Paýtagtymyzda ýol-ulag düzüminiň hem-de monumental binagärligiň täze döwrebap desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň bezegine öwrüldi.
Şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, hormatly ýaşulularyň, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar, ak mermerli paýtagtymyzyň täzelenmeginiň hem-de gözelliginiň özboluşly baýramçylygyna öwrüldi.
Şu günki wakalar mynasybetli paýtagtymyzyň Nurmuhammet Andalyp we Oguzhan köçeleriniň aýlawyndaky hem-de Nurmuhammet Andalyp we Görogly köçeleriniň aýlawyndaky meýdançalar baýramçylyk lybasyna beslendi. Şol ýerlerde bina edilen “Dowamat” we “Alaw” binalarynyň töwerek-daşy howa şarlary hem-de lentalar bilen bezeldi. Owadan türkmen halylaryndan döredilen konsert sahnalarynda köp sanly dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde döredijilik toparlary çykyş etdiler. Olarda eziz Watanymyzyň beýik gazananlaryny wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.
Açylyş dabaralarynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan, mähriban topragymyzy özgertmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriniň türkmenistanlylaryň şu günki we geljekki nesilleriniň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilendigini nygtadylar.
Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň belent derejesine kybap gelýän Aşgabadyň kemala gelýän täze keşbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan döredijiligiň we ösüşiň ruhuny özünde jemlemelidir.
Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň belent derejesine kybap gelýän Aşgabadyň kemala gelýän täze keşbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan döredijiligiň we ösüşiň ruhuny özünde jemlemelidir.
Raýatlarymyz üçin has amatly şertleri döretmek bu babatda esasy görkeziji bolmalydyr. Şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de tutuş döwlet syýasatyny amala aşyrmakda munuň özi esasy ýörelge bolmagynda galmalydyr. Milli binagärligiň iň gowy däplerini we dünýäniň şähergurluşyk babatdaky gazananlaryny özünde jemleýän, giň gerimde gurulýan döwrebap desgalaryň ählisi şu ýörelgä laýyk gelýär. Täze desgalar ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşyp, onuň görküni has-da artdyrýar.
Dünýä bileleşiginiň Türkmenistana gyzyklanmasy barha artýar. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlykda “Açyk gapylar”, dostluk we parahatçylyk syýasatyny ileri tutulýan ugur hökmünde öňe sürýär. Şunuň netijesinde Aşgabat iri halkara we sebit forumlarynyň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülýär. Bu çäreler bolsa syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Täze taryhy eýýamda paýtagtymyz halkara sport merkezine öwrüldi. Şu ýyl bu ýerde, Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.
Şäheriň taryhynyň ýyl ýazgysyna her gün täze binagärlik desgalary, kaşaň belent ýaşaýyş jaýlary, döwrebap ýollar we şaýollar, gür baglara bürenen seýilgähler, seýilbaglar, suw çüwdürimler toplumlary hem-de özboluşly binalar ýazylýar. Paýtagtymyzyň ýollarynyň aýlawly çatryklarynda bina edilen hem-de geçen ýyl Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda aşgabatlylara ajaýyp sowgat bolan heýkel binalary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Özboluşly “Dowamat” binasy Nurmuhammet Andalyp we Oguzhan köçeleriniň çatrygynda guruldy. Bu bina togalak şekilde bolup, 6 sany ýaý şekilli sütünlere bölünendir. Bu bolsa türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hanyň alty ogluny alamatlandyrýar. Binanyň ortasyndaky şekil bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, nesilleriň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň bitewüligini we jebisligini, onuň dünýäniň ähli halklary bilen parahatçylygy, dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylýandygyny alamatlandyrýar.
Nurmuhammet Andalyp we Görogly köçeleriniň aýlawynda gurlan “Alaw” binasy ýokarlygyna uzalyp gidýän üç sany ýaý şekilli sütünden ybaratdyr. Alaw, ojak rysgal-berekediň, bolçulygyň alamaty bolup durýar. Bu bolsa türkmen halkynyň bereketli we mukaddes saçagyna goýýan uly hormatydyr.
Nurmuhammet Andalyp we Görogly köçeleriniň aýlawynda gurlan “Alaw” binasy ýokarlygyna uzalyp gidýän üç sany ýaý şekilli sütünden ybaratdyr. Alaw, ojak rysgal-berekediň, bolçulygyň alamaty bolup durýar. Bu bolsa türkmen halkynyň bereketli we mukaddes saçagyna goýýan uly hormatydyr.
Gurluşygynda iň döwrebap binagärlik täzelikleri ulanylan binalar ýurdumyzyň gülläp ösýändiginiň, halkymyzyň bolelin we abadan durmuşda ýaşaýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Soňra dabaralar Nurmuhammet Andalyp köçesiniň we Gurbansoltan eje şaýolunyň kesişýän ýerinde dowam etdi. Şol ýerde halkara ölçegleriň ähli talaplaryna kybap gelýän üç derejeli täze awtomobil köprüsi guruldy.
Şu günki wakalara gatnaşyjylar dabara mynasybetli ýörite baýramçylyk lybasyna beslenen awtobuslarda Aşgabadyň täzelenen köçeleri boýunça gezelenç edip, nobatdaky desganyň açylýan ýerine geldiler. Döwlet tans toparynyň çykyşlary bu ýere ýygnananlaryň ruhubelentligini we baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.
Paýtagtymyzyň täze ulag düzüminiň taslamasy awtoulag ýollaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde uly işiň bir bölegi bolup durýar. Döwrebaplaşdyrmak işlerinde bolsa täze köprüleri hem-de ýol aýrytlaryny, köp gatly awtoduralgalary, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri gurmak, inžener-aragatnaşyk ulgamlaryny çalyşmak hem-de hereket howpsuzlygynyň döwrebap ulgamlaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň düzümleýin kommunikasiýa ulgamyny abadanlaşdyrmak, durkuny täzelemek hem-de giňeltmek, seýilgäh zolaklaryny bagy-bossanlyga öwürmek, şäheriň oňaýly ýaşaýyş ulgamyny döretmek maksady bilen ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär.
Özüne täze köprini, uzynlygy 380 metre barabar bolan tuneli hem-de köpriniň ýokarky aýlawly gatyny birleşdirýän täze desga şu ýerde ozal hereket eden we könelişen ulag kommunikasiýasynyň ornunda guruldy. Ýol aýrydynyň gurluşygynda öňdebaryjy inžener-tehniki işläp taýýarlamalar ulanyldy. Ol 8 sany iniş we münüş ýolundan ybaratdyr. Olaryň ählisi döwrebap we milli bezegiň ýörelgelerini ulanmak arkaly özboluşly binagärlik usulynda guruldy. Ýaşaýjylar üçin amatly bolar ýaly köprüde pyýada ýolagçylar üçin hem ýollar guruldy.
Tehniki çözgütleri durmuşa geçirmekde ýokary ýük göterijilik häsiýetnamalary, ýurdumyza mahsus bolan howa hem-de geologik şertler doly göz öňünde tutuldy. Seýsmiki durnuklylyk kadalary doly üpjün edildi — desgalaryň gurluşy 9 balla çenli ýer titremesine durnukly bolmaga ukyplydyr.
Özüniň tehniki häsiýetnamalary boýunça desga bildirilýän talaplaryň ählisine laýyk gelýär. Ýoluň ugrunda zerur bolan inženerçilik kommunikasiýalary, şol sanda suw akdyryjylar, bu ýerde ekilen baglar üçin damjalaýyn suwaryş ulgamy, tehniki zerurlyklar hem-de daşky yşyklandyryş üçin elektrik üpjünçilik ulgamy çekildi. Ýol belgileri hem berk we döwrebap serişdelerden taýýarlanyldy.
Täze köpriniň demir ýolundan geçen otlynyň sesiniň hem-de ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda täze awtoulag köprüsi açylýar.
Türkmenistanlylaryň ählisi eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli paýtagtyna tüýs ýürekden buýsanýarlar. Ýurdumyzyň baş şäherinde bolup geçýän özgerişlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu özgertmeler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini şertlendirdi.
Türkmenistanlylaryň ählisi eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli paýtagtyna tüýs ýürekden buýsanýarlar. Ýurdumyzyň baş şäherinde bolup geçýän özgerişlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu özgertmeler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini şertlendirdi.
Şeýle desgalaryň yzygiderli ulanmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň giň gerimine şaýatlyk edýär. Bu özgertmeler bolsa Aşgabadyň täze keşbinde öz beýanyny tapýar. Gözel paýtagtymyz okgunly ösýär, täze etraplary, senagat we seýilgäh zolaklaryny, ýaşaýyş jaý toplumlaryny döretmegiň hasabyna çäklerini giňeldýär. Ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan önümçilik, durmuş-medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport maksatly desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň baş şäheriniň gözelligini artdyrmak bilen çäklenmän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, ilata edilýän ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmekde hem möhüm orun eýeleýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder