TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) transmilli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşyk işleri ýokary depginler bilen dowam edýär. Taslamanyň bu böleginiň gurluşygynyň buýrujysy bolup «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz turbalaryny gurmak» boýunça Müdirligi çykyş edýär. Taslama işleriniň potratçysy hökmünde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazinžinerçilik we gurluşyk» müdirligi çykyş edýär. Gurluşyk-gurnama işlerini «Türkmennnebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» müdirligi ýerine ýetirýär.
Häzirki wagtda gaz geçirijiniň 208 müň metrinden gowragynda barlag we ölçeg işleri tamamlandy. Şeýle hem 7 müň metr uzynlykdaky bölekde 1420 millimetrlik turbalaryň kebşirleme we birleşdirme işleri tamamlandy. Turbalaryň birigýän ýerlerini izolirlemek, garymlary gazmak, turbalary çekmek boýunça işler dowam edýär.
Mundan başga-da, gaz geçirijiniň bütin dowamynda geçjek barlagçy ýolunyň gurluşygy amala aşyrylýar. Bu işi «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 4-nji mehanizirlenen işleriniň ýöriteleşdirilen edarasynyň 1-nji awtomobil kärhanasy alyp barýar. Köp sanly ýük tehnikalarynyň kömegi bilen olar çägeleri daşamak we ýoluň birinji örtügini ýazmak üçin ony taýýarlamak, şeýle hem ýoly suwa garşy durnukly hala getirmek boýunça işleri ýerine ýetirýärler. Taslama laýyklykda, ondan soňra toprak örtügini ýazmak meýilleşdirilýär.
Gaz geçirijiniň talaba laýyk işlemeginde barlagçy ýolunyň örän uly ähmiýeti bardyr. Ol gaz desgasynyň, ýerasty kömekçi ulgamlaryň we önümçilik desgalarynyň işine gözegçilik etmäge, şeýle hem gaz geçirijiniň galan böleginiň gurluşygy üçin gurluşyk materiallaryny eltmäge niýetlenendir. Ýoluň ini ýedi metrden gowrak bolup, ol Owganystan bilen serhede çenli gaz geçirijiniň türkmen böleginiň bütin dowamynda uzalyp gider.
Parahatçylygyň we durnuklylygyň taslamasy ady alan TOPH magistral gaz geçirijisiniň gurluşygy Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Ol günorta-gündogar Aziýa ýurtlaryna «mawy ýangyjy» uzakmöhletleýin ibermäge mümkinçilik berer. Bu bolsa sebitiň ykdysady taýdan ösmegine, onuň durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagyna goşandyny goşar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder