Şu gün irden ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alan Geňeşleriň agzalarynyň we Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, bu gezekki saýlawlara ägirt uly taýýarlyk işleri geçirildi. Aýratyn-da, Geňeşleriň agzalarynyň dalaşgärligine 13 müň 528 adam hasaba alyndy. Olar ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary we birleşmeleri, şeýle hem raýatlar topary tarapyndan hödürlendi. Ýurdumyzyň etraplardaky şäherleriniň, şäherçeleriniň, geňeşlikleriniň çäklerinde 6 müň 41 saýlaw okrugy we 1828 saýlaw uçastogy döredildi.
Şu gün Türkmenistanyň ähli saýlaw uçastoklarynda ýokary galkynyş we dabaraly ýagdaý emele geldi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki aýdym-saz meýdançalarynda çykyşlar guraldy, göçme söwda bölümleri döredildi. Aýratyn-da bu gün ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylar üçin has-da täsirli boldy. Saýlaw uçastoklarynda olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, sagat 15-00-a çenli Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 77,36 göterimi ses berdi.
Ahal welaýaty boýunça 274 müň 739 saýlawçy ses berdi. Munuň özi saýlawçylaryň umumy sanynyň 77,27 göterimine deňdir.
Balkan welaýaty boýunça 66 müň 797 saýlawçy ses berdi. Bu bolsa saýlawçylaryň umumy sanynyň 61,65 göterimine barabardyr.
Daşoguz welaýaty boýunça 451 müň 44 saýlawçy ses berdi. Munuň özi saýlawçylaryň umumy sanynyň 79,95 göterimine deňdir.
Lebap welaýaty boýunça 420 müň 637 saýlawçy ses berdi. Munuň özi saýlawçylaryň umumy sanynyň 77,11 göterimine deňdir.
Mary welaýaty boýunça 499 müň 687 saýlawçy ses berdi. Munuň özi saýlawçylaryň umumy sanynyň 78,01 göterimine deňdir.
Sagat 15.00-a çenli iki saýlaw okrugy boýunça mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna 39 müň 831 saýlawçy gatnaşdy. Munuň özi saýlawçylaryň umumy sanynyň 77,04 göterimine deňdir.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder