2015-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen, Daşary işler ministrliginiň Uly döwlet ministri j-p Tobias Elwudyň ýolbaşçylygyndaky Beýik Britaniýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini belläp, taraplar syýasy gepleşikleriniň işjeňleşdirilmegi we özara saparlaryň guralmagy esasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň tarapdarydyklaryny beýan etdiler.
Söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyga degişlilikde Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) netijeliligi bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösüşine oňyn baha berip, taraplar energetika, raýat awiasiýasy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlaryň giň sanawy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda özara tejribe alyşmak arkaly özara gatnaşyk etmekde gyzyklanma bildirdiler.
Iki ýurduň syýasy hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini belläp, taraplar BMG we Ýewropa Bileleşigi ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar, bilelikdäki taslamalaryň gurnalmagy, şeýle hem ýola goýlan hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň düzülmegi arkaly şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Duşuşygyň barşynda britan tarapy Türkmenistanda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine ýardam etmeklige gatnaşmaga isleg bildirdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder