Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de birnäçe düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Milli özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şanly seneleri mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly ugurlara we döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň barşy, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan" gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem-de welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, häkim welaýatda täze okuw ýyly mynasybetli umumybilim berýän orta mekdebiň hem-de sport mekdebiniň ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Milli Liderimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmek bilen, degişli işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna taýýarlyk işleriniň ýokary derejede bolmalydygyny hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmelidigini tabşyrdy.
Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde gurlup gutarylmagyna, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek, şeýle hem ýyladyş desgalaryny gyşky möwsüme taýýarlamak işlerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna hem-de garaşsyzlygyň şanly baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Häkim şeýle hem täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly wezipeler, täze okuw ýyly mynasybetli täze gurlan mekdepleriň 4-sinde we çagalar baglarynyň 5-sinde häzirki döwürde alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli özgertmeler maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwrüň möhüm meselesidigine ünsi çekip, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja, şugundyr ýaly önümleriň bolçulygyny üpjün etmek, mallaryň göwnejaý derejede saklanmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmegiň zerurdygyny belläp, welaýatyň çäklerinde bar bolan dürli maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny möwsüme taýýarlamak babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol öz gezeginde häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk çäreleriniň derejesi, bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda öz wagtynda geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bulardan başga-da, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem ýetip gelýän baýramçylyklary we şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işler barada habar berildi.
Häkim welaýatda täze okuw ýyly mynasybetli mekdepleriň 9-synyň we bir çagalar bagynyň açylyş dabarasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem Milli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu işde hiç hili bökdençlige ýol berilmeli däldigini, şeýle hem welaýatyň çagalar baglarynyň, mekdepleriniň, edara-kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine degişli derejede taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini birkemsiz geçirmek barada aýdyp, pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini, maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy bilen baglanyşykly zerur işleriň alnyp barylmalydygyny we bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz nobatynda, welaýatda pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan çäreler, gurulýan dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hususan-da, häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, täze okuw ýylynyň başlanmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanyp welaýatda orta mekdepleriň 6-synyň we çagalar baglarynyň 3-siniň açylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Bulardan başga-da, häkim welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda ot-iým bolçulygyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine aýratyn ähmiýet berilmelidigini, Milli özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Şanly seneler mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň açylyş dabarasyna döwrebap derejede taýýarlyk görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, ýetişdirilen pagta hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işlerini degişli derejede geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz desgalaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň göwnejaý özleşdirilmelidigini belledi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly binalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şu ýyl orta mekdepleriň 3-siniň we çagalar baglarynyň 2-siniň täze okuw ýyly mynasybetli gurlup ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Häkim hasabatyň barşynda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara derejesindäki çäreleri guramak, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Aýratyn-da, welaýatyň senagat düzümini has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz maslahaty dowam edip, şol bir wagtyň özünde göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň ýolbaşçysyna we häkime ýüzlenip, hususan-da, Mary welaýatynyň Mary etrabyny mysal getirdi hem-de etraplaryň çäk-dolandyryş meselesini tertipleşdirmegiň zerurdygy bilen bagly meselä ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýörite maksatnamany işläp taýýarlamagy we ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ähli tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça nusgalyk şäher bolmalydygyny belläp, paýtagtymyzda okuw möwsümine taýýarlyk görmek, aýratyn-da, şäheriň çäklerini abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini netijeli alyp barmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň degişli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda döredilen gök zolaklaryň, seýilgäh merkezleriniň degişli derejede saklanmagy, ekilen bag nahallaryna ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, Aşgabadyň mekdepleriniň täze okuw ýylyna taýýarlyk derejesi döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa çagyryldy. Wise-premýer öňde boljak şanly seneleri, baýramçylyk dabaralaryny mynasyp garşylamak maksady bilen, işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň, şeýle hem seýilgähiň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk dabaralarynyň we çäreleriniň ýokary guramaçylyk we çeperçilik derejesini, olara medeniýet we sungat ussatlarynyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, Magtymguly etrabynda açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, şol sanda beýik türkmen şahyrynyň we Gündogaryň görnükli akyldarynyň muzeýiniň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralara degişli derejede taýýarlyk işleriniň üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi. Magtymguly Pyragynyň goşgulary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň köp döwletlerinde söýlüp okalýar.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew bilen Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow çagyryldy.
Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, täze okuw ýylyna taýýarlygyň derejesi we 6 ýaşly çagalaryň mekdebe gelmegi mynasybetli guraljak dabaralar barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlykly barmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere aýratyn-da, 6 ýaşda mekdebe gelýän çagalaryň okuw esbaplary, egin-eşikleri, olaryň zerur serişdeler bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň sentýabr aýynda "Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy" atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek, oňa gatnaşýan düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan Çagalar awtoşäherçesiniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny, onuň 1-nji sentýabrda açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere we içeri işler ministrine ýüzlenip, degişli düzümler bilen bilelikde sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.
"Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy" atly biraýlygyň oňyn netije berýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz häkimler bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda awtomobil ýaryşlaryny geçirmek üçin ýörite awtodromlary we ýollary gurmak, bu desgalarda ýaşlaryň we uly ýaşly adamlaryň ýol hereketiniň kadalaryny, ulag serişdelerini dolandyrmagyň endiklerini öwrenmeklerini guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýokary tizlikli ulag ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýän ýörite ýollaryň gurulmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu ýollaryň ýaşlaryň awtomobil sporty boýunça geçirilýän iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň awtomobil sportuna işjeň çekilmeginde möhüm ähmiýeti bolan Çagalar awtoşäherçesiniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Ç.Ataýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş nyşany bolan we halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen täze nusgalyk obalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde döredilen "Täze Zaman" obasynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleriniň pesdigini belledi.
Döwlet baştutanymyz bu babatda ministriň işine nägilelik bildirip, gurluşygy dowam edýän desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara Watanymyzy has-da gülletmegiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde we öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder