Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekişiň başlanýan senesini kesgitledi. Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada girişildi.
Asylly däbe görä, beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, hormatly ýaşulular ekiş möwsümine ak pata berdiler. Olar ekiş üçin ýokary derejede taýýarlanan topraga “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip, tohum taşladylar. Hormatly ýaşulular we olaryň ýaşajyk kömekçileri galla ekişini dowam etmegi mehanizatorlara geçirdiler. Olar ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalara ussatlyk bilen erk etmek arkaly bugdaý ekişine girişdiler.
Şu ýyl ýurdumyz boýunça 760 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekiler. Gallaçy kärendeçiler ondan 1 million 600 müň tonna ak bugdaý almagy meýilleşdirdiler. Şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welýatynda bolsa 120 müň tonna bugdaý öndüriler.
Türkmen daýhanlary bu jogapkärçilikli möwüme ykjam taýýarlyk gördüler. Olar galla oragyndan boşan meýdanlarda öz wagtynda sürüm işlerini geçirip, bugdaý ekmek üçin niýetlenen meýdanlary dökünler bilen iýmitlendirdiler. Ekişe ýokary hasylly we ýokary hilli azyklyk bugdaýyň tohumy irgözinden taýýar edildi. Hususan-da, şu ýyl bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “ Ýolöten-3”, ‘Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Wassa”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko” şeýle hem “Krupinka” sortlary ekiler.
Gallaçy kärendeçiler zerur bolan oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edildi. Ýurdumyzyň merkezi pudaklaýyn düzümlerinde TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, ekiş möwsüminde Türkmenistan boýunça “”Klaas”, “Keýs”, “Jon Dir”, “Belarus-80N” we “Belarus-82.1” ýaly ýokary öndürijilikli sürüm traktorlarynyň 2 müňden gowragy we bejergi traktorlarynyň 5 müňisi, şeýle hem 1670-den gowrak ekiş tehnikalary we beýleki enjamlar ulanylar. Şeýlelikde, ekiş möwümini bellenen wagtda tamamlamak üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi bol hasyl almagyň baş şertidir.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda oba hoşjalyk pudagyna möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalyk pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Munuň özi obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzüminiň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagyndan, pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginden, suwaryş ulgamy we suw üpjünçilik meseleleriniň oňyn çözülmeginden ybaratdyr. Oba senagat toplumy üçin häzirkizaman traktorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alýanýar.
Şeýlelikde, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda geçen ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň buýarmasy esasynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen elewatorlaryň 8-si ulanmaga berildi. Olaryň umumy sygym möçberi 360 müň tonna bugdaýa barabardyr. Her elewatoryň çäginde sagatda 10 müň tonna bugdaýy arassalaýan tohümlyk bugdaýy taýýarlaýan bölüm hereket edýär.
Şeýle hem kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna, ýer eýelerine, mehanizatorlara oba hojalyk önümçiliginiň çykdajylaryny maliýeleşdirmek, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin ýeňillikli şertde bank karzlary berilýär. Bugdaýy satyn alyş nyrhynyyň yzygideri ýokarlanmagy oba zähmetkeşleriniň zähmete bolan höweslerini ýokarlandyrýar.
Şunuň biler bir hatarda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamanyň” we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde türkmen obalarynyň durmuş derejesini düýpli özgerdýän düýpli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň azyklyk bugdaýy eksport edýän ýurda öwrülmegi döwlet ösüşi nukdaýnazardan has-da ähmiýetlidir. Şeýle hem şu ýyl biziň ýurdumyzyň 2015-nji ýyl boýunça döwür üçin bu guramanyň maksatnamasynda kesgitlenen we Müňýyllyk ösüş maksatnamalarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýeten derejesi üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygyny bellemeli. Munuň özi ýrdumyzda içerki bazary özümizde öndürilýän galla bilen doly üpjün etmek we azyk bolçulygyny ýola goýmak boýunça wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlamagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Bugdaýly”, Balkan welwaýatynyň Serdar etrabynyň “Azady”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Gökçäge”, Lebap welýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň “Bereket” we Mary welýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Birleşik” daýhan birleşiklerinde ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň, welýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, “Türkmengallaönümleri” we “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň, Suw hojalygy ministrliginiň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylayrynyň, agronomlarynyň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň we holrmatly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýörite mashatlar geçirildi. Maslahatlarda galla ekişinde agrotehnikanyň häzirkizaman usullaryny we bu babatda öňdebaryjy tejribäni ulanmak arkaly ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar oba zähmetkeşleriniň netijeli işi, Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň artdyrylmagyna mynasyp goşant goşýan ýer eýelerine döwrebap iş we durmuş şertleriniň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maslahatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynda öndürilen önümleriň, şeýle hem oba hojalyk pudagynda bar bolan döwrebap tehnikalaryň sergisi guraldy. Bu waka mynasybetli welýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlary ýörite konsert maksatnamasyny taýýarladylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder