Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly eserler ýygyndysynyň nobatdaky 8-nji kitaby türkmen we rus dillerinde çapdan çykdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanan kitapda hronologiki tertipde döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, söhbetdeşlikleriň, gutlaglary ýerleşdirildi. Geçen ýyl täze haýran galdyryjy üstünliklere beslendi. Munuň özi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Kitabyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşlaryndan şu jümleler ýerleşdirildi: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda syýasy durnuklylyk we agzybirlik höküm sürýär... Döwletimiziň durnuklylygyny, halkymyzyň abadançylygyny we agzybirligini gorap saklamak ata Watanymyzyň rowaçlygynyň özeni bolup durýar... Öz maksatlaryna ýetmek – bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, mähriban halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrmak ugrunda berkarar Watanymyz öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar”.
Neşir “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň döredijilikli güýç-kuwwaty” diýen gysgaça seljeriş syny bilen açylýar. Onda türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky möhüm wakalar şöhlelendirilýär, milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynda öz beýanyny tapan syýasatynyň ynsanperwerlik manysy açylyp görkezilýär. Makalada şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça amala aşyrýan köpugurly işi, döredijilikli daşary syýasat ugrunyň esasy meseleleri hem-de dünýä bilelişiginiň giň goldawyna mynasyp bolan halkara oňyn başlangyçlary beýan edilýär.
“Gahryman Arkadagymyz—täze eýýamy dörediji” atly makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetiň ösüş kanunlaryny ýerlikli peýdalanmagy başarmak hem-de döwlet häkimiýetini amala aşyrmagy iş ýüzünde ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly, örän oýlanyşykly, ylmy týdan esaslandyrylan we hemmetaraplaýyn ölçerilen syýasaty alyp barýandygy nygtalýar.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz türkmenleriň gylyk-häsiýetiniň hamyrmaýasy bolan etiki gymmatlyklarynyň we ruhy däp-dessurlarynyň, ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynyň hil taýdan ilerlemelerine täzeçe düşünmegiň esasynda täze döwlet ideologiýasyny kemala getirdi. Ol jemgyýetiň düşünjeliligini ösdürmekde birinji derejeli orny eýeleýär, çünki Türkmenistanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, “islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösmegi köp babatda jemgyýetiň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär”. Türkmen Lideriniň döwlet strategiýasy halkyň bähbidini aramak bilen, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine we geljekde täze taryhy döwrüň beýik maksatlaryna tarap öňe hereket edilmegine gönükdirilendir.
Makalanyň bölümleriniň birinde häkimiýet edaralarynyň işi jikme-jik seljerilýär. Olaryň esasy wezipesi adamy hemmetaraplaýyn goramakdan, goldamakdan we oňa hyzmat etmekden ybaratdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar, parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň, onuň durnukly ösüşiniň aýrylmaz we kesgitleýji şerti bolan döwletiň hukuk binýadyny we raýatlyk jemgyýetiniň institutlaryny berkitmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça aýgytly ädimler ädilýär, oňa adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, onuň kanuny bähbitlerini goramak ugry boýunça halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary yzygiderli girizilýär. Bu babatda makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlarynyň wajypdygy nygtalýar. Bu iş ýurdumyzyň özüniň täze tapgyrynda çuňňur syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň geçirilýändigi üçin, onuň mazmunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek zerurlygy bilen şertlendirilendir.
Şu bölümde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe syýasy partiýalary döretmek boýunça raýatlara öz konstitusion hukuklaryny amala aşyrmaga hemme mümkinçilikleriň döredilendigi we köp partiýalylyk ulgamyny kemala getirmekde ähmiýetli ädimleriň ädilendigi bellenilýär. Bu bolsa, milli Liderimiziň birnäçe gezek belleýşi ýaly, syýasy ulgamyň täzelenmeginde we berkemeginde, döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde, ýurduň durmuşynda raýat institutlarynyň ornuny ýokarlandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda üç partiýa – Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýasy hereket edýär.
Makalanyň esasy bölegi milli Liderimiziň ykdysady syýasatynyň netijelerine bagyşlanýar. Bu syýasatyň baş maksady Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmekden ybaratdyr. Uzakmöhletleýin ykdysady syýasatyň binýadynda ylmy çemeleşmäniň, toplumlaýyn meýilleşdirmäniň, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy görnüşleriniň we dolandyrmagyň netijeli usullary ýaly düýpli şertleriň durandygyny bellemek möhümdir.
Makalada nygtalşy ýaly, takyk hasaplamalardan gelip çykýan ykdysady, durmuş we demografik görkezijileriň düýpli seljerilmegi netijesinde, berk ylmy esasda işlenip düzülen bu syýasaty amala aşyrmak görnüp duran netijeleri berýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanda ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk we obasenagat toplumlary, söwda we hyzmat ediş ulgamy, hususy telekeçilik çalt depginler bilen ösýär, bu bolsa biziň ýurdumyza ýer ýüzünde iň köp üstünlik gazanan döwletleriň hatarynda berk orun eýelemäge mümkinçilik berdi.
Makalada 2014-nji ýylda Türkmenistanyň dünýä syýasatynda eýeleýän ornunyň barha artandygyna aýratyn üns berilýär. Geçen ýyl halkara ähmitýetli wakalara baý boldy. Biziň döwletimiziň gazanan üstünlikleri köp babatda onuň daşary syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Şol syýasat bolsa 1995-nji ýylda Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistana berlen Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerine esaslanýar we ösüş arkaly parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä möçberindäki diplomat bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugry yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen Lideriniň öňki we täze hyzmatdaşlar bilen işjeň gerleşiklere açyklygy we taýynlygy ösen halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge we döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan has ýokary täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutanynyň halkara forumlaryndaky çykyşlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bütin wajyplygy we hoşniýetliligi bilen kabul edilmeginiň kanuna laýykdygyny bellemelidiris. Milli Liderimiziň halkara derejedäki şek ýetirip bolmajak abraýy, onuň ajaýyp diplomatik zehini, sebitleýin we ählumumy meseleleri çözmekde ägirt uly goşandy Türkmenistana ýaraşdyryjy-ylalaşdyryjy döwlet hökmünde mynasyp, beýik şöhrat getirdi.
Umuman, okyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady, durmuş we medeni syýasatynyň meselelerine, şeýle hem halk hojalygyna döwlet tarapyndan ýolbaşçylyk etmegiň ýörelgelerine, görnüşlerine we usullaryna, dolandyryş diwanynyň işini yzygiderli kämilleşdirmäge bagyşlanan işleriniň 96-sy bilen tanşyp bilerler. Nobatdaky kitapda ýerleşdirilen materiallar ýene-de 2014-nji ýylyň esasy wakalarynyň giňişleýin synyna ýüzlenmäge hem-de olaryň döwletiň syýasy we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, onuň ykdysady taýdan gülläp ösmegi, jemgyýetiň ruhy ösüşi we durmuş abadançylygy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy hem-de onuň global syýasatdaky ornunyň berkidilmegi üçin şol wakalaryň ähmiýetine baha bermäge mümkinçilik berýär.
Nobatdaky kitap ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň okgunlylygyny, türkmen Lideriniň täzeçil özgertmeler pikirleriniň çuňlugyny, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ynsanperwerlik many-mazmunyny aýdyň şöhlelendirýän möhüm ylmy-dokumental we maglumat çeşmesi bolup durýar. Neşir ylmyň, aýratyn hem taryh ylmynyň, jemgyýeti öwrenişiň mundan beýläk-de döredijilikli ösdürilmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri açyk-aýdyň şöhlelendirmek üçin usulyýet we amaly babatda uly ähmiýete eýedir.
Bu kitabyň türkmenistanlylaryň ýaş neslini watançylyk, ynsanperwerlik zähmetsöýerlk we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde, raýat jogapkärçiligi duýgularyny pugtalandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtamalydyrys. Çünki, neşiň her bir setiri, döwlet Baştutanymyzyň her bir pikiri ata Watanymyza bolan çuňňur söýgä, milletiň ruhy gymmatlyklaryna hem-de iň gowy däplerine sarpa goýmaga, halkymyzyň häzirki bagtyýar durmuşy we beýik geljegi baradaky alada ýugrulandyr.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi tarapyndan çap edilen neşir 2014-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalary barada gürrüň berýän suratlar blen tamamlanýar. Şol suratlarda bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhubelentligi aýdyňlyk bilen şöhlelendirilýär. Kitap ylmy-maglumatnama çeşmesi bilen üpjün edilip, goşundyda adam atlarynyň we geografik atlaryň görkezijileri, gysgaltmalaryň sanawy ýerleşdirilipdir.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder