Paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Gökderäniň ajaýyp dynç alyş toplumlaryna ugratmak dabarasy boldy.
Bu ýerde ýurdumyzyň ýaş raýatlary üçin aýdym-sazlara, tanslara we Täze ýyla bagyşlanan goşgy setirlerine bagyşlanan baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ol gyşky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guraldy. Köşgüň gurnaklarynda bilim alýan çagalar bu ýerde hakyky gyş ertekisini janlandyrdylar. Dabaralara täze ýyl baýramçylygynyň baş garymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk hem gatnaşdy.
Şeýle hem dabara bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ene-atalar, şäheriň köpsanly ilaty gatnaşdy.
Bu ýere ýygnananlar çagalara ak ýol arzuw edip, olaryň bagtyýar durmuşy, ýaş nesilleriň zeninlerini we ukyplaryny ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly işleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýandygyny nygtadylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ajaýyp bilim edaralarynyň, sport we dynç alyş merkezleriniň köpçülikleýin gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Dynç alyş pursatlaryňda wagtyňy şadyýan, işjeň we peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilen dynç alyş—sagaldyş merkezleri çagalaryň döwrebap terbiýelenmeginde möhüm orun eýeleýär. Çagalar ol ýerde täze okuw möwsümine güýç toplap, saglyklaryny berkidip, şeýle hem zerur endikleri, täze bilimleri ele alyp döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar.
Bu gezekki gyşky dynç alyş möwsüminde dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň 14-sini özünde jemleýän Gökderede 7 müňden gowrak mekdep okuwçylary wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirerler.
Kompýuter we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça gyzyklanmalar esasynda gurnaklaryň işini degişli derejede ýola goýlupdyr. Şeýle hem mugallymlary we terbiýeçileri taýýarlamak boýunça deslapky okuw-usuly çäreler geçirildi. Mugallymçylyk hünärini ele alýan talyplaryň ýüzlerçesi mugallymlaryň işjeň kömekçilerine öwrülerler. Bu möwsüm olar üçin okuw-önümçilik tejribesine öwrüler we ol hünär ukybyňy baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetlidir.
Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilelikde dynç alyş möwsümi üçin degişli maksatnamany taýýarladylar. Merkezde geçirilýän her bir gün çagalaryň höwesine laýyklykda dürli okuwlar, bäsleşikler, duşuşyklar, teatrlaşdyrylan çykyşlar, edebi okaýyşlar, sport we paýhas synanyşyklary we konsertler bilen baýlaşdyrylar. Mundan başga-da, çagalar kitaphanalarynyň göçme sergileri, sirk artistleriniň we Döwlet gurjak teatrynyň çykyşlary guralar.
Gökderede geçiriljek dynç alyş möwsüminiň maksatnamasyna paýtagtymyz we onuň gözel ýerleri, Janly tebigatyň milli muzeýi, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi we “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähi boýunça gezelençler girizildi.
… Bu ýerde guralan dabara tamamlanan soň, çagalar baýramçylyk äheňinde bezelen awtobuslara mündüler. Olaryň ene-atalary we dostlary çagalara ýagşy arzuwlaryny aýtdylar. Çagalaryň oturan awtobus kerweni türkmen topragynyň gözel künjekleriniň biri bolan Gökderä tarap ýola düşdi. Şeýle hem dynç alyş merkezlerinde çagalary garşylamak dabarasy we belli artistleriň, medeniýet işgärleriniň, çagalar döredijilik toparynyň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreleri guralar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder