Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga bagyşlanan iki günlük tegelek stol görnüşindäki maslahat öz işini tamamlady. Oňa Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň ugry boýunça ýurdumyza iş sapary bilen gelen Türkiýäniň wekiliýetiniň agzalary, MHG-ň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, şeýle hem hökümete degişli bolmadyk birnäçe düzümleriň işgärleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylaryň pikirine görä, bu maslahat adam söwdasyna garşy netijeli göreşmek boýunça tejribeleri alyşmak üçin ygtybarly binýat boldy.
Bu ýere ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara giňişliginde işjeň öňe sürýän we dünýäniň ýurtlarynyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ähli döwletleriň ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerini ýerine ýetirmegine gönükdirilen ugrunyň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meselesi bolup durýan we oňyn çözgütleri talap edýän adam söwdasy bilen baglynyşykly meseleleri netijeli çözmäge gönükdirilen halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzda iş saparynda bolýan Türkiýe Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça ozal kabul edilen halkara ylalaşyklaryny ýerine ýetirmekde durmuşa geçirilýän anyk işler we yzygiderli çäreler bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamyna deňhukukly gatnaşyjy bolmak bilen özüniň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine, demokratik ösüş esaslaryna we häzirki zaman hukuk jemgyýetine ygrarlydygyny aýdyň beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan ileri tutulýan halkara wezipeleriň çözgüdine işjeň gatnaşýar, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär we ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen giň hyzmatdaşlyk ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet hökmünde özüni tanatdy diýlip bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar şu iki günlük çäräniň adam söwdasyna garşy göreş boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň berkidilmegini üpjün edýän umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşandygyny bellediler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder