Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna çigit ýagyny, nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 252 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine BAE-den we Pakistandan gelen işewürler 4 million 779 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 252 müň manatlyk polipropilen (TNGIZT) satyn aldylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder