Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Bu ýerde, Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň käbiriniň hem-de Lebap welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşine gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň senagat, tebigy-serişdeler hem-de üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen Lebap welaýaty boýunça jogapkär bellenilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň işini kämilleşdirmek, hususan-da, welaýatyň tebigy baýlyklaryny nazara almak bilen, himiýa senagatyny ösdürmek barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Gürrüň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça bilelikdäki türkmen-belarus taslamasynyň amala aşyrylmagy hakynda barýar.
Kaliý duzlarynyň iri ýataklary binýat bolup hyzmat etjek bu himiýa kärhanasynyň aýratyn möhümligi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiz üçin strategik desgada gurluşyk işlerini çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi. Kärhananyň işe girizilmegi himiýa senagatyny has-da ösdürmek, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açar.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe welaýatda işleriň ýagdaýy hem-de ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, welaýatda gurulýan senagat we durmuş-medeni maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginlerini artdyrmak, sebitiň senagat düzümlerini ösdürmek boýunça çäreleri görmek, obany özgertmek boýunça milli maksatnamany yzygiderli amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan ähli wezipeleriň Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy we olary çözmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam eder.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda dürli döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin halkara ähmiýetli awtomobil hem-de demir ýol köprüleriň bina edilmegi bilen döreýän giň mümkinçilikleri peýdalanmak boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň halkara logistik merkezi hökmünde ykrar edilmeginiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi diýip, wise-premýer sözüni dowam etdi. Halkara ähmiýetli ulag ýollarynyň, köprüleriň gurulmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara logistik merkezine öwrülmeginde möhüm ähmiýeti bolan üstaşyr- ulag geçelgeleriniň uly ähmiýetini bellemek bilen, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur tagallalaryň görülmelidigini nygtady.
Wise-premýer B.Atdaýew söwda we hyzmatlar ulgamynda dürli döwletler bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýdyp, gurulýan möhüm desgalary peýdalanmak arkaly halkara söwda dolanyşygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Lebap welaýatynyň çäklerinde gurulýan desgalaryň ähmiýetini belledi. Olaryň işe girizilmegi söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösüşine oňyn täsir etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Demir ýol we awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriniň, üstaşyr düzümiň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy halkara derejesindäki haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyny, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra ýurdumyzyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de Watan goragçylarynyň gününi mynasyp garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Iş maslahatynyň barşynda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işjeň häsiýete eýe bolmagy bilen ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlaryny, syýahatçylary degişli derejede hasapba almagyň tertibi we bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew öz nobatynda soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň artýandygyny, ýurdumyzda, hususan-da, Lebap welaýatynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işjeňleşýändigini nazara alyp, Gümrük gullugynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümlerinde harby gullukçylar üçin zerur şertleri üpjün etmek, olaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny, ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň başlangyçlaryny amala aşyrmak, iri sebit we halkara üstaşyr-ulag we logistik merkezi hökmünde onuň derejesini berkitmek bilen baglylykda awtomobil ýollaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalary amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw edip, maslahaty jemledi hem-de bu ýerden ugrady.
http://www.turkmenhabargullugy.com/turkmenistanyn-prezidentinin-lebap-welayatyna-is-sapary-baslandy/
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder