31 Ocak 2017 Salı

AFK-nyň Kubogy Ugrundaky Ýaryşda “Balkan” Myhmançylykda “Dordoý” Topary Bilen Deňme-deň Oýnady

Türkmenistanyň wise-çempiony “Balkan” AFK-nyň Kubogy—2017 ýaryşynyň deslapky tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirip, utulan çykdy ýaryşynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan Gyrgyzystanyň “Dordoý” topary bilen myhmançylykda deňme-deň (1:1) oýnady.
Ilkinji sekuntlardan başlap, gyrgyzystanlylar biziň futbolçylarymyzyň derwezesine ençeme hüjümleri geçirdiler. Ýöne “Balkanyň” goragy hem-de derwezeçi Alikper Kerimowyň ussatlyk bilen oýnamagy hasaby açmak üçin hemme synanyşyklaryň öňüni aldy. Birnäçe howply pursatlary döreden biziň türgenlerimiziň yhlaslary hem garşydaş derwezebanyň şeýle oýnamagyna getirdi. Birinji ýarymda hasap açylmady.
Arakesmeden soň, Türkmenistanyň topary tizligini artdyryp, “Dordoýyň” ýarym meýdançasynda oýnamaga geçmegi başardy. Ine-de 67-nji minutda biziň hüjümçimiz Nurtagan Mämmedalyýewiň ajaýyp urgusyndan soň, pökgi derwezä girdi: “Balkan” 1:0 hasap bilen öňe saýlandy. 78-nji minutda bolsa Alişer Azizow kelle urgusyny geçirip, hasaby deňledi. Bu hasap jemleýji jürlewüge çenli üýtgemän galdy.
Şeýlelikde, 7-nji fewralda “Balkan” öz öýünde “Dordoýy” kabul eder. Bu duşuşygyň ýeňijisi indiki tapgyrda “Hosilot” (Täjigistan)- “Şahin Asmai” (Owganystan) toparlarynyň arasyndaky oýunyň ýeňijisi bilen duşuşmaga çykar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder