19 Ağustos 2015 Çarşamba

BMG-niň Ilat Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Direktory Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistana iş sapary bilen gelen, BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasary, BMG-niň Ilat Gaznasynyň (BMG-niň IG) Ýerine ýetiriji direktory j-p Babatunde Osotimehiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň gazanylan netijeleri bilen hoşallygyny beýan edip taraplar, Türkmenistanyň we BMG-niň IG-niň arasynda saglygy goraýyş, reproduktiw saglyk we ýaşlar syýasaty boýunça taslamalarynyň we maksatnamalarynyň çägindäki özara gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Gaznanyň Tükmenistanyň Hökümetine ilat çygryndaky dürli taslamalary durmuşa geçirmekde tehniki we usullaýyn ýardamlary bermek boýunça  geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Ilat Gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory Adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglyk boýunça başlangyç çäreleriniň minimal topary boýunça Milli iş meýilnamasynyň Türkmenistanda kabul edilmegini hoşallyk bilen belledi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň gender syýasatynyň hem-de enäniň we çaganyň saglygyny goramakdaky üstünliklerini bellediler. Şeýle hem 2016-2020-nji ýyllar üçin Durnukly ösüşiň maksatlarynyň ýurt boýunça täze Maksatnamasyny işläp düzmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder