Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden uçarda Türkmenbaşy şäherine ugrap, gysga wagtlyk dynç alyş döwründe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna geldi. Milli Liderimiz bu ýerde Hazaryň türkmen kenarynda kemala gelýän deňiz şypahanasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda Awazada tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Şoňa görä-de, ýylyň şu paslynda bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden dynç alýanlaryň müňlerçesi gelýär. Altynsow çägeli suwa düşülýän ýerler, deňziň ýyly suwy, günüň ajaýyp şöhlesi, janyňa şypaly howa we elbetde, hyzmatyň ýokary derejesi türkmenistanlylaryň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň köp sanlysynyň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde maşgala bolup dynç almak üçin hem ähli amatlyklar döredildi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Hazaryň kenarynda halkara derejeli döwrebap deňiz şypahana zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürmek bilen, bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine, bu ýerde degişli toplumlaýyn düzümiň döredilmegine, raýatlarymyzyň göwnejaý dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin has oňaýly şertleriň üpjün edilmegine uly üns berýär. Golaýda, şu aýda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy, guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Şu gün irden döwlet Baştutanymyz Awaza derýasynyň kenarynda ýerleşýän “Akmaýa” dabaralar merkezine bardy, şol ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri mähirli garşyladylar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimize gezelenç katerleriniň dürli nusgalary hödürlenildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen tanşyp, dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi barada alada etmegiň, şol sanda Awaza derýasynda hem-de Hazar deňzinde gezelençleriň görnüşlerini artdyrmagyň möhümdigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp ýerleriniň biri bolan Awaza derýasynda katerde gezelenç etdi. Bu gezelenje döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri hem goşuldylar.
Uzynlygy ýedi kilometre barabar bolan bu derýa ýerli tebigat bilen aýratyn sazlaşyk döretdi. Onuň özboluşly ulaglar hem-de pyýadalar üçin niýetlenen köprüler bilen birleşdirilen kenarlarynda oňaýly kafeleri we restoranlary, gezelenç etmäge niýetlenen gämiler üçin duralgalary, pyýadalar hem-de welosiped ýodajyklaryny öz içine alýan abadanlaşdyrylan zolak ýerleşýär. Derýanyň giňligi onda deňiz ýahtalarynda gezelenç etmäge mümkinçilik berýär. Şol ýahtalar bolsa ýörite suw desgasy arkaly açyk deňze çykyp bilýärler. Awazanyň çäginden geçýän derýada gezelenç etmek bu ýere dynç almaga gelýänleriň ählisinde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Şunuň bilen birlikde, bu derýada sportuň suw görnüşleri boýunça ýaryşlary, dürli medeni çäreleri hem-de baýramçylyk dabaralaryny geçirip bolýar.
Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz milli syýahatçylyk zolagynyň desgalaryny we täze gurluşyklaryny gözden geçirdi. Şol gurluşyklar bolsa bu ýerde köpugurly şypahana düzüminiň okgunly döredilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ýerden, derýadan Awazanyň ajaýyp görnüşi açylýar. Ýokary derejeli myhmanhanalar we abadanlaşdyrylan dynç alyş zolaklary Awazanyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýýar. Şu aýyň başynda bu ýerde seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň birbada üçüsiniň – “Älemgoşar”, “Deňiz merjeni” we “Jadyly kenar” seýilgähleriniň açylyş dabaralary boldy. Bu seýilgähler bada-bat şypahana zolagynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Olarda çagalaryň we ulularyň wagtlaryny göwnejaý hem-de peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Awazanyň iň gözel ýerleriniň biri-de suw çüwdürimler toplumyny birleşdirýän kenarýaka seýilgähidir. Bu ýerde agşamlaryna köp öwüşginli şüweleň ýaýbaňlandyrylýar.
Ýakyn geljekde milli syýahatçylyk zolagynyň düzüminiň üsti häzirki wagtda gurulýan täze desgalar bilen ýetiriler. Olaryň hatarynda Okeanarium, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen gurulýan köp ugurly sport toplumy bar.
Derýadan Awaza etrabynyň merkezindäki täze gurluşyklara hem täsin görnüş açylýar. Häzirki wagtda bu ýerde edara binalary, durmuş maksatly desgalar we ýaşaýyş jaýlary gurulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow katerden derýanyň kenarlaryny synlap, Awazada ýaşyl zolagy döretmek meselesine ünsi çekdi. Munuň özi jana şypaly arassa deňiz howasy bilen birlikde milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa ýagdaýyny, oňaýly ekologiýa gurşawyny üpjün edip, dynç alýanlaryň uzak wagtlap sagdyn bolmagyny kepillendirer. Bu babatda bagçylyk-seýilgäh bezegi ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de iň gowy tejribesini ulanmak möhüm ähmiýete eýedir.
Hazaryň kenaryndaky bu täsin künjegiň aýratynlyklary barada gürrüň edilende, häzirki wagtda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň, iri maslahatlaryň, halkara ähmiýetli medeni we sport çäreleriniň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemelidiris. Bu ýerde gurulýan ajaýyp Kongres merkezi hem şu maksatlara hyzmat etmelidir. Häzirki wagtda bu desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşlylygy sportuň suw görnüşleri, şol sanda windsörfing, sörfing, ýelkenli sport we beýlekiler bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. “Ýelken” ýaht-kluby hem bu ýerde dynç alýanlar üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Mundan başga-da, Awaza derýasynda baýdarkada we kanoede küreklemek, ýelkenli gaýyklarda ýüzmek boýunça sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler bar.
Mahlasy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy Diýarymyzyň syýahatçylyk ulgamynyň okgunly ösüşiniň başyny başlap, ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, howa aýratynlyklaryny hem-de amatly ýerleşişini doly we rejeli ulanmak, şunuň esasynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýaly möhüm ugurlary özüne birleşdirdi.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky ýokary derejeli deňiz şypahanasynda täze desgalar – medeni-dynç alyş we sport desgalary, maslahatlary hem-de sergileri geçirmek üçin niýetlenen binalaryň giň ulgamy peýda bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi türkmen kenarýakasynyň syýahatçylyk serişdelerini dünýä derejesine çykarmaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Hazaryň kenaryndaky myhmansöýer we kaşaň deňiz şypahanasy bagtyýar geljege tarap parahatçylyk hem-de döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň täze taryhy ösüşini özünde jemledi.
Suwda gezelenç tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Awaza derýasynyň kenarynda egindeşleri bilen çaý başyndaky söhbetdeşligiň barşynda milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň geljegi barada gürrüň etdi. Bu syýahatçylyk zolagyny ýurdumyzyň hakyky şypahana merjeni diýip atlandyrmak bolar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň esasy maksady deňiz ýakasynyň ägirt uly şypahana kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň dynç almagy üçin has amatly şertleri üpjün etmekden ybaratdyr. Çünki adamlar, olaryň abadançylygy we saglygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilip başlanandan bäri geçen birnäçe ýylyň dowamynda gojaman Hazaryň kenarynda özboluşly binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan ajaýyp myhmanhanalar hem-de ulular we çagalar üçin dynç alyş merkezleri peýda boldy. Olar diňe bir tomus paslynda däl, eýsem, ýylyň islendik döwründe köpsanly dynç alýanlara döwrebap hyzmatlaryň örän köp görnüşlerini hödürleýärler.
Häzirki wagtda Awazada täze düzümleýin desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Olaryň ulanylmaga berilmegi deňziň kenarynda has köp adamyň ýokary amatlyklardan peýdalanyp dynç almagyna şert döreder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň ählisiniň ýokary hilini hem-de öz möhletinde tamamlanylmagyny üpjün etmegiň, myhmanhanalary we dynç alyş merkezlerini netijeli ulanmagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz iň täze tilsimatlary hem-de inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, özboluşly binagärlik we taslama çözgütleri, gurluşygyň ýokary ekologiýa ölçegleri hem-de ähli degişli meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň Awazany ösdürmekde esasy ugur bolup durýandygyny nygtady. Şunda milli Liderimiz milli syýahatçylyk zolagynyň binagärlik toplumynyň ýerli tebigat, daşky gurşaw bilen sazlaşygyny üpjün etmek meselesine aýratyn ünsi çekdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Munuň özi jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawynyň takyk guralmagyny hem göz öňünde tutýar. Adamlaryň göwnejaý dynç almagy we boş wagtyny peýdaly geçirmek, şol sanda sportuň suwda oýnalýan hem-de beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleri döretmek "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerine öwürmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda egindeşleri hormatly Prezidentimize Hazaryň kenarynda dynç almak we saglygyny berkitmek babatda döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu ýerde dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda Awaza iň häzirki zaman syýahatçylyk we dynç alyş merkezine, täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanyna öwrülýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder