21 Ağustos 2015 Cuma

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň 2015-nji ýylyň 19-20-nji awgustynda Türkmenistana resmi sapary boldy.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri dostlukly ýagdaýda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçüiklerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletleriň Baştutanlary häzirki döwürde iki ýurduň gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Dostlugyň, deňhukuklylygyň, özara hormatlamagyň bu gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ýörelgeleri bolup durýandygy barada umumy pikir beýan edildi. Ýolbaşçylar iki döwletiň bähbitlerine hyzmat edýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özleriniň eýerýändiklerini beýan etdiler.

Prezidentler öz döwletleri agzalary bolup durýan halkara guramalarynyň çäklerinde arkalaşykly hereket etmegiň zerurdygyny bellediler. Taraplar ählumumy meseleleri çözmekde, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda hemmetaraplaýyn gural hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň edaralarynyň ähmiýetini tassykladylar.

Ykdysady meselä degip geçmek bilen, Prezidentler iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini bellediler hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň geljegi has uly bolan ugurlaryny ýüze çykarmaga we durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de ýardam berjekdiklerini beýan etdiler.

Döwletleriň Baştutanlary ulag, energetika, senagat, söwda we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda,  Taraplar işewür gatnaşyklary höweslendirmek, iki ýurtda öndürilen önümler bilen özara tanyşdyrmak, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözlemek boýunça tagallalaiy dowam etdirmegiň zerurdygy barada aýtdylar.

Prezidenler ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topaiynyň orauny bellediler hem-de onuň işini goldajakdyklaryny beýan etdiler.

Ýolbaşçylar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň iki ýurduň, sebitleriň we kontinentleriň arasynda halkara söwdasyny ösdürmekde esasy ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar. Halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça dürli taslamalara özara gatnaşmagyň ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge, ulag-üpjünçilik ulgamlatyny ösdürmäge hem-de iki döwletiň ulag-kommunikasiýalaryna üstaşyr ýükleri çekmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Döwletleriň Batutanlary medeni gatnaşyklary berkitmegiň Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygy, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga ýardam berjekdigi barada umumy garaýşy beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar bilim, ylym we medeniýet babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge goldaw bererler.

Prezidentler sebitde suw, energetika serişdelerini ulanmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Taraplar Owganystany çalt durnuklylaşdyrmagyň we dikeltmegiň sebitde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. Owganystany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam berýän sebit we halkara taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Döwletleriň Baştutanlary terrorçylyk, guramaçylykly jenaýatçylyk we neşe serişdelerimň bikanun dolanyşygy ýaly serhetüsti howplara garşy göreşde tagallalary mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny bellediler.
 
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli we dostlukly kabul edendigi üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti                    Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmon

Aşgabat, 2015-nji ýylyň 2O-nji awgusty




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder