TNGIZT-nyň taryhy kärhananyň medeniýet köşgündäki muzeýde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ösüş taryhy hem-de önümleriň görnüşleriniň sanawy beýan edilýär. Muzeýde görkezilýän eksponatlar, resminamalar, fotosuratlar we beýlekiler ýurdumyzyň iň iri kärhanasynyň gurluşygyndan başlap, häzirki güne çenli taryhyny gaýtadan dikeldýär. 1942-nji ýylda Tuapsanyň nebiti gaýtadan işleýän zawody Hazaryň kenaryndaky türkmen şäherine göçürilip getirilenden soň bu kärhananyň taryhy başlanýar. Zawod gysga wagtyň içinde gurlup, fronta ýangyç iberilip başlanýar. 1943-nji ýylyň senesi bilen bellenen žurnaldaky ýazgyda zawodda öndürilen ilkinji önüm görkezilýär.
Kärhananyň baş hünärmeni Çaryýar Garajaýew muzeýde önümçiligiň öňdebaryjylarynyň we täzelikçilerini şekillendirýän resminamalaryň we fotosuratlaryň wagt yzygiderliliginde ýerleşdirilendigini, şeýle hem bu ýerde kärhananyň önümleriniň ýokary hiline güwä geçýän halkara sergilerinde berlen sylaglaryň hem-de şahadatnamalaryň görkezilýändigini gürrüň berýär. Bu ýerde ilkinji zawodyň hem-de häzirki öňdebaryjy zawodlar toplumynyň kiçeldilen nusgalary hem bar. Zawodda öndürilýän önümleriň nusgalary kärhananyň ösüşi hem-de mazutdan we sintetiki ýuwujy serişdelerden başlap, polipropilene, benziniň ýokary kysymlaryna hem-de hereketlendiriji ýaglaryna çenli önümler barada düşünje berýär.
“Zähmete şöhrat” atly muzeý TNGIZT-nyň we Türkmenbaşy şäheriniň taryhy, medeni we terbiýeçilik merkezidir. Muzeýe kärhananyň işewür hyzmatdaşlary we daşary ýurtly myhmanlary, weteranlar hem-de ýaşlar gelip görýärler, bu ýerde şäheriň mekdepleriniň okuwçylary üçin tanyşdyryş gezelençleri guralýar. Okuwy täze gutaryp diplom alan ýaş hünärmenler bu ýerde öz zähmet ýoluny TNGIZT-nyň taryhynyň muzeýi bilen tanyşlykdan başlaýarlar, bu bolsa şeýle kärhanada işlemek hormatyna buýsanjy artdyrýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder