31 Ocak 2017 Salı

Hazarýaka Döwletleriniň Prezidentleri Astanada, DIM-leriniň Ýolbaşçylary Aşgabatda Ýygnanyşarlar

Hazarýaka döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy Aşgabatda geçiriler, diýip Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow beýan etdi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.
«Duşuşyk Aşgabatda geçiriler. Duşuşygyň senesini kesgitlemek boýunça gepleşikler dowam edýär» diýip H.Halafow aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, şular ýaly çözgüt bakuda geçirilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň taslamasyny taýýarlamak we işläp düzmek boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň 48-nji mejlisinde kabul edildi.
«DIM-leriň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň netijeleriniň kanagatlanarly boljakdygyna umyt edýärin. Bu duşuşykdan soň, Astanada hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitini geçirmek meýilleşdirilýär» diýip ol belledi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder