Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Irden belen mertebeli myhman öz üsin niýetlenen kabulhanadan Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde, Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlarda oňyn häsiýete eýe bolup durýar.
Dostluk ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň baştutanlary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit derejesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň giň meselelerine garadylar. Söhbetdeşler netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň şol kuwwatdan netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge taýýardygyny nygtadylar.
Duşuşygyň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin açylýan täze mümkinçilikler bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada özara gyzyklanma bildirip, pikir alyşdylar. Söwda-yksysady ulgam, ýangyç-energetika toplumy, energetika, ulag we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri gumanitar ulgamda özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, iki ýurduň arasyndaky bilim we ylym, şeýle hem medeni ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Iki ýurduň dostlukly halklaryny bolsa taryhy we ruhy ýakynlyk baglanyşdyrýar.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler “Ruh” otagynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder