1 Ağustos 2015 Cumartesi

Prezidentimiz Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew 2015-nji ýylyň 3-nji awgustynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenabat şäherinde 836 orunlyk köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp hem-de lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryp gurmak barada “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany, şol köpugurly hassahana üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we köpugurly hassahanany 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 





Hiç yorum yok:

Yorum Gönder