Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz we myhman mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegini nazara almak bilen, bilelikdäki işiň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, jenap Urban Rusnak ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge täze çemeleşmelri öz içine alýan möhüm halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe süren ýurdumyzyň işjeň ornuna ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda döwleti durnukly ösdürmegiň, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur almak bilen, dünýäniň esasy döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan soňky on ýylyň dowamynda maksada okgunly daşary syýasy işini alyp barmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine çekýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolmak bilen, ony dünýä bileleşiginiň hyzmatyna goýmaga çalyşýandygyny hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýändigini aýtdy. Hususan-da, tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de giňeltmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Netijeli we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň halkara hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilelikdäki işiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýän Energetika Hartiýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň teklibi boýunça kabul edilen BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz we myhman energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen umumy tagallalary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, bu ulgamda Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki iri halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdylar.
Energiýa ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de energiýany tygşytlamak, daşky gurşawy goramak dünýä energetikasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselesi bolup durýar. Jenap Urban Rusnak Türkmenistanda bu meselä – “ýaşyl ykdysadyýete” geçmek meselesine uly üns berilýändigini nygtady.
Türkmenistanda hem-de Ýewropada, Hytaýda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçiriljek halkara çäreleri sebit – Ýewropa we Günorta Aziýa ugurlarynda energiýa ulgamynda gatnaşyklary ilerletmäge ýardam eder.
Hususan-da, Aşgabatda, Brýusselde, Gonkongda we Nýu-Ýorkda – BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça Energetika Hartiýasynyň iri forumlaryny, bilermenleriň duşuşyklaryny, ýokary derejeli halkara maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak tutuş adamzadyň bähbitlerine laýyk gelýän uzakmöhletli we netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikldi dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder