Soňky günlerde metbugatda Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) ýolbaşçysy Hamid Reza Araginiň türkmen tebigy gazynyň iberilişi we şonuň netijesinde ýüze çykan «maliýe garşylyklary» baradaky mesele boýunça aýdan zatlaryna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär.
Türkmen tarapy gazy satyn almak-satmak Şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny doly berjaý edip, birnäçe ýyllaryň dowamynda tebigy gazyň Eýrana üznüksiz iberilmegini üpjün etdi.
Şundan tapawutlylykda, Eýranyň milli gaz kompaniýasy (EMGK) uzak wagtyň dowamynda «take or pay» – «al ýa-da töle» ýörelgesini bozup, türkmen gazyny degişli möçberde almady. Mundan başga-da, EMGK-niň şertnama boýunça maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmezligi netijesinde, häzirki wagtda Kompaniýanyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň öňünde ägirt uly bergisi emele geldi.
Öň habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» DK-nyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna düýpli täsir edýän, degişlilikde onuň önümçilik işjeňliginiň peselmegine getirýän görkezilen borçnamalaryň netijesinde, türkmen gaz konserni eýran tarapa iberilýän gazyň möçberini çäklendirmäge mejbur boldy.
Hemmelere mälim bolşy ýaly, EMGK-niň türkmen tarapyna bolan bergileri bilen baglanyşykly meseleleri çözmek maksady bilen türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça köp sanly gepleşikler gurnaldy we geçirildi. Şol gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri eýran tarapynyň bergisini üzmäge gönükdirilen özara bähbitli dürli çözgütler teklipler edildi. Muňa garamazdan, gynansak-da, şular ýaly konstruktiw teklipler häzirki wagtda çenli eýran tarapyndan degişli goldaw tapmady.
Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň DIM-i türkmen tebigy gazynyň Eýrana iberilişi we şunda onuň ýolbaşçylyk edýän gaz kompaniýasynyň türkmen tarapyna emele gelen bergisi bilen baglanyşykly meseleleri birtaraplaýyn tertipde beýan etmäge çalyşýan jenap Araginiň aýdanlarynyň obýektiw bolmadyk we bir taraply häsiýete eýedigini nygtaýar.
Jenap Araginiň EMGK-nyň halkara arbitraž kazyýetine ýüz tutmagynyň mümkindigi baradaky ýatlatmasyna degişlilikde, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem Şertnama laýyklykda şular ýaly hukuga eýedigini ýatdalýarys. Şunuň bilen bir wagtda türkmen tarapy ýüze çykan ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.
Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder