Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Wise-prezidenti j-p Wençaý Žangyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösdürilmeginiň meseleleri barada pikir alyşmalar geçirildi.
Şeýle hem, energetika, senagat, ulag we söwda ýaly esasy ugurlar boýunça taraplaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Telekeçilik we bank ulgamy ýaly pudaklarynda gatnaşyklary berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Gepleşikleriň çäginde taraplar Merkezi Aziýa sebiti boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çaginde gatnaşyklary ösürmäge üns berdiler. Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti AÖB-niň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalarynyň we maksatnamalaryň çäginde geljekde bilelikdäki işe taýýardygyny aýan etdi we hyzmatdaşlygyň netijelerine bütinleý kanagatlanma bildirdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder