Hormatly Prezidentimiz Daşoguz şäherinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär bellenilen R.Bazarowa söz berildi. Wise-premýer welaýatda ilatyň, durmuş derejesini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýeti ösdürmek, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň işini kämilleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ilatly ýerleri agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş meýilnamasynyň çäklerinde welaýatda täze kärhanalar we suw geçiriji ulgamlar gurulýar, bar bolan kommunikasiýalaryň durky täzelenýär we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär.
Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuş-medeni maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak, welaýatyň senagat, durmuş we medeni düzümini has-da ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň möhüm meselelerini öz wagtynda çözmek bilen bagly meseleleri üns merkezinde salmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow döwlet Baştutanymyzyň welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, kärendeçileriň, daýhanlaryň işini höweslendirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi şeýle hem welaýatyň maliýe-ykdysady düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça işleriň netijeliligini üpjün etmek üçin degişli düzümleriň işini utgaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Welaýatyň çäklerinde hereket edýän önümçilik düzümleriniň, aýratyn-da hususy kärhanalaryň maliýe işiniň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Wise-premýer Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde bar bolan çig mal serişdelerini ylmy esasda özleşdirmek, sebitiň gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabatyň çäklerinde nebit-gaz önümçiligini köp ugurly esasda ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyldy.
Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly nebitgaz serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, bu babatda alnyp barylýan işleriň köpugurly esasda ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny amala aşyrmaga, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini çözmäge ýardam eder. Munuň özi sebitde we dünýäde sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow sebitiň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, tehnikalary we ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak bilen bagly işler, maldarçylyk pudagynda işleriň ýagdaýy, şol sanda mallaryň baş sanyny artdyrmak, ilatyň süýt we beýleki önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem gurluşygy dowam edýän desgalarda işleriň barşy, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda meýilleşdirilen toplumlaýyn işleri, şol sanda ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak hem-de şorlan ýerleri dikeltmek boýunça işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, demirgazyk sebitiň şäherleriniň we obalarynyň ilatyny agyz suwy, elektrik energiýasy bilen üpjün edilişine, döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Daşoguzdaky Oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem-de alymlary bilen bilelikde ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.
Soňra iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny, ony dost-doganlyk serhedine öwürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Şeýle hem ähli ulgamlarda tertip-düzgüni ýola goýmak, ýangyn howpsuzlygyny, ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.Hasabatyň dowamynda ýurdumyzda kanunçylygyň berk berjaý edilmegi, bu babatda ilat arasynda guralýan wagyz-nesihat çäreleri bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sagdyklyk we ruhubeletlik ýylynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, şahsy düzümleriň ýokary netijeli sporta işjeň çekilmegi bilen bagly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmekde täze üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder