29 Ocak 2017 Pazar

Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Muzeýinde Watan Goragçylarynyň Gününe Bagyşlanyp Sergi Açyldy

Onuň esasy aýratynlygy bu ýerde goýlan eserleriň köpüsiniň muzeý gymmatlyklarynyň goraghanasyndan alnanlygydyr. Olar millli çeperçilik sungatymyzda yz galdyran ägirt ussatlaryň ýiti zehininden dörän eserlerdir.
Sergi Stanislaw Babikowyň “Serhet goragynda” atly işi bilen açylýar, onda nakgaş döwlet serhediniň özüne ynanylan ýerine aýlanyp ýören iki sany atly esger şekillendirilipdir. Stanislaw Babikow eserlerinde hökman melewşe reňk ulanýar, bu onuň döredijilik tilsiminiň özbouşly aýratynlygydyr. Bu işinde ol öz halaýan reňkini jöwzaly tomus gününiň şöhlelerinde ýerleşdiripir.
Wladimir Pawloskiniň çeken surAty “parahatçylygyň goragynda” diýlip atlandyrylýar. Onda gaýa galyp barýan serhetçiler şekilendirilipdir. Eserde gaýa goýras, aşakdaky oba jaýlary açyk reňklerde berlipdir. Üýtgeşik tilsim ulanylyp çekilen özboluşly surat tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Aşyrjuma Nuryýewiň “Dynç alyşda” atly eserinde taktiki türgenleşiklerden soň cäge depelerinde dynç alýan esgerleriň suraty çeperçilik bilen çekilipir. Watan goragçylary wagtyny peýdaly geçirmek üçin gazet okaýarlar. Harby eşigiň cage reňki bilen utgaşygy esgerler bilen dogduk diýaryň topragynyň bütewidigini nygtaýar…
Belli nakgaş Durdy Baýramowyň “Watan goragynda” atly eserinde ýaşyl ýapraga bürenen baglarda ünsüň eglenýär. Ol tomaşaçynyň ünsüni ilki dogduk ülkäniň gül-pürçüge bürenen tebigatyna, soňra bolsa agşamky barlaga çykan serhetçilere gönükdirýär. Nakgaş onda durmuşda gabat gelmeýän reňkleri ussatlarça peýdalanypdyr.
Nikolaý Çerwýakowyň “Edermenlik’ atly eseri ýiti gün şöhlelerine baý. Onda alma agajynyň astynda çaý içip oturan esgerleriň ikisi bir ýaşula we çagajyklara özlerine medal berlen adatdan daşary ýagdaýda eden işleri barada gürrüň berýärler. Oglanjyklar batyr gahrymanlara buýsanç bilen bakýarlar. Ýaşulynyň gözlerinde mähir-muhabbet nurlanýar, ol hem öz ömründe görkezen gahrymançylyklaryny gürrüň berip biljek, bir gyzjagaz bolsa elindäki medala bakyp, ondan doýmaýar.
Suwly Ýaranowyň „Dynç alyşa“ atly eserinde iki gojanyň öýüne dynç alşa gelen esgeri öýüne ugradyp duran pursady şekilendirilipdir. Birneme aňyrrakda dogan-garyndaşlarydyr obadaşlary ony garşy almaga çykypdyr. Tebigatyň özi-de bu şatlykly pursada şärik ýaly görünýär—gülgüne röwüşli bulutlarda, säheriň sergin şemalynda, damarlak tut agaçlarynda yssy mähir duýulýar.
Baýramçylyk sergisindäki işleriň seresi türkmen çeperçilik sungatynyň ussady Yzzat Gylyjowyň „Arassa asman“ atly eseridir. Ol uçarmanlygy arzuwlaýan oglanjyklaryň yrylmaz dostlugy barada. Aerodromyň we radarlaryň golaýyndaky depede olar özüni arzuwyna we asmana golaý duýýarlar. Kim bilýär, belki olar uçarman bolnadyrlaram. Mowzugyna laýyklykda eser çalymtyl gök reňklerde çekilipdir. Bar zatda Yzzat Gylyjowyň döredijiligine mahsus nepis stlistik sazlaşyk, onuň hemişelik hemrasy bolan çeperlik duýulýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder