21 Ocak 2017 Cumartesi

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasarynyň başlyklygynda Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.



http://www.turkmenhabargullugy.com/

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder