4 Ocak 2017 Çarşamba

Nebitgaz Toplumy

Ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistan häzirki döwürde dünýäniň kuwwatly nebitgaz düzümli döwletleriniň hataryna girýär. Geosyýasy we ykdysady taýdan amatly ýerleşmegi, ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça syýasatyň işjeň durmuşa geçirilmegi, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistan ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde halkara derejesinde eýeleýän ornuny has-da berkitdi.
Ýurdumyzyň giň möçberli özgertmeler ýolunda gazanan üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly täzeçil syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlaryny düýpli özgertmeler gurşap aldy. Bu babatda 2016-njy ýylda hem guwandyryjy netijeler gazanyldy — türkmen ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň depginleri saklanyp galdy, önümleriň ähli görnüşleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberleri yzygiderli artdy, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirildi. Şu synymyzyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy bilen baglanyşykly möhüm wakalar barada durup geçeris.
Geçen ýyl ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda döwlet hem-de halkara derejesinde uly ähmiýete eýe bolan şanly wakalara hem-de ýokary görkezijilere baý boldy.
Türkmenistan energetika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen, energetika strategiýasynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy saklaýar. Şeýlelikde, türkmen “mawy ýangyjy” Hytaý Halk Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Bu ägirt uly halkara taslamanyň amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu strategiýa bolsa nebitgaz toplumynyň ykdysady kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalangyrmaga, energiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewraziýa yklymynyň iri bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilendir.
Ýakyn geljekde dünýäniň energetika kartasynda TOPH gaz geçirijisiniň peýda bolmagy ählumumy energetika bazarynyň möçberinde möhüm wakanyň alamatlandyrýar — Türkmenistan esasy nebitgaz döwletleriniň arasynda ilkinji bolup “mawy ýangyç” bilen üpjün etmekde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň iri strategiki hyzmatdaşlygynyň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, iri günorta-gündogar ýurtlarynyň, şol sanda Hindistanyň we Pakistanyň ykdysadyýetleriniň ýokary depginlerde ösýändigini, diýmek, şu bazarda tebigy gaza bolan islegiň ýylsaýyn artýandygyny bellemelidiris.
7-nji aprelde Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky, 24-nji mejlisi geçirildi.
“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň agzalarynyň Maýa goýum ylalaşygyny ylalaşmak we oňa gol çekmek mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy. Konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde “Türkmengaz” döwlet konserni TOPH gaz geçirijisini gurmak, maliýeleşdirmek, eýeçilik etmek hem-de ulanmak boýunça özara gatnaşyklara ýolbaşçylyk eder.
Duşuşygyň barşynda taslama gatnaşyjylar we onuň Tranzaksion geňeşçisi tarapyndan ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar diňlenildi. Ýygnananlar şeýle hem hukuk we tehniki meseleler bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ylalaşdylar we degişli çözgütleri kabul etdiler.
Ýygnananlar öz ýurtlarynyň bu gaz geçirijisiniň gurluşygynyň çalt amala aşyrylmagyna hem-de türkmen tebigy gazynyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ozal gazanylan, bilelikdäki işi işjeňleşdirmäge gönükdirilen ylalaşyklar boýunça beýleki birnäçe meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Taslamanyň ilerledilmeginde möhüm tapgyry alamatlandyran Maýa goýum ylalaşygyna gol çekildi.
Resminamada taslamanyň nobatdaky tapgyryny maliýeleşdirmek maksady bilen TOPH-nyň paýdarlarynyň ilkibaşda ABŞ-nyň 200 million dollaryndan gowrak möçberdäki goýumlary göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, gazanylan ylalaşyk taraplaryň ahyrky netijede dünýädäki iň iri energiýa serişdelerini iberijileriň birini Günorta Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrmaga ýardam etjek gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol ýurtlarda ýangyç serişdelerine uly isleg bildirilýär.
Türkmen gazy Hindistanda we Pakistanda “mawy ýangyja” artýan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam eder. 2030-njy ýyla çenli şol ýurtlarda islegler iki esse artyp biler. Mundan başga-da, ýangyjy üstaşyr geçirýän Owganystanyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrar. Bangladeş hem bu taslama gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. TOPH taslamasyny durmuşa geçirilenden soň, Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar.
Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýunda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň we Pakistanyň çäginde Türkmenistan — Owganystan — Pakitstan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlangyç tapgyryny maliýeleşdirmek üçin 45 million dollardan gowrak serişdäni bölüp bermek hakyndaky Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň degişli maliýe serişdelerini bölüp bermek hakynda kabul eden çözgüdi — bu “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “Gail (India) Limited” (Hindistan), “Inter state gas systems (Private) Limited” (Pakistan), “Afghan Gas Enterprise (Owganystan), TAPI” Pipeline Company Limited” kompaniýalarynyň we “Galkynysh Pipeline Company” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Maýa goýum ylalaşygyna laýyklykda turbageçirijiniň gurluşygyna gönükdirilen ilkinji serişdedir.
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda bu ägirt uly transkontinental energetika geçirijisiniň gurluşygyna başlanmagy sebit möçberinde, şeýle hem Türkmenistanyň energetika strategiýasyny mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda möhüm waka öwrüldi. Döwrebap ählumumy energiýa howpsuzlyk ulgamyny döretmek, şol sanda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny kemala getirmek şol strategiýanyň möhüm meselesi bolup durýar.
Häzirki döwürde “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri Owganystanyň serhedine çenli uzynlygy 214 kilometre barabar bolan turbageçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyny alyp barýarlar.
Ägirt uly “Galkynyş” gaz käni täze energiýa geçirijisiniň serişdeler binýady bolup hyzmat eder. Bu gaz känini abadanlaşdyrmagyň nobatdaky tapgyryna 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda belent mertebeli myhmanlaryň gatnaşmagynda badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan bu gaz känini abadanlaşdyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2013-nji ýylda bu ýerde kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza eýe bolan zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň beýleki geljegi uly ýataklarynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça gaz we gaz kondensat ýataklarynyň açylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Iri nebit we gaz gorlarynyň dünýä sanawyna girizilen Hazar deňziniň baý ýangyç serişdeleriniň özleşdirilmegi hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biridir. Hut şu ýerde, deňiz ýalpaklygynda hem-de kenarýakasynda ýakyn onýyllyklaryň dowamynda “gara altynyň” we “mawy ýangyjyň” çykarylýan möçberlerini ep-esli artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazy himiki taýdan gaýtadan işlemek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar — Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän hem-de Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzini (GTG) öndürýän zawodlar gurulýar. Bu senagat desgasy dünýäde tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzini öndürýän ilkinji desga bolar. Ony 2018-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Munuň özi 2 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Ýakyn geljekde gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça ýene-de birnäçe taslamalary durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär.
Tebigy gazyň düzümindäki maddalary, ýagny metany, etany we beýlekileri himiki taýdan gaýtadan işlemek, tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologiki zynjyryny döretmek ägirt uly netijeleri berýär: gazy himiki usulda gaýtadan işlemegiň derejesiniň ýokarlanmagy bilen alynýan himiki önümleriň bahasy hem has ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyz ençeme gezek, şol sanda Ýaşulularyň maslahatlarynda milli ykdysadyýetimiziň bu senagat pudagynda önümçiligi ösdürmegiň wajypdygyny nygtady.
Geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasy boýunça Maslahatyň 27-nji mejlisiniň geçirilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistan 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyk hökmünde yglan edildi.
Munuň özi ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatynyň ählumumy goldawa eýe bolýandygynyň hem-de hemişe işjeň orny eýeleýän we täze netijeli çözgütleri gözlemäge gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň dünýäniň işewürler toparlarynyň hem-de bilermenler jemgyýetçiliginiň arasynda uly seslenme döredýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Halkara energetika hyzmatdaşlygy döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mejlisiň işiniň barşynda Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigini hem-de energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça düýpli gatnaşyklary ýola goýmaga, energetika howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen tagallalary birleşdirmek babatda öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigini aýratyn nygtady.
Biziň ýurdumyz Energetika Hartiýasyny dörediji taraplaryň biridir we Türkmenistanyň başlyklyk etmegi, ilkinji nobatda, halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga, dünýä energetikasyny ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hil taýdan täze gepleşikler meýdançasyny döretmäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Dünýäniň onlarça ýurdy şol Kararnamalaryň awtordaşlary bolup çykyş etdi.
Türkmenistan bu halkara guramasynyň işine ýolbaşçylyk etmek bilen, özüniň ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirýär.
Energetika meseleleriniň ählumumy häsiýete eýe bolmagy energetika meselesini türkmen diplomatiýasynyň binýatlaýyn ugurlarynyň hataryna çykardy. Halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdelerini uly möçberli iberýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň oňa gatnaşmagy bu diplomatiýanyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.
Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň nugtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýäde iň iri energetika kuwwatlyklarynyň birine eýe bolmak bilen, adalatlylyk, önüm öndüriji hem-de üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny berjaý etmek ýörelgeleri esasynda ýola goýlan ählumumy energiýa howpsuzlygynyň durnukly ulgamyny döretmäge çalyşýar. Özara bähbitli we uzakmöhletli hyzmatdaşlyga esaslanan hem-de bitewi ýörelgeler we kadalar esasynda kemala getirilen energetika hyzmatdaşlygy dünýä bileleşiginiň okgunly ösüşiniň girewidir.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda, ilkinji nobatda, özüne energiýa çeşmelerine we olary eltmegiň serişdelerine howpsuz hem-de kepillendirilen elýeterlilik meselelerini çözmegi birleşdirýän energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi ählumumy häsiýete eýedir. Ol dünýäde umumy, şol sanda ekologiýa ýagdaýyna uly täsir edýär. Energetika Hartiýasynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, köp şahaly turbageçiriji ulgamy döretmegiň hasabyna energiýa serişdeleriniň eltilmegini üpjün etmäge ukyply ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiki ugry bolup durýandygyny bellemelidiris. Bu strategiki ugruň durmuşa geçirilmegi diňe bir energiýa serişdelerini iberýän, olary üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlaryň arasynda däl, eýsem gyzyklanma bildirýän taraplaryň hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we Energetika Hartiýasynyň arasynda energetika hyzmatdaşlygynyň toplumlaýyn ösdürilmegini göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde döwletimiziň garaýyşlaryny anyk beýan etdi. Energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny döretmek şol garaýyşlaryň özenini düzýär. Türkmenistanyň bu mesele boýunça garaýyşlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy. Munuň özi ýörite Kararnamalar bilen berkidildi.
Ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilende, halkara kadalaryň we ülňüleriň berk berjaý edilmegi hökmany şert bolup durýar. Şunda ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda çykyş etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmek babatda ýurdumyzyň üstüne düşýän jogapkärçilige ýokary derejede göz ýetirýär.
Türkmenistanyň Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda anyk kesgitlenen şu ugurlara: taýyn önümi almak hem-de ony eksport etmek üçin uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge; täzeden dikeldilýän energiýa serişdelerini peýdalanmaga; energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmäge; energiýanyň netijeliligini we energiýanyň tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga; energiýany ulanmagyň netijesinde daşky gurşawa täsiri peseltmäge; dünýäde energiýa bolan ösen islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, maýa goýumlary höweslendirmäge hem-de Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň maýa goýum ýagdaýlaryny gowulandyrmaga; Hartiýanyň düzümine täze ýurtlaryny çekmäge aýratyn üns berer.
Energetika ulgamynda giň we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk XXI asyrda dünýäde bolup geçýän durnukly hem-de öňdengörüjilikli ýagdaýlaryň esasy ölçegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýşy ýaly, energetika giňişliginiň häzirki zaman gurluşynyň geljegi, haýsy ýörelgelerde dörediljekdigi, onuň howpsuzlygy we durnuklylygy — bularyň hemmesi köp babatda ählumumy ösüşiň umumy ugruny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika bazaryny göreşiň ýa-da bäsleşigiň meýdanyna öwürmek geçmişde galmalydyr, şeýle çemeleşmeler häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýlaryna, senagat tehnologiýalarynyň ölçeglerine laýyk gelmelidir diýip belleýär.
28-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Ymamnazar demir ýol menzilinde transmilli polat ýoluň — Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Gatnawlaryň sebit ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrüljek Atamyrat — Ymamnazar — Akina täze ýoly işe girizmek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz teleköpriniň kömegi bilen göni aragatnaşyk arkaly adybir gümrük nokadynda gurlan, nebit önümleriniň kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga niýetlenen terminalyň işine ak pata berdi. Bellenilişi ýaly, 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Türkmenistandan Owganystana dürli ýükleriň iberilýän möçberi hem artdy. Bu görkeziji 2016-njy ýylda 1,4 million tonnadan gowraga barabar boldy. Iberilen ýükleriň aglaba bölegi nebit önümlerinden hem-de suwuklandyrylan gazdan ybaratdyr.
Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy terminala gije-gündiziň dowamynda bir wagtda nebit önümleriniň 540 müň tonnasyny ýa-da ýangyç serişdeleriniň 2 müň tonnasyny kabul etmäge, saklamaga hem-de ugratmaga mümkinçilik berýär. Dabara gatnaşyjylara monitorlarda demir ýol çeleklerinde terminala nebit önümleriniň getirilişi, kabul edilişi, Owganystanyň serhedinde ýörite turbalar arkaly berlişi, soňra bolsa ugratmak üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglara ýüklenilişi görkezildi.
8-nji noýabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul Razagyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Malaýziýa syýasy-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda Türkmenistanyň möhüm hem-de öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Malaýziýanyň iri “Petronas Çarigali” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk bu ulgamda ikitaraplaýyn kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu kompaniýa ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň deňiz ýataklarynda işläp başlady.
“Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işini giňeltmek, şol sanda gaz ulgamynda ýokary tehnologiýaly taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Tehniki ugurly ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak bilelikdäki işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň hem-de “PETRONAS” tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi bu ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer.
Geçen ýyl Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilenden plýonka öndürmek boýunça sehiň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar, ýakyn wagtda ony ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary oktanly benzinleri öndürýän desgany döwrebaplaşdyrmak işleri tamamlandy. Bu işler çig mally rejeli ulanmaga, önümçilik ýitgilerini azaltmaga we degişlilikde nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugynyň koeffisientini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talaplaryna laýyklykda bu desgalaryň ählisi hil we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň halkara görkezijileri nazara alnyp guruldy.
“Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni geçen ýyl durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini, şol sanda Aşgabady ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynyň çäklerinde 66 öýli, dükanly 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny amala aşyrdy we ulanmaga berdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli, 350 orunlyk “Gämi” myhmanhanasy guruldy. Onuň 3-13-nji gatlarynda 2 orunlyk otaglaryň 120-si, ýokary derejeli “Delux” kysymly 4 orunlyk otaglaryň 18-si hem-de VIP derejeli 4 orunlyk otaglaryň 10-sy ýerleşdirildi. Şeýle hem Awazada 3 million kub mertlik suw howdany guruldy, Aşgabatda bolsa nebitgaz pudagynyň Medeni-işewürlik merkezi ulanmaga berildi.
2016-njy ýylyň geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri boýunça “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan iki ýatak, bir gaz we bir gaz kondensat-degişlilikde Çelekbaý we Halkabat ýataklary açyldy.
Çelekbaý ýatagy Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýär. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” müdirligi tarapyndan burawlanan birinji guýudan 4511-4503 metr çuňlugy synagdan geçirmegiň netijesinde gije-gündizdäki debiti 1 million kub metrden gowrak tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu tebigy gor senagat derejesine degişlidir we demirgazyk-günbatar ugurda Galkynyş käniniň gaz ýatakly zolagyny giňelder.
Halkabat ýatagy Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň çäginde ýerleşýär. Täze ýatagyň meýdany 18,2 inedördül kilometre barabardyr. Düzümiň beýikligi 35 metrdir. Bu ýerde, 3070-3064 metr çuňlukda kükürtsiz gazyň 181 müň kub metrden gowrak möçberdäki senagat akymy alyndy, ondaky kondensatyň möçberi 32 kub metrden gowrakdyr.
Halkabat meýdançasynyň ozal ýüze çykarylan, häzirki wagtda işlenip geçilýän Kükürtli, Babaarap we Kerwen gaz hem-de gazkondensat ýataklarynyň orta böleginde ýerleşýändigini bellemek gerek. Gazyň düzüminde kükürdiň ýoklugy hem-de gaz senagatynyň ösen düzüminiň golaýynda täze ýatagyň açylmagy bu ýatagy ýakyn geljekde işe girizmäge mümkinçilik berer.
Her ýyl Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly pudaklaýyn sergiler hem-de maslahatlar, Gaz kongresi, halkara maýa goýum we işewürler forumlary dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle duşuşyklaryň geçirilmeginiň başyny başlap we goldap, bu forumlaryň ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz mümkinçiliklerini görkezmek hem-de hyzmatdaşlary gözlemek babatda oňat meýdança bolup hyzmat edýändigini belleýär. Dünýäniň iri energetika we maşyngurluşyk kompaniýalary serginiň diwarlyklarynda iň soňky gazananlaryny hem-de täze tehnologiýalaryny görkezýärler. Olaryň hatarynda ulag gaz gatlaklaryny ýüze çykarmak, tebigy gazy çykarmak, arassalamak, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, uglewodorod serişdelerini ibermek, gury ýerde hem-de deňizde senagat desgalaryny abadanlaşdyrmak, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça tehnologiýalar bar. Şeýle hem bu ýerde nebit we gaz guýularynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tehnologiýalar, dürli ölçeg enjamlary, turba we bu ulgamda ulanylýan beýleki köpsanly önümler görkezilýär. Nebithimiýa we gazhimiýa ulgamlarynyň gazanýan üstünlikleri hem giňden beýan edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ulgamlary ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Halkara ylmy maslahat oňa daşary ýurtlardan gatnaşýanlara ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary we ulgamy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň bu binýatlaýyn ulgamynda amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeleriň gerimi hem-de dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir.
Halkara gaz kongresi hem bu ulgamda işleýän hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle duşuşyklar özara gatnaşyklaryň has netijeli ýollaryny gözlemek işinde möhüm orun eýeleýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara enjamlary, döwrebap tehnologiýalary ibermek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda hyzmatlaryny teklip etmäge hem-de türkmen kärdeşleri bilen göni gepleşikleri geçirmäge ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Netijeli gepleşikler bolsa geljekde Türkmenistanyň baý ýangyç-energiýa serişdelerini netijeli özleşdirmäge hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara öwrülip biler.
Gaz kongresiniň mowzugy gaz pudagynyň meselelerini we ösüşiniň geljegini şöhlelendirýär, sebitara energiýa üpjünçilik ulgamynda strategiki çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Forumyň işewür maksatnamasynyň çäklerinde köpsanly okuw maslahatlaryny hem-de tanyşdyryş çärelerini öz içine alýan çäreler geçirilýär. Giň möçberli sergi bilen birlikde işewürlik maksatnamasy ählumumy pudak forumy hökmünde kongresiň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň okgunly ösmegi ýakyn onýyllykda Türkmenistanyň diňe bir ýurduň bähbitleri üçin däl, eýsem, sebit we dünýä möçberinde özüniň energiýa kuwwatyndan netijeli peýdalanyp, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyryljakdygy barada ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, 2016-njy ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça nebitgaz toplumynyň kärhanalary tarapyndan maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 154,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen iri pudaklaýyn taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň kärhanalaryna we hünärmenlerine uly ynam bildirýär. Häzirki wagtda türkmen konsernleriniň önümçilik mümkinçilikleri, işgärleriň ýokary hünär taýýarlygy hem-de milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwaty halkara derejeli, giň möçberli we örän çylşyrymly tehniki taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Ýakyn geljekde türkmen hünärmenleriniň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň mümkinçilikleriniň dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem gerek bolmagy gaty ähtimaldyr.
Bazar gatnaşyklaryň ösdürilmegi, oba hojalyk toplumyna maýa goýumlarynyň möçberleriniň artdyrylmagy, Aziýa we Ýewropa ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi, haryt öndürijileriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy-bularyň ählisi Türkmenistanyň ýakyn ýyllar üçin strategiki ösüşiniň esasy ugurlarydyr. Olar ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna ynamly goşulyşmagyna ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz bu syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dürli derejedäki halkara duşuşyklarda türkmen tarapynyň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda giň we ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny belleýär.
Halkara bileleşigi tarapyndan tassyklanan kadalara hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň maksatlaryna we talaplaryna laýyk gelýän “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” hem-de “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunlarynyň kabul edilmegi daşary ýurt maýalaryny çekmäge hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Kanunlar milli we daşary ýurt maýadarlary hem-de kompaniýalary üçin amatly şertleri we kepillikleri döredýär, olaryň işini kadalaşdyrýar, nebitgaz ulgamynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil pikirlenmäge hem-de uzakmöhletli wezipeleri kesgitlemäge esaslanýan energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda dünýäniň esasy önüm öndürijileri we nebitgaz enjamlaryny iberijileri bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Ýangyç çig malyny çykarmak ulgamynda iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalara aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda günbatar ýurtlaryň kompaniýalary ýurdumyzyň nebitgaz senagaty uly üns berýärler. Örän gysga döwrüň içinde türkmen hünärmenleri geologiki we gidrodinamiki modelirlemegiň, üç ölçegli seýsmobarlaglaryň, gatlaklary özleşdirmegiň we keseleýin burawlamagyň tehnologiýalaryny özleşdirdiler.
Geologiýanyň we geofizikanyň, nebitgaz ylmynyň we tejribesiniň ösüşinde gazanylan üstünlikler, nebit we gaz senagatynyň täze tehnologiýalary, çuňňur burawlamagyň tehniki mümkinçilikleri uly çuňlukda, çylşyrymly geologiki şertlerde ýerleşen ýangyç ýataklaryny işläp taýýarlamakda giň mümkinçilikleri açdy.
Kompýuter tehnologiýalarynyň uly kuwwaty üç ölçegli gidrodinamiki modelirlemegiň hem-de nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmegiň ähli tapgyrlarynyň sazlaşykly alnyp barylmagynyň usullaryny ösdürmekde ep-esli öňegidişlik gazanylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Ýapgytlaýyn guýular nebitiň we gazyň çykarylyşynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrýan netijeli tehnologiýa bolup durýar. Şeýle usul, ilkinji nobatda, uglewodorod serişdeleriniň suwly ýataklardan almak üçin ulanylýar. Düýpli işler nebit we gaz ýataklarynyň işläp geçmegiň adaty tehnologiýalaryndan ýataklary, dolandyrmak tehnologiýalaryny, ýataklaryň uglewodorod ulgamyna täsir etmegiň gurallaryny we usullaryny döretmäge geçmäge mümkinçilik berýär.
Nebit we gaz ylmy häzirki döwürde täze ösüşe eýe boldy. Munuň özi nebit we gaz ýataklaryny gözlemek we işläp geçmek bilen baglanyşykly tutuş ulgamyň kompýuterleşdirilmeginiň giň gerime eýe bolmagy, düýpli barlaglaryň gazananlarynyň nebiti we gazy çykarmak we ibermek tehnologiýasyna ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir. Munuň özi bolsa nebit we gaz senagatyny ösdürmegiň innowasion tapgyryna geçmäge şertleri döredýär. Döwletimiziň bu babatda dünýäniň iri kompaniýalary hem-de ylmy merkezleri bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, olaryň tejribesini öwrenýär, öz tejribesini paýlaşýar we şeýlelikde, pudagyň geljegi üçin oňaýly şertleri döredýär.
Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli senagat maksatnamasy daşky gurşawy goramak meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyz halkara bileleşiginiň bug gazlarynyň zyňyndysyny kemeltmek baradaky tagallalaryny goldamak bilen, kem-kemden “ýaşyl” ykdysadyýete, senagatda, şol sanda nebitgaz, elektroenergetika we ulag pudaklarynda ekologiýa taýdan howpsuz we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary, ulanmaga geçýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça Rio+20 maslahatynda, şeýle hem Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren başlangyçlary bu ulgamda öňde durýan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin täsirli köptaraply gurallary döretmek baradaky teklipler bar. Hazar deňziniň täsin biologiki toplumy, sözüň doly manysynda, tutuş adamzadyň gymmatlygy bolup durýar.
Türkmenistan özüniň ägirt uly energetika kuwwatyny diňe bir milli bähbitler üçin ulanman, eýsem dünýäniň halklarynyň ösüşiniň we abadançylygynyň, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmaga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de olary dünýä bazarlaryna eltmegiň köpugurly ýollarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen oýlanyşykly energetika strategiýasy hem hut şu maksatlara hyzmat edýär.
Şeýlelikde, 2016-njy ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary tarapyndan pudagyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça möhüm işler amala aşyryldy. Ýöne, öňümizdäki ýyllarda ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň işgärleri has uly wezipeleri çözmeli bolarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder