“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji strategik okuw-maslahaty geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ÝB-niň wekilhanasy bilen bilelikde guralan foruma ýurduň birnäçe pudak edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşýarlar.
Çäreleriň deslapky meýilnamalary, milli bilim ulgamynda gazanylanlar, 2009-2013-nji ýyllarda amala aşyrylan ÝB-niň ozalky iki sany degişli ugurly taslamalarynyň netijeleri nazara alnyp, taslamanyň tehniki wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işçi toparlarda türgenleşik amallary, institusional mümkinçilikleri strategik meýilleşdirmek we ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de beýleki meseleler boýunça amaly sapaklar geçiler. ÝB-niň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” taslamasynyň tehniki wezipelerini (TW) berjaý etmäge has oňaýly çemeleşmeleriň kesgitlenilmegi onuň netijesine öwürler.
Okuw-maslahaty işini 29-njy ýanwarda tamamlar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder