Hazar deňziniň ajaýyp kenarýakasynda şu gün bellenilen Hazar deňziniň güni ajaýyp öwüşgünlere baý boldy. Baýramçylyk çäresi hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda guraldy. Oňa laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününi dabaraly bellemek tabşyryldy.
Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyna ylmy-amaly maslahat, çeperçilik sergisi, sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri girizildi. Olar Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy we Balkan welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.
Däp boýunça “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrap häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka ýurtlarynyň—Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň ýurdumyzda resmi taýdan bellenilen diplomatiki wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň—BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň /BMGÖM/, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň /ÝHGG/, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň /HHGJ/, Türkiýe Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak baradaky agentliginiň wekilleri bar.
Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak babatda gazanylanlara bagyşlanan duşuşygyň barşynda çykyş edenler Türkmenistanyň düýpli ekologiýa wezipelerini, şol sanda Hazar meselesi bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde uly goşandyny nygtadylar. Şu ugurda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri göz öňünde tutmak, sebitde deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklar birleşdirýän Hazarýaka ýurtlayň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli şertnama-hukuk binýadynyň esasynda Hazar deňiz toplumynyň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmek boýunça utgaşdyrylan çözgütleriň kabul edilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň hakyky goldawyny tapýar. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly maksatnamasyna hem-de onuň Teswirnamalaryna gol çekilmegi bilelikde gazanylan möhüm resminamalaryň biri boldy.
Şonuň ýaly çözgütleri, şol sanda syýasy-hukuk häsiýetli çözgütleri işläp düzmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Hazar basseýininde daşky gurşawy goramak meselelerine garamak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik hereket edýän edara hökmünde Hazar ekologiýa forumyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2013-2014-nji ýyllarda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça utgaşdyryjy komitetine /KASPKOM/ başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda bu babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasy ylalaşyldy.
Amatly geografiki ýerleşişi, baý uglewodorod, balyk we beýleki tebigy serişdeleri, amatly howa şertleri häzirki wagtda Hazar sebitiniň depginli ösýän senagat, ulag we dynç alyş merkezine öwrülmegine ýardam etdi.
Şu babatda ençeme möhüm ugurlarda, şol sanda Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak, öndürmek we peýdalanmak boýunça, şeýle hem Hazaryň düýbüniň hem-de onuň jümmüşindäki uglewodorod serişdelerini işlemek we peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak aýratyn ähmiýete eýedir. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV maslahaty muňa kuwwatly itergi berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklipleriniň netijesinde Astrahan maslahaty taraplaryň Hazarda özara hereket etmegiň esasy meselelerini çözmegiň ýörelgeleri barada gazanylan ylalaşyklary göz öňünde tutanyňda hakyky öňegidişlige öwrüldi. Olar degişli beýannamada berkidildi. Hazary parahatçylygyň hem-de ylalaşygyň zolagy, halkara strategiki durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm bölegi, ähli meseleleri döwletleriň özygtyýarlylygyna hem-de çäk bitewüligine hormat goýmak esasynda diňe syýasy-diplomatiki serişdeler arkaly çözmegiň nusgasy etmäge umumy ymtylyş we aýgytlylyk şol resminamanyň mazmunyny kesgitleýär.
Şeýlelik bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty ekologiýa ulgamynda, şol sanda Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy gözelligini, baý bioköpdürlüligini gorap saklamak boýunça kabul edilen bilelikdäki çözgütleri ýerine ýetirmek babatda ylalaşykly çäreleri görüp, Çarşuwaly maksatnamanyň borçnamalaryny berjaý etmegiň çäklerinde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň Hazar boýunça tebigaty goramak düzümleriniň işleriniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň bioköpdürlüligini gorap saklamagyň milli strategiýasyny taýýarlamak, Hazar ýakasynyň çäklerinde ýerleşýän suw-batgalyk ýerleriniň birnäçesiniň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň hem-de guşlaryň mesgen tutan beýleki ýerleriniň halkara ähmiýetli peýdalanylýan ýerleriň derejesi bilen Ramsar konwensiýasyna goşmagyň geljegi ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen kenaryndaky Hazar döwlet tebigy goraghanasy Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi.
Deňizde iş alyp barmaga diňe ylmy taýdan çemeleşmeleriň sebitiň biologik dünýäsine zelel ýetirmezden uzakmöhletli geljek üçin balyk senagatyny üstünlikli ösdürmegi üpjün etjekdigi nygtaldy. Möhüm wezipeleriň hatarynda, Hazaryň biologik serişdeleriniň hem-de deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligiň amala aşyrylmagy, bu ulgamda ylmy-barlaglaryň uly toplumynyň geçirilmegi agzaldy.
Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenarynda deňsiz-taýsyz taslama bolan dünýä derejeli dynç alyş-“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek taslamasyna ýokary baha berdiler. Täze döwrebap hem-de bagy-bossanlygy döretmäge degişli tehnologiýalary ornaşdyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly pikiriň berjaý edilmeginiň zerur şerti bolup durýar. Hazaryň kenarynda gurulýan döwrebap saglyk merkezleriniň we myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi şol desgalaryň baş alamaty bolup durýar. Ekologiýa häsiýetli meselelere kenarýakasynda alnyp barylýan iri möçberli bagy-bossanlyga büremek işleri hem girýär. Şol ýerlerde ynsan eli bilen tokaýlyklar, täze seýilgäh zolaklary, dynç alýanlaryň saglygyna oňyn täsir edýän has amatly howa ýagdaýy döredilýär.
Hazar deňziniň baýramçylyk maksatnamasyny myhmanhana toplumynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň meşhur fotohabarçylarynyň hem-de Hazaryň gözelliginiň hakyky muşdaklarynyň suratlarynyň sergisi bezedi. Olar deňiz jandarlarynyň ajaýyp we nepis dünýäsini sergä gelenlere täsirli ýetirýär. Şu ýerde ýaş suratkeşleriň—amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň tebigy serişdeler bolan daşjagazlary, çägäni, balykgulagy, perjagazlary we şuňa meňzeşleri peýdalamak bilen döreden ajaýyp suratlary hem goýlupdyr.
Şeýle hem “Daýanç” çagalar sagaldyş merkeziniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat bilen bir wagtda Türkmenbaşy şäheriniň mekdep okuwçylarynyň hem-de bu ýerde dynç alýan ýaşlaryň gatnaşmagynda futbol we woleýbol, şaşka we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň ählisi—ulular hem, ýaşlar hem günüň ikinji ýarymynda “Daýanç” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna ýygnandylar. Bu ýerde mähriban tebigatyň, Hazaryň deňiz giňişliginiň gözelligini we ynsanyň goragyna mätäç bolan onda mesgen tutan jandarlaryň gaýtalanmajak dünýäsini beýan eden iň oňat surat eserlerini döredenlere baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.
Döredijilik toparlarynyň—“Miras” çagalar halk döredijilik toparynyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet merkeziniň “Owaz” tans toparynyň ýerine ýetirmeginde guralan konsert baýramçylyk agşamynyň jemleýji bölegine öwrüldi.
“Awazadaky” duşuşyklar Hazar deňziniň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara ýatdan çykmajak täsirleri sowgat edip, Ýer ýüzüniň bu täsin tebigy merjenini gorap saklamagyň bähbidine raýdaşlyk hyzmatdaşlygynda nobatdaky ädime öwrüldi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder