18 Ağustos 2015 Salı

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, dokuzynjy maslahaty boldy. Oňa deputatlar bilen birlikde, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary babatda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesi girizildi.

Milli parlament döwlet Baştutanymyzyň deputatlaryň öňünde goýan esasy wezipelerine laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylyk- hukuk bingýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işleri geçirýär. Ähli kanun taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleri hem-de halkara hukugynyň kadalary nazarda tutulyp işlenip taýýarlanylýar. Deputatlar mejlisiň   şu maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy we ruhy-medeni ösüşiniň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletini has-da gülledip ösdürmäge, halkara derejesinde abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendigini nygtadylar. 

“Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we kabul edilmegi gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu kodeks jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki zaman tapgyrynyň talaplaryna laýyklykda, raýat, maşgala, zähmet, ýaşaýyş jaý, ýer bölekleri we beýleki hukuk gatnaşyklarynda ýüze çykýan jedeller boýunça raýat kazyýet önümçiliginiň tertibini kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. 2016-njy ýylyň 1-nji iýulynda herekete girizilýän bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, Türkmenistanyň Raýat kodekisinden, ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän beýleki kanunçylyk namalaryndan gelip çykýan fiziki we ýuridiki taraplaryň hukuklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň kazyýet goraglylygynyň netijeli guralyny döredýär. 

Mejlisiň deputatlary maslahatyň barşynda “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Deputatlaryň belleýşi ýaly, bu Kanunyň kabul edilmegi döwrüň möhüm meselelerini çözmekde türkmen döwletiniň tutýan işjeň ornunyň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüler. Türkmenistan birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak bilen Türkmenistan  öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär.

“Şähergurluşyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň barşynda gyzyklanma bildirilen özara pikir alyşmalar boldy. Deputatlar öz çykyşlarynda şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahaly ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny ýola goýýan hem-de adamyň kadaly ýaşaýyş-durmuşyny we zähmet çekmegini üpjün etmäge, ilatly ýerleri durnukly ösdürmäge gönükdirilen bu Kanunyň wajypdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty şähergurluşyk ulgamynda öňde durýan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr.   Dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülen Aşgabat ýyl-ýyldan çäklerini giňeldýär hem-de täze ýaşaýyş toplumlary, senagat we seýilgäh zolaklary bilen barha ösýär. Bu ulgamda täzeçillik tilsimatlary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de iň oňat dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak milli Liderimiziň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugrudyr. Munuň özi ynsan durmuşynyň ýokary ölçeglerini, döredijilikli zähmet çekmek, oňaýly durmuş ýagdaýyny döretmek we türkmenistanlylaryň dynç almagy üçin has oňat şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň hili, binagärlik taýdan bezelişi, gurluşyklaryň ygtybarlylygy we howpsuzlygy, öňüni alyş - arassaçylyk çözgütleri, ekologiýa meseleleri—bularyň hemmesi döwlet şähergurluşyk kadalaryna we düzgünlerine, tehniki talaplara pugta kybap gelmelidir,   ilatly ýerleriniň baş meýilnamasy hem-de taslamalaryň meýilleşdirilişi işlenip taýýarlanylan mahaly ýerine ýetirmek üçin hökmany bolmalydyr. Şähergurluşyk işiniň esasy ugurlaryny öz içine alýan täze Kanun hem hut şoňa niýetlenendir.    

Häzirki maslahatyň gün teritibine “Öri meýdanlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy-da girizildi. Ol ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan wezipelerden, oba hojalygynda amala aşyrylýan uly özgertmelerden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Bu Kanun öri meýdanlary durnukly dolandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de oýlanyşykly peýdalanmak we öri meýdanlar, olaryň ekologiýa, ykdysady hem-de serişdeler mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklaryny sazlaşdyrýar. 

Hususan-da, ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, döwlet we hususy eýeçiligindäki mallaryň baş sanyny artdyrmak bilen şertlendirilen täze Kanunyň wajypdygy nygtaldy. Ol işlenip taýýarlanylanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenpabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde, şeýle hem 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyzyň Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlar bilen geçirilen duşuşygynda eden taryhy çykyşynyň barşynda aýdan degişli teklipleriniň göz öňünde tutulandygy bellenildi. 

Şeýle hem “Balaryçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol bal arylary köpeltmek, saklamak, oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmak üçin peýdalanmak, bal, ary mumuny we bal aryçylygynyň beýleki önümlerini almak, şeýle hem bal arylaryny goramak boýunça işleriň hukuk esaslaryny sazlaşdyrýar. 

Maslahatyň barşynda “Professional sport hakynda” Kanunyň taslamasyna garaldy. Ol professional sport ulgamynda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kadalaşdyrýar, professional türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň hem-de professional sporty ulgamynda işleri amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň hukuk düzgünnamalaryny kesgitleýär. Şunda köpçülikleýin bedenterbitýe - sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny höweslendirmek we ösdürmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykarylandygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sport  ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksadalaýyk pugtalandyrylýar, ýurdumyzda degişli çäreler, şol sanda umumymilli oýunlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.     

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi ýurdumyzyň sportuny ösdürmek üçin ähmiýetli waka öwrüldi. Şoňa laýyklykda, Aşgabat Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk aldy. Bu iri yklym ýaryşlary türkmen paýtagtynda bina edilýän Olimpiýa şähjiginde 2017-nji ýylda geçiriler. Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk bu toplum diňe bir islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge ukply bolman, eýsem, türkmen türgenleri üçin okuw- türgenleşik merkezine, türgenlerimizi dünýä, Aziýa çempionatlaryna,   Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin oňat binýada öwrüler.

Maslahata gatnaşyjylar “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garamak bilen,  ýurdumyzda gender deňliginiň gazanylmagynyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellediler. Döwlet syýasatynda milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işine zenanlary işjeň çekmäge,  bilim derejesini hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar işlenilip düzülýär we durmuşa geçirilýär.

Şu ýyl Türkmenistan 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Ýurdumyz BMG-niň gender deňligi hem-de aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanyldy. Uly hukuk binýady şahsyýetiň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak maksadyna ýetmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara kadalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze Kanun hem şol hukuk binýadynyň bölegine öwrüler.

Deputatlar “Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar. Ol ara alnyp maslahatlaşylanda bu resminamanyň rejelenen görnüşiniň ýurdumyzyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine we halkara borçnamalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylangdygyna esasy üns berildi. Bu Kanun Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlaryny peýdalanmagyň, şeýle hem hukuk taýdan goramagyň düzgünini we tertibini kesgitleýär. 

Maslahatyň gün tertibinde “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy-da bar. Ol notariatyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny hem-de Türkmenistanda notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär. 

Maslahatyň barşynda “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk iş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Karz edaralary we bank işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”,  “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanda inwestision işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.    

Deputatlar tarapyndan garalan beýleki kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň hatarynda,  “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hem bar. 

“Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”, “Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awstriýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň kabul edilmegi maslahatyň gün tertibiniň esasy bölegine öwrüldi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda gün tertibine girizilen kanun taslamalarynyň hemmesi goldanyldy hem-de biragyzdan kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda deputatlar täze kanunçylyk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly boýunça depginli öňe ilerletmek babatda öňde goýan ägirt uly wezipelerini mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder