Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda we Türkmen Milli konserwatoriýasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup giriş synaglary tamamlandy. Türkmen döwlet medeniýet institutynda hem ýakyn wagtda täze okuw ýylyna talyplaryň kabul edilmegi tamamlanylar.
Türkmen Milli konserwatoriýasynda hünärleriň 14 ugry boýunça talyplar bilim alýar, şu okuw ýylynda ilkinji gezek “opera sungaty” boýunça hünärmenler taýýarlanyp başlanar.
Bu ugur boýunça “opera sungatnyň taryhy”, “opera dramaturgiýasy”, “opera synpy” we beýleki dersler giriziler. Bu dersleri tejribeli halypalar – Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, at gazanan sungat işgärleri, kafedranyň dosentleri alyp bararlar.
- “Şasenem we Garyp” operasynyň gaýtadan goýulmagy hem-de 2008-nji ýylda onuň tomaşaçylara görkezilmegi ýurdumyzyň opera sungatynyň gaýtadan dikeldilmegini alamatlandyrdy – diýip, Türkmenistanyň at gazanan artisti, aýdym we opera sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Mämmetmyrat Anamyradow gürrüň berýär. – Şondan soň beýleki operalaryň ilkinji görkezişleri boldy. Olary gaýtadan dikeltmekde, şeýle hem häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda sahnalaşdyrylmagyna baş geňeşçi hökmünde halypa halk artistimiz, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň goşandy örän uludyr. Maýa Kulyýewa hakykatdan-da türkmen teatr sahnasynyň rowaýatydyr we ol opera artistleriniň täze nesilleri üçin hakyky nusga bolup durýar.
Giriş synaglary tamamlandy, synag toparlarynyň agzalaryna iň zehinli ýaşlary seçip almak aňsat düşmedi. Talyplyga dalaş edýänleriň ählisi ýörite orta sazçylyk okuw mekdeplerini tamamlanlardyr, olar ýokary okuw mekdebinde okuwy dowam etdirmek üçin ýeterlik bilimlere we tälimlere eýedirler. Täze, “opera sungaty” hünäri boýunça talyp bolmak hukugyna ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşlaryň iň zehinlileriniň dalaş edendikleri buýsançly ýagdaýdyr. Esasan-da gyzlar milli operalardan we belli daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, öz ukyplaryny görkezdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder