-nji mejlisi geçirildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder