Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütindünýä Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Liliýa Burunçukyň baştutanlygyndaky Bütindünýä Bankynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreler toplumy barada pikir alyşdylar. Taraplar Türkmenistanyň maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak üçin ileri tutulýan ugurlaryny we özgertmeleri, hususy kärhanalary we telekeçileri maliýeleşdirmegi giňeltmek boýunça strategiýasyny, durnukly ykdysady ösüş we howanyň üýtgemegi bilen bagly suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, taraplar durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi we institusional taýýarlyk meselelerine gyzyklanmalaryny bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag ulgamy we sebitleýin aragatnaşygy giňeltmek boýunça, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we suw diplomatiýasy babatyndaky halkara başlangyçlaryna ygrarlylygyny bildirip, Bütindünýä Bankynyň wekilleri Türkmenistanyň halkara meýdanynda wajyp ähmiýetini bellediler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder