Türkmenistanda Geňeşleriň agzalygyna we iki saýlaw okrugy boýunça parlamentiň deputatlygyna geçirilen saýlawlaryň jemi jemlenildi
Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezii topar Geňeşleriň agzalygyna we iki saýlaw okrugy boýunça milli parlamentiň deputatlygyna geçirilen saýlawlaryň jemini yglan etdi. Saýlawlar 16-njy awgustda açyklyk we aýanlyk, giň bäsleşik esasynda geçirildi.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezii toparda TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna geçirilen saýlawlar ykrar edildi. Şeýlelikde, ýerlerde halk häkimiýet edaralarynyň agzalygyna 13 müň 528 dalaşgärden 6041-si saýlanyldy. Şol sanda Ahal welaýatynda 973, Balkan welaýatynda 413, Daşoguz welaýatynda 1416, Lebap welaýatynda 1449 we Mary welaýatynda 1790 Geňeş agzalary saýlanyldy. Saýlawlar güni, ýagny 16-njy awgustda ýurdumyzyň ähli 1828 saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň ýokary işjeňlik ýagdaýynda gatnaşandyklary bellenildi.
Ýerli häkimiýet edaralarynyň bir ornuna iki hem-de ondan-da köp wekiliň dalaş etmegi bu saýlawlaryň ýokary demokratik we aýanlyk esasynda geçirilendigini alamatlandyrýar.
Halkyň saýlanlarynyň köpüsiniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň oba hojalyk, döwlet we häkimiýet dolandyryş guramalarynyň işgärleridigini, syýasy paritýalaryň, jemgyýetçilik, guramalarynyň hem-de birleşmeleriniň wekilleridigini bellemeli.
Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglarynda milli parlamentiň deputatlygyna geçirilen saýlawlar hem ykrar edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna G.Mämmedowa we A.Şajykow saýlanyldy.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisiniň barşynda saýlaw okruglary boýunça milli synçylaryň işiniň netijeli bolandygy bellenildi. Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutularynyň açylyşyna gatnaşdylar. Olar ses berlişiniň öňüsyrasynda saýlaw uçastoklarynda bolup, onuň barşyna, sesleriň sanalyşyna, okruglar boýunça saýlawlaryň netijeleriniň we umumy jemleme çärelerine gatnaşdylar.
Saýlaw uçastoklarynyň häzirkizaman aragatnaşygyk enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde maglumatlary işläp taýýarlamak hem-de olary Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara ugratmak işleri bökdençsiz alnyp baryldy.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Geňeşleriň agzalygyna saýlanan agzalaryň sanawy tassyklanyldy. Olar hereket edýän milli kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda ýakyn wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap ediler.
Umuman aýdanyňda, Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan we ýurdumyzda gadymy milli däpleriň biri bolan halk häkimiýet ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Jemgyýetçilik-syýasy ulgamda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ornuny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler, döwlet gurluşy işine giň halk köpçüligini çekmek milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşlarynda birnäçe gezek belleýşi ýaly, ähli sebitlerde, etraplarda, şol sanda ýurdumyzyň iň çetdäki obalarynda geçirilýän we türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeleriň netijeliligi ýurdumyzda meýilleşdirilen giň möçberli ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň girewidir.
Şeýlelikde, Geňeşleriň täze saýlanan agzalarynyň hem-de milli parlamentiň deputatlarynyň öňünde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň we ösüşiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak wezipesi durýar. Diýmek, halkyň saýlan adamlary watandaşlarymyz tarapyndan bildirilen ynamy uly jogapkärçilik bilen ödäp, özleriniň anyk işleri bilen jogap bermelidirler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder