Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Çagalaryň bähbidine heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek” atly gün terbibi bilen pudagara duşuşyk geçirildi. Bu çäre BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmegiň sebitüsti Býurosynyň utgaşdyryjysy Madawi Malalgoda Artiýabandu we ÝUNISEF-iň sebit edarasynyň maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Husraf Şarifow gatnaşdylar. Maslahatyň esasy maksady 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegi babatynda hyzmatdaşlygyň gurallaryny kesgitlemekdir.
Mälim bolşy ýaly şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen “Tebigy betbagtçylygyň töwekgelçiligini peseltmek” boýunça III Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz şonda eden çykyşynda biziň ýurdumyzyň BMG-niň meýilnamalarynyň çäklerinde ozal kabul edilen tebigy betbagtçylyklar bilen baglanşykly howplary peseltmek boýunça strategiýany doly goldaýandygyny, şeýle hem 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin hereketleriň Çarçuwaly maksatnamasyna goşulýandygyny aýtdy.
Sendaý maksatnamasy boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi we Türkmenistanyň tagallalaryny goldamak maksady bilen ÝUNISEF ýurduň daşky gurşawyň täsiri astynda ýüze çykýan howplara garşy durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça konseptual nusgasynyň taslamasyny taýýarlady. Onuň esasy maksady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekdir. Ol tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Milli strategiýanyň esasy ugurlary bilen gabat gelýär we onuň mazmunyny kesgitleýär. ÝUNISEF bu ählumumy meseleleri çözmäge öz tagallalaryny gönükdirmek bilen ilkinji nobatda çagalaryň, ýetginjekleriň we aýal-gyzlaryň bu howplardan goraglylygy boýunça hukuklaryna ünsi çekýär.
Şu gezekki duşuşygyň barşynda Sendaý maksatnamasynyň tanyşdyrylyşy boldy, şeýle hem ÝUNISEF-iň dürli görnüşli tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmekde çemeleşmeleri pugtalandyrmak boýunça konseptual nusgasynyň taslamasyna garaldy. Bu maksatnama durmuşa geçirmäge jogapkär Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary ýygnananlara bu ugurda gazanylan sepgitler hem-de bu maksatnamanyň çäklerinde işlenip düzülen maksatnamalar hakynda habar berdiler.
Ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde oňyn teklipler we pikirler beýan edildi we konseptual nusganyň üstünde işlemek boýunça öňde durýan çäreler kesgitlenildi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=3601http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=3601
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder