24 Ocak 2017 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň täze bellenen
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şarifzodany kabul etdi
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Ilçi öz ýurdunyň Gaşasyz hem Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy wezipesine bellenendigine örän şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Täjigistanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyna hem-de sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär we hemmetaraplaýyn goldanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi hem-de özygtyýarly Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny dünýäniň syýasy giňişliginde goldaýandygy üçin täjik tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, iň ýakyn goňşulary bilen özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny guramakda özüniň Bitaraplyk hukuk derejesini üstünlikli durmuşa geçirýär.
Türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda häzirki wagtda taraplaryň ikisiniň hem netijeli gatnaşyklaryň toplanan tejribesini baýlaşdyrmaga, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň bähbitlerine durmuşa geçirilýän täze giň möçberli taslamalar arkaly şol tejribäni has-da berkitmäge taýýardygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda we oňa gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan goldanylan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmak baradaky taslamanyň gurluşygyna üstünlikli girişilmegi bu babatda uly ähmiýete eýedir. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy sebit ulag ulgamynyň ösmegine täze itergi berer hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder.
Bellenilişi ýaly, bu örän wajyp taslamanyň durmuşa geçirilmegine biziň ýurtlarymyzyň Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň ugurlary we döwletara gatnaşyklarynyň has netijeli usulyny ýola goýmaga özara gyzyklanma bildirilmegi babatda garaýyşlarynyň umumydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy hökmünde baha bermek bolar.
Döwlet Baştutanymyz hem-de Täjigistan Respublikasynyň ilçisi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Farruh Homiddin Şarifzoda işinde üstünlik arzuw edip, diplomatyň özara bähbitlere laýyklykda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder