26 Ağustos 2015 Çarşamba

Turkmen Uşuçylary Dünýä Çempionatyna Taýýarlyk Görýärler

Paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda uşu boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän türgenler kesgitlenildi. Bu ýaryş bilen bilelikde ýakyn wagtlarda dünýä çempionatynda Watanymyzyň sport abraýyny goramaga erkekleriň we zenanlaryň arasynda saýlama ýaryş hem geçirildi.

Ýetginjekler 7 ýaşdan 14 ýaşa çenli aralykda, 4 sany ýaş toparynda iki ugur - taolu (toplumlaýyn maşklar) we sanda (başa-baş tutluşyklar) boýunça medallar ugrunda bäsleşdiler.  Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we Uşu milli federaisiýasy tarapyndan geçirilen bu ýaryşlara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bu gadymy söweş sungaty bilen meşgullanýan türgenleriň 130-dan gowragy gatnaşdylar. 

Ýaş türgenleriň tutluşyklary diňe bir gyzykly bolman, eýsem-de örän çekeleşikli bolýandygy bilen tapawutlanýar. Bu tutluşyklar ýaş türgenlerde geljekde uly ýaryşlarda üstünlik gazanmak üçin zerur bolan tutanýerliligi we ruhubelentligi terbiýeleýär. 

Ýetginjekleriň arasynda aşgabatly Ýazmyrat Annamyradowdan, Nurmyrat Babaýewden we Begenç Hallyýewden tälim alýan türgenler ýaryşa has taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Olar altyn medallaryň 12-sini eýelediler. Umumy toparlaýyn bäsleşikde ikinji orna Daşoguz uşu mekdebiniň türgenleri (tälimçileri Döwletgeldi Sapardurdyýew we Begli Aýdogdyýew) mynasyp boldular. Olar 8 altyn medaly eýelemegi başardylar. Jumamyrat Garlyýewden tälim alýan Balkan welaýatynyň topary olardan bir medaly az gazanyp, üçünji orna mynasyp boldy.  

Milli ýygyndymyza seçip almak erkekleriň arasynda 7 agram derejesinde, zenanlaryň arasynda 2 agram derejesinde geçirildi. Ozal hem halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek üstünlik gazanan aşgabatly türgenler bu bäslpeşikde-de garşydaşlaryndan ýokary netije görkezider. 

60 kilograma çenli agram derejede aşgabatly Çarygylyç Tagangylyjow ynamly ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň başlygy Ý.Annamyradowyň şägirdi bolan bu türgen dürli halkara ýaryşlarynda sekiz gezek ýurdumyzyň sport abraýyny gorady we ol ýaryşlaryň hemmesinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardy. 

Mundan başga-da, geçen aýda Tbiliside geçen Gruziýanyň 8-nji halkara çempionatynda ýaryşyň guramaçylary Ç.Tagangylyjowa altyn medal bilen birlikde “Iň tilsimli türgen” üçin ýörite baýragy hem gowşurdylar. Şeýle baýrak bilen ýaryşda diňe bir türgen sylaglanylýar. Uşu söweş sungaty boýunça Russiýadan, Hindistandan, Bolgariýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan gelen 400 töweregi türgeniň arasynda  ildeşimiziň şeýle baýraga mynasyp bolmagy örän guwandyryjydyr. 

Şeýle hem saýlama ýaryşda aşgabatly türgenler Rahat Rahymow (65 kilograma çenli agram derejesinde), Goçmyrat Jumanyýazow (70 kilograma çenli agram deresinde) we Muhammet Gurbanow (80 kilograma çenli agram derejesinde) ýeňiş gazandylar. Altyn medallaryň beýleki dördüsini daşoguzly türgenler Şyhnazar Jumanyýazow (85 kilograma çenli agram derejesinde), Erkin Kişikow (90 kilograma çenli agram derjesinde), Aýgözel Gurbangeldiýewa (48 kilograma çenli agram derejesinde) we Ogulnur Hudaýbergenowa (56 kilograma çenli agram derejesinde) eýelediler. 

Indi Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň ýolbaşçylary bu türgenleriň arasyndan noýabr aýynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda ýurdumyzyň sport abraýyny goramaly türgenleriň bäşisini saýlap alarlar. Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 90-dan gowrak döwlet, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndysy hem isleg bildirdi. Bu dünýä çempionaty has hem dabaraly geçer diýlip çaklanylýar. Ýaryşyň dabaraly açylyşyna Hytaý söweş sungatynyň meşhur ussatlary, dünýä belli kino artistler – Jeki Çanyň we Jet Liniň gatnaşjakdyklary eýýäm mälim boldy. 

Sportuň uşu görnüşi ýyl geldigiçe dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu söweş sungaty boýunça ýaryşlar 1990-njy ýyldan bäri Aziýa oýunlarynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem uşu 2008-nji ýylda Pekindäki Olimpiýa oýunlarynda hem-de Hytaýda bolan ýetginjekleriň II Bütindünýä Olimpiýa oýunlarynda görkezme görnüş  hökmünde ýaryşyň sanawyna goşuldy. Ýeri gelende aýtsak, ýetginjekleriň arasynda geçen bu ýaryşda türkmenistanly türgenler bürünç medala eýe boldular. 

Häzir uşu 2020-nji ýylda Ýaponiýada gepçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna goşulmaga dalaş edýär. Sportuň bu täze görnüşiniň dünýäniň esasy ýaryşlarynyň sanawyna girizilmegi hakynda karar geljek ýyl Braziliýada geçiriljek XXXI Olimpiýa oýunlarynyň barşynda Halkara Olimpiýa komietiniň nobatdaky mejlisinde kabul ediler. 

Jakartada geçjek dünýä çempionaty barada aýdylanda bolsa, garşydaşlaryň güýçlüligine garamazdan, toparymyzda medallary eýelemäge oňat mümkinçilik bar. Türkmen türgenleriniň öňki gazanan üstünlikleri bu aýdylanlara güwä geçýär. Türkmen türgenleri halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň dördüsine, şol sanda ýylyň başynda Eýranda geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionaty we awgustyň başynda (Hytaýyň Içerki Mongoliýa prowinsiýasnyň) Ksilinhot şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatyna gatnaşdylar. Bu ýaryşlarda ildeşlerimiz medallaryň 28-sini gazanmagy başardylar. Olaryň 11-si altyn, 6-sy kümüş we 11-si bütünç medallardyr. 

Geljek aýda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda “Pars  Kubogy” ugrunda nobatdaky halkara ýaryş geçiriler. Bu ýaryş türkmen türgenlerine Indoneziýada geçjek dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oňat synag bolar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder