Mary, M.Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga ýerli häkimiýet edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dalaşgäriň ynanylan wekili M.Annanepesowyň terjimehalyny beýan edip, ony başarjaň we tejribeli hünärmen hökmünde häsiýetlendirdi.
M.Annanepesow duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, saýlawçylara öz maksatnamasyny beýan edip, dünýäniň ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk geljekde hem ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berer diýip belledi.
Dalaşgär ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de iň täze tehnologiýalar we ýokary netijeli enjamlaryň ornaşdyrylmagy esasynda daşary bazarlara uglewodorod serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini belledi.Dalaşgäriň belleýşi ýaly, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek işleri dowam etdiriler.
M.Annanepesow saýlawçylaryň obany özgertmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, welaýatlarda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, ilatyň saglygyny goramak barada geçirilýän işler boýunça sowallaryna jogap berdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder