Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Toparyň geçen 2016-njy ýylda geçiren işleriniň jemleri jemlenildi, bu düzümiň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe türkmen jemgyýetiniň demokratik we hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy amala aşyryldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara – hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukugy ulgamyndaky konwensiýalara goşulmak bilenbu resminamalaryň kadalaryny berjaý etmek boýunça netijeli çäreleri geçirýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn hukuk özgertmeleri hem aýdyň subutnamadyr, bu özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugynyň binýat goýujy ýörelgelerini hasaba almak bilen, kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylyga syny amala aşyrmak hem-de degişli teklipleri taýýarlamak boýunça çäreler Toparyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Toparyň 2017-nji ýyl üçin iş meýilnamasy ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, mejlise gatnaşyjylar “Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllarda adam hukuklary boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamasyny” hem-de “Türkmenistanda 2016-2018-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny”, şeýle hem “Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdiler, bu meýilnamalar döwlet Baştutanymyzyň ýörite Kararlary bilen tassyklanyldy.
Şunda bu resminamalaryň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek, şeýle hem halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalarynyň milli kanunçylyk we hukuk ulanyş tejribesine ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalary, ozaly bilen bolsa, BMG hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen emele gelen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Ýygnananlar şeýle hem halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny, milli hasabatlary, synlary taýýarlamak hem-de adam hukuklaryny goramak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen okuw maslahatlaryny, duşuşyklary, geňeşmeleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek baradaky pikiri beýan etdiler.
Pudagara toparynyň mejlisinde şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder