2 Ocak 2017 Pazartesi

Türkmen Halkynyň Täze Ýyl Arzuwlary Ruhubelentlige we Ynama Beslenýär

Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçen 2016-njy ýyly ugradyp, Täze, 2017-nji ýyly uly dabaralar bilen garşylady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze ýylda bize köp sanly uly ähmiýetli iri wakalar garaşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bar. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda Täze ýyly Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan etmeklik teklip edildi.
Saglyk — munuň özi şahsy babatda bolşy ýaly, durmuş-ykdysady we ählumumy ulgamdaky köpugurly gymmatlyk bolup durýar. Bu bolsa şahsy we jemgyýetçilik ösüşiň möhüm serişdesidir. Beýik maksatlar bilen ruhlanyp, öz ykbalymyzy berkarar edýäris. Durmuş ýolumyzy berkidýäris. Onuň bagtly, abadan bolmagyny görmek isleýäris. Her pursatda batyrgaý çözgütleri hem-de ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen uly üstünlikleri gazanýarys we belent sepgitleri eýeleýäris. Biz muňa buýsanmaga haklydyrys.
2016-njy ýyl Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysyna uly zähmet ýeňişleri, belent sepgitler we beýik başlangyçlar bilen girdi. Ägirt uly taslamalar amala aşyryldy, täze pudaklaryň binýady tutuldy, ýurdumyzyň halkara abraýy ýokarlandy. Öňde bolsa giň möçberli wezipeler dur. Biz olaryň ýerine ýetirilmegine milli, sebitleýin we dünýä derejesindäki uly geljegi bolan wezipeler hökmünde uly ruhubelentlik bilen çemeleşýäris.
Ýurdumyzyň Baş arçasynyň oturdylan ýeri bolan paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezi baýramçylyk dabaralarynyň esasy geçirilýän meýdançasyna öwrüldi. Dabarany guraýjylaryň yhlasly tagallasy netijesinde bu meýdança baý bezegi bolan, gyşky görnüşleri ýatladýan şekiller, köp öwüşginli yşyklar, köp sanly täze ýyl arçasynyň bezegleri bilen özboluşly keşbe giripdir.
Bu ýerde baýramçylyk agşamynda köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary dabaralara gatnaşdylar. Aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Uly dabaranyň we agzybirligiň jemlenmesinden emele gelen baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär.
… Medeni dynç alyş merkeziniň öňünde taýýarlanylan sahnada baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Dabarany alyp baryjylar ähli watandaşlarymyzyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli gutlag sözlerini aýdýarlar we döwlet Baştutanymyza bagt, berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlik arzuw edýärler.
Meşhur estradaçylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Täze ýyl baýramynda” diýen aýdym baýramçylyk maksatnamasynyň başyny başlady. Bu joşgunly aýdym-sazly çykyş hem-de beýleki folklor we tans toparlarynyň çykyşlary Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlandy. Dürli görnüşdäki aýdym-sazly çykyşlar, estrada aýdymlary, şol sanda daşary ýurt wokal eserleri dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirler galdyrdy. Soňra bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren “Hoş geldiň Täze ýyl!” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemini jemledi.
Soňra dabarany alyp baryjy paýtagtymyzy ýurdumyzyň ähli welaýat merkezleri bilen baglanyşdyrýan teleköpriniň başlanýandygyny yglan edýär. Welaýatlarda guralan baýramçylyk dabaralaryny alyp baryjylar hormatly Prezidentimizi we ähli watandaşlarymyzy ýagşy umyt-arzuwlaryň amal bolmagyna gönükdirilen nurana arzuwlar bilen baglanyşdyrylýan Täze ýyl bilen gutladylar.
“Goý, Täze ýyl beýik maksatlara beslensin, goý, ol Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyza we tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk eçilsin! Goý, 2017-nji ýyl agzybir halkymyz üçin rowaçlyklaryň we täze zähmet üstünlikleriniň ýylyna öwrülsin!”.
Bu ýerde guralan teleköprüniň mümkinçiligi arkaly Aşgabatda geçirilen Täze ýyl baýramçylygyna ýurdumyzyň welaýatlary gezek-gezegine goşulýarlar. Bu gün ýurdumyzyň sebitleriniň merkezlerindäki meýdançalarda welaýatlaryň ýaş aýdymçylarynyň, ussat ýerine ýetirijileriniň, döredijilik toparlarynyň we köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda belent ruha beslenen baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýanlaryň hatarynda hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýaşlar, dürli pudaklaryň işgärleri we çagalar bar.
Ilki bilen teleköprä Ahal welaýaty birikdirilýär. Onuň dowamynda gutlaglar, baýramçylyk goşgulary okalýar. Bu waka mynasybetli ýörite taýýarlanylan aýdym-sazly çykyşlara orun berilýär.
Soňra wideoaragatnaşyga Balkan welaýaty çykýar. Deňiz ýakasynyň ilatynyň adyndan olar hormatly Prezidentimizi we ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlap, sebitiň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde Täze ýyla bagyşlanan döredijilik çykyşlaryny ýaýbaňlandyrýarlar.
Soňra nobat Daşoguz welaýatyna ýetýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ilaty, döredijilik toparlary baýramçylyk çykyşlarynyň üsti bilen tutuş ýurdumyzyň halkyna gutlag sözlerini ýetirýärler.
Bu ýerde guralan teleköpri Lebap welaýatynyň wekilleriniň ajaýyp çykyşlary bilen dowam edýär. Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular we çagalar türkmen halkyny, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutladylar. Welaýatyň sungat ussatlary şanly waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrdylar.
Mary welaýatynyň wekilleri, öz gezeginde tutuş sebitiň ilatynyň adyndan dabara gatnaşyjylara, hormatly Prezidentimize gutlag sözlerini ýetirdiler. Zähmetkeşleriň, ösüp barýan ýaş nesilleriň çykyşlaryndan soň estradaçylara orun berilýär. Olar aýdym-sazlary ýerine ýetirýärler.
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan teleköpriniň ahyrynda Aşgabat şäheriniň wekilleri, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança ýygnananlar, hormatly ýaşulular we mekdep okuwçylary ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ilatyny tüýs ýürekden gutlaýarlar we iň gowy arzuwlaryň amala aşmagyny, uly zähmet üstünliklerini arzuw edýärler. Goşgular we aýdymlar ýaňlanýar. Meşhur aýdymçylaryň, tans toparlarynyň çykyşlary uly dabaralara beslenýär.
Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan aýdylan baýramçylyk gutlaglaryny jemlemek bilen, dabarany alyp baryjylar Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegini, Watanymyzyň halkara abraýynyň ýyl-ýyldan belende galmagyny, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyny arzuw edýärler.
Şeýle hem tutuş ýurdumyzyň ilatynyň adyndan Watanymyza gulluk etmekde ýadawsyz iş alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýeten derejesiniň sazlaşykly ösüşiniň depginleri ahalteke bedewleriniň badyny ýatladýar.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Bu ýerde gurnalan monitorlarda göni ýaýlym arkaly “Oguzhan” köşkler toplumyndan hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy eşitdirilýär.
Meýdança ýygnananlar we telewizorlaryň öňünde oturan millionlarça ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňleýärler. Garaşsyz Watanymyza, onuň häzirki döwrüne we geljegine bolan ägirt uly buýsanç duýgulary şu tolgundyryjy hem-de dabaraly pursatlarda ähli türkmenistanlylary birleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemini gysgaça jemläp, 2016-njy ýylyň ýurdumyzyň we halkymyzyň gyzyklanmalarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde belent sepgitlere beslenendigini belledi. Özygtyýarly Watanymyzy ösdürmek, milli gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Milli ykdysadyýetimiziň we halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köp sanly iri desgalar guruldy.
Geçen ýylyň birnäçe ähmiýetli gurluşyklary we pagtadan, bugdaýdan bol hasyl alýan ýer eýeleriniň, şeýle hem telekeçileriň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşýan goşandyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ulgamyny nazarlaýan bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň ösüşini belläp, hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş, bilim, ylym, medeniýet we sport ugurlaryndaky giň möçberli özgertmeleriň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nurana umyt-arzuwlar bilen garşylanýan 2017-nji ýylyň oňyn ösüşiň, ruhubelentligiň we beýik sepgitleriň ýyly boljakdygyna ynam bildirdi. Ýylyň öňde boljak iri wakalaryny kesgitläp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň taryhy ähmiýete eýedigini belledi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň syýasy partiýalary gatnaşýarlar.
Goý, 2017-nji ýyl Watanymyz we mähriban halkymyz üçin parahatçylygyň, gülläp ösüşiň, abadançylygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ähli watandaşlarymyza jan-saglyk we her bir maşgala agzybirlik, rysgal-döwlet arzuw etdi.
2017-nji ýylyň başlanmagyna sanlyja sekuntlar galan pursatlarynda ähli ildeşlerimiziň ýürek arzuwlaryny bir ýere jemlän bu sözler hoşniýetli arzuwlaryň hasyl boljakdygyna çuňňur ynamy pugtalandyrdy. Hemmeleriň garaýşy sagadyň diline gönükdi. Ine-de, sagadyň dili 12 belgisine geldi…
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Soňra “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýokarsyndaky asmanda älemgoşar öwüşginleri bolan baýramçylyk feýerwerki gijeki görnüşleri ýagtylandyrdy. Onuň owadan şekilleri belent ruha beslenen joşgunly sazlar bilen utgaşdy. Täze ýyl gijesi asmana tarap gönügýän dürli yşyklar bilen asmanda millionlarça uçgunlary emele getirdi. Şu pursatlarda iň arzyly umytlaryň ýerine ýetýändigini alamatlandyrýan yşyklar hatara düzülen ýyldyzlary ýatlatdy.
Şunuň ýaly älemgoşar öwüşginlerinde gündogar senenamasy boýunça Täze takyk ýylynyň nyşany bolan towugyň keşbi janlandy. Gadymy döwürlerden bäri bu nyşan galkynyşy, ösüşi we üstünligi alyp gelýär diýen düşünje bar. Onuň keşbinde hökmürowanlyk, maksada okgunlylyk we adamlaryň halal zähmete bolan pugta erki janlanýar. Bu ýylda başy başlanan asylly işler yhlas bilen zähmet çekilende hökman netije berer. Şeýle hem horaz öý haýwany hasaplanýar. Ol ýakynlaryny we olaryň rahatlygyny goraýar.
Şunlukda, 2017-nji ýyl älemgoşar öwüşginler, şatlyk-şowhun, ählumumy ýokary göteriliş bilen biziň durmuşymyza aralaşdy. Türkmenistanlylar açyk ýürekleri, nurana pikirleri we owadan ýylgyryşlary bilen Täze ýyly garşyladylar. Adamlar şu pursatlara uly ruhubelentlik bilen taýýarlanyp, öz garyndaşlaryny, ýakynlaryny şatlandyrmaga çalyşdylar. Goý, bu asylly ýörelgeler biziň ýüreklerimizde hemişelik saklansyn!
***
Täze ýylyň öňüsyrasyndaky baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Ol mähriban Watanymyzyň ähli şäherlerini we obalarynyň meýdançalaryny, köçelerini şatlygyň, belent ruhuň şowhunyna besledi.
Sahnalaşdyrylan çykyşlar, joşgunly konsertler, ajaýyp arçalaryň älemgoşar öwüşgini bilen utgaşýan ertekilerdäki gahrymanlaryň dürli lybasdaky oýunlary, tanslary halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Dabaralar milletiň keýpiçaglygyny artdyryp, ajaýyp pursatlary ýakymly duşuşyklara, baýramçylyk täsirlerine, nurana arzuwlaryň, umytlaryň hasyl bolmagyna bildirilen pugta ynama beslendi.
Aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary dürli yşyklar bilen bezelen köçelerde köp adamly baýramçylyk ýörişine goşulyp, paýtagtymyzyň meýdançalarynda, kino-konsert merkezlerinde, teatrlarda, dynç alyş we şüweleň seýilgählerinde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. “Ylham” seýilgähi, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdança dürli bezegler, älemgoşar öwüşginler bilen utgaşýan çykyşlaryň merkezine öwrüldi.
Çagalar we olaryň ene-atalary belent başly Täze ýyl arçalarynyň bezegine, olaryň dürli yşyklar arkaly janlandyrylan şekillerine haýran galyp tomaşa etdiler. Baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýazbaba we Garpamyk dabara gatnaşyjylara dürli çykyşlar bilen hezil berdiler.
Dürli görnüşli serişdeler we Täze ýyl nyşanlary bilen bezelen açyk asmanyň astyndaky konsert sahnalarynda tamamlanyp barýan ýyly ugradyp, Täze, 2017-nji ýyly garşylamak dabarasyna giň gerim berildi. Bu ýerde çagalar döredijilik toparlary bilen birlikde meşhur estrada ýerine ýetirijileri, teatrlaryň we sirkiň artistleri, tans toparlary baýramçylyga bagyşlanan çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Ähli ýerde gülläp ösýän Watanymyzy, onuň nurana geljegini, mähriban halkymyzyň bitirýän beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlandy. Adamlar Täze ýyl mynasybetli birek-birege hoşniýetli we bagtyýarlyk baradaky arzuwlary aýdýarlar. Täze ýylda ähli umyt-arzuwlaryň hasyl bolmagyny dileg edýärler.
Täze ýyly garşylamak dabarasynda ýaýbaňlandyrylan ajaýyp hem-de gaýtalanmajak pursatlar çagalaryň we ulularyň hakydasynda hemişelik galsa gerek.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder