16 Ağustos 2015 Pazar

Ylmy-Gumanitar Ulgamy Ösdürmegiň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly maslahatlar zalynda iş maslahaty geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipeleriniň çäklerinde ylmy-gumanitar pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işler boýunça prorektorlary, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň intellektual ösüş boýunça döwlet gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň  taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de seljermek baradaky milli müdirliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky metbugatda we  beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň ýolbaşçylary, wekilleri gatnaşdylar.

Milli ylym ulgamyny dünýä ösüşiniň derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak,olary jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirmek döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýan möhüm wezipeleri bolup durýar.

Ylmyň örän möhüm orny, onuň Türkmenistanyň geljegi üçin ähmiýeti, jemgyýetiň intellektual mümkinçilikleriniň artdyrylmagy barada aýtmak bilen, çykyş edenler bu babatda milli Liderimiziň tagallasy bilen ylym ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde oňyn üstünlikleriň gazanylandygyny bellediler.

Ylmyň ösdürilmegine gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleri, geljegi uly hasaplanýan uly ylmy-barlaglaryň, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalaryň maliýeleşdirilmegi, Ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy döwletimiziň häzirkizaman ylym ulgamyna ägirt uly goldaw berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ugra iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar, alymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin uly mümkinçilikler açylýar, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen bilelikdäki barlaglary geçirmek we tejribe alyşmak boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ylym ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürilýär. Diňe 2015-nji ýylyň dowamynda ylym babatda Koreýa Respublikasy, Italiýa, Sloweniýa, Hindistan we Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekildi.

14-nji awgustda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň we Türkmenistanda 2015-2020-njy ýyllarda intellektual eýeçiligi ösdürmegiň maksatnamasynyň kabul edilmegi milli Liderimiziň ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Aýratyn-da, takyk we tebigy ylmy ulgamynda nano we himiýa tehnologiýalaryň, täze materiallary öwrenmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulagmy we kompýuter tehnologiýasy, häzirkizaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet we ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary ösdürmek boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Intellektual eýeçiligiň milli ulgamyny döretmek we ony halkara derejesine çykarmak, işläp taýýarlamalaryň, açyşlaryň we täzelikleriň hukuk goragyny üpjün etmek,olary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak boýunça çäreler toplumy işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem milli intellektual eýeçiligiň bir bitewi maglumat elektron binýadyny döretmek meýilleşdirildi.

2015-nji ýylyň iýun aýynda 2015-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda innowasion işi  ösdürmegiň maksatnamasy kabul edildi. Şunlukda, köptaraplaýyn maksatnamalaýyn çemeleşmeleriň we makro derejedäki çäreleri durmuşa geçirmegiň esasynda milli innowasion ulgam emele gelýär. Munuň özi jemgyýetiň  bäsdeşlige ukyply ykdysady, intellektual we döredijilik ösüşiniň binýady bolup durýar.

Milli taryhymyzy öwrenmek, türkmen halkynyň edebi we medeni mirasyny dünýä ýüzünde wagyz etmpek, daşary ýurtly alymlar bilen bilelikdäki barlaglary geçirmek hem-de ylmy işleri çap etmek bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň esasyny düzdi. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ähli  guramalaryň ýurdumyzyň öňdebaryjy innowasion-tehnologiýa we tejribe-synag merkezi hökmündäki işiniň hil taýdan gowulandyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreleriň hatarynda ylmy-barlag işleriniň, şol sanda taryh we medeniýet ulgamyna degişli barlaglaryň baş utgaşdyryjysy bolup durýan akademiýanyň ornuny ýokarlandyrmak babatda birnäçe teklipler öňe sürüldi. 

Alymlaryň, arheologlaryň, sungaty öwrenijileriň, edebiýaty öwrenijileriň, etnogrfalaryň we medeni mirasymyzyň ýadygärliklerini öwrenmek hem-de goramak bilen baglanyşykly beýleki hünärmenleriň özara düşünişmegini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda taryhy-medeni barlaglar babatda türkmen we daşary ýurtly alymlaryň bilelikdäki işini utgaşdyrýan ýörite guramanyň—Ylmy geňeşiň döredilmegi hakyndaky teklip öňe sürüldi.

Bu düzümiň işine diňe bir özara gatnaşyklar boýunça meýilnamalary taýýarlamak däl, eýsem barlaglaryň netijeleri boýunça taýýarlanylan makalalalary, gollanmalara we kitaplara Türkmenistanyň taryhynyň etniki we medeni aýratynlyklary nazara alnyp, oňa bilermenleriň synyny we makalalara seljermeleri taýýarlamak wezipesi girýär. 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda ýurdumyzyň ýadygärliklerini toplumlaýyn öwrenýän ýörite ylmy-barlag ekspedisiýasyny döretmek teklip edildi we oňa talyplaryň we aspirantlaryň çekilmeginiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi. 

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň öňe süren birnäçe başlangyçlarynda bu pudagyň kadalaşdyryş-hukuk üpjünçiligini kämilleşdirmek, milli taryhy-medeni  mirasa degişli desgalary goramak baradaky hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri  we goşmaçalary girizmek boýunça meselelere deglip geçidi. 

Şeýle hem taryhy bilimleri, maglumatlary, wakalary, türkmen halkynyň özboluşly medeni gymmatlyklaryny diňe bir ugurdaş döwlet edaralarynyň işiniň üsti bilen däl, eýsem köpçülikleýin habar beriş serideleriniň üsti bilen wagyz etmegiň wajypdygy, taryhy-medeni miras ugruna degişli jemgyýetçilik we halkara taslamalaryna goldaw bermegiň möhümdigi bellenildi.

Umuman aýdanyňda, ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek we wagyz etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýöne entek etmeli işler köp. Şeýle hem ýakynda tassyklanan 2015-2020-nji ýyllarda milli maddy däl medeni mirasy ýygnamak, öwrenmek we goramak baradaky Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hem edilmeli işler az däl.

Maslahatda çykyş edenler ylmy-barlag işlerini netijeli alyp barmak ugrunda hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi we zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler we milli Liderimizi türkmen ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, Türkmenistanyň abadançylygyny, halkynyň bagtyýarlygyny baş maksat edinýän giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny, döredijilik ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder