6 Nisan 2015 Pazartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Sport Desgalaryň Açylyşyna Gatnaşdy

Paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sport ulgamynyň täze desgalary açyldy.Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, “Bagtyýarlyk” sport toplumynyň hem-de “Aşgabat” stadionynyň ýanyndaky tennis meýdançasynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli özgertmeleriň baş maksadynyň halkyň abadan durmuşy, ýaş nesilleriň, raýatlaryň her biriniň mümkinçiliginiň açylmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Häzirki zaman Türkmenistan geljege ymtylýan ýurt bolup, onuň ajaýyp geljegi ilatyň, milletiň saglygy baradaky alada bilen ysnyşykly baglanyşyklydygynda görünýär. Ýurdumyzda sport desgalarynyň gurluşyklaryna badalga berip, ýokary üstünlikler sportuny, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň sagdyn ýaş neslini terbiýelemek meselelerine uly üns berýän milli Liderimiz bu desgalaryň ähmiýetiniň diňe sport ulgamynyň çäklerinden çykýandygyny belleýär. Çünki olar adamyň kämilleşmegine, boş wagtyny peýdaly we işjeň geçirmegine çekilmäge, şahsyýetiň hem-de jebisleşen ruhy galkyndyrmak, erk we erjellik, ýokary netijelere ymtylyş ýaly häsiýetleriň terbiýelenmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şu babatda sportuň düzüm bölekleri onuň özboluşly özenine öwrüldi. Onuň töwereginde medeni-köpçülikleýin we durmuş-wagyz ediji işleriň ençeme täze görnüşleri döreýär. Bu hem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerijileriň hataryna ýaşlaryň barha köpsanlysynyň çekilmegine, ýaş türgenlerde hünär ussatlyklaryny artdyrmaga ymtylyşlaryny hem-de uly üstünlikleri gazanmagy höweslendirmäge ýardam etdi. Muňa ýurdumyzda barha giňelýän Olimpiýa hereketi hem şaýatlyk edýär.

Aziýa Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi hem ýurdumyzyň sportuny ösdürmek üçin ähmiýetli waka boldy. Şol çözgüde laýyklykda, Aşgabat Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, 2017-nji ýylda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk aldy. Bu oýunlar paýtagtymyzda bina edilýän ajaýyp Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Bu şäherçe 30-a golaý desgalary özünde birleşdirip, diňe bir islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge ukyply bolman, eýsem, türkmen türgenleri üçin okuw-türgenleşik merkezine, ýurdumyzyň türgenlerini we milli toparlaryny dünýä, Aziýa çempionatlaryna hem-de Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin oňat binýada öwrüler.

Hawa, ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak abraý hasaplanýar. Şunda sportuň özi ruhubelentligiň we sagdynlygyň nyşany hökmünde beýleki durmuş özgertmeleri üçin hem hereketlendiriji güýje öwrülýär. Muňa ýurdumyzda şu günler geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygy mysal bolup durýar. Onuň şygarynda ruhy we beden sagdynlygy baradaky gymmatly düşünjeler birleşendir.

... “Bagtyýarlyk” sport toplumynyň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar we onuň myhmanlary garşylaýarlar. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri we elbetde, köpsanly türgenler, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň myhmanlary we daşary ýurtly işewürler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy sport toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde saklanýar. Owadan milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar.


Dabarada ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirýärler. Olar wokal, horeografiýa kompozisiýasyny ruhubelentlik bilen ýerine ýetirip, umumy tansa akrobatikanyň, depginli ýerine ýetirilýän we çeper gimnastikanyň, sportuň beýleki görnüşleriniň öwüşginlerini goşýarlar. Bu çykyşy türgenleriň beýikligine “üç gatly” piramidasy jemleýär.

Sport lybasyny geýinen döwlet Baştutanymyz merkezi girelgä tarap barýar hem-de bu ýere ýygnanlaryň şowhunly ýaňlanýan “Arkadaga şöhrat!” diýip, joşgunly el çarpyşmalarynda toý bagyny kesip, “Bagtyýarlyk” sport toplumyny açýar.

Meýdany 38 müň inedördül metrden gowrak bolan täze, köpugurly sport desgasy Azady we Hydyr Derýaýew köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurluşyk işlerini “Belent jaý” hususy kärhanasy amala aşyrdy.

Toplumyň düzüminde ýüzülýän howuzlary, şol sanda çagalar üçin howuzlary, hem-de iki sany akwaparky bolan toplum, futbol meýdançasy, tennis meýdançasy, gimnastika we boks zallary, bilýard,woleýbol, basketbol we gandbol oýunlary üçin zal, iki sany türgenleşik zaly, toparlaryň pökgüli oýunlary üçin üsti açyk sport meýdançasy girýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde her kim öz islegine görä meşgullanyp biler. Toplumyň düzüminde amatly kafeler hem bar. Olarda yhlasly türgenleşiklerden soň, tagamly önümler bilen garbanyp bolar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, täze sport toplumynda ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmäge taýýar bolup, toparlaryň oýunçylary ýygnanan woleýbol-basketbol meýdançasynyň ýanynda saklandy. Milli woleýbol federasiýasynyň başlygy ähli türgenleriň adyndan Bütindünýä saglyk gününe gabatlanan şu ajaýyp sowgada, täze “Bagtyýarlyk” sport toplumynda türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler netijesinde soňky ýyllarda türkmen türgenleri dünýä derejesindäki sport ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzyň sportuny ösdürmäge uly üns berýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Milli Liderimiz meýdançanyň tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşýar. Türgenleriň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz duşuşygyň başlanmagyna ak pata berip, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda pökgini oýna girizýär.

Dessine depginli oýunlar ýaýbaňlandy. Döwlet Baştutanymyz oýnuň ilkinji böleginden soň, türgenleriň haýyş etmegi bilen, pökgüniň ýüzüne gol çekip berdi. Bu pökgi indi “Bagtyýarlyk” sport toplumynyň gymmatly ýadygärligine öwrüler.

Soňra hormatly Prezidentimiziň barýan ugrunda milli Liderimizi goşgular, tanslar we aýdymlar bilen körpeler garşyladylar. Sportuň dürli görnüşlerini özleşdirmekde öz ukyplaryny ýaş türgenler hem uly joşgun bilen görkezdiler. Milli Liderimiz olar bilen gürrüňdeş boldy, täze sport toplumyndan özlerinde galan täsirler barada sorady hem-de olara sport bilen hemişe dostlaşmagy, okuwlarynda oňat üstünlikleri arzuw etdi.


Döwlet Baştutanymyz öz ýoluny dowam etdi we hemme ýerlerde hormatly Prezidentimizi elleri baýdakly türgenleriň toparlary mübäreklediler.

Soňra döwlet Baştutanymyz suw-sport merkezine baryp, suwda ýüzmek we sportuň beýleki suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýerleri gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz suwda tiz ýüzmek üçin ýodajyklary bolan uly howzy synlady, bu ýerdäki suwda ýüzüjileriň we olaryň tälimçileriniň merkeziň işleri baradaky pikirleri bilen gyzyklandy.

Türgenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň saglygy baradaky ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol aladanyň netijesinde bedenterbiýe we sportuň ösdürilişi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek döwletiň ileri tutulýan wezipeleriniň derejesine ýetirildi. Türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler, gürrüňsiz, has ýokary sport üstünliklerini gazanmaga höweslendirer.

Türgenleri bu ajaýyp sport desgasynyň açylmagy bilen gutlap, milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda sport hereketini ösdürmek üçin ulanmaga berlen desganyň uly ähmiýetini belledi.

Merkeziň binasynda şeýle hem suwly belentlikler we haýwanjyklaryň şekilleri bilen owadan bezelen çagalar bölümi bar. Bu ýerde körpeleriň suwda isledigiçe ýüzüp bilmekleri üçin hemme şertler döredilipdir. Şadyýan güýmenjeleriň barşynda boş wagty sagdyn hereketler üçin işjeň we peýdaly sarp etmäge endik edip bolar.

Soňra milli Liderimizi döredijilik çykyşlary bilen çagalar şatlykly garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oglanjyklaryň birinden suwda ýüzmek bilen meşgullanmagyň oňa näderejede gyzyklydygyny sorady. Oglanjyk özüniň eýýäm iki ýyl töweregi suwda ýüzmek bilen meşgullanýandygyny, bu ugurda sport ussatlygynyň syrlaryny ele almak isleýändigini aýtdy, soňra hut şuňa garaşyp durýan ýaly, egin-eşigini çykardy-da suwa bökdi. Ol kenardan-kenara çenli ilki krol, soňra brass görnüşinde tiz ýüzüp geldi. Onuň bu hereketlerinden milli Liderimize öz ukybyny uly kanagatlanma bilen görkezendigini görmek boldy.

Suwda ýüzmegi oňat öwrenendigi üçin oglanjyga berekella aýdyp, döwlet Baştutanymyz çagalara suwda ýüzmegiň uly peýdasy, onuň bedene ähmiýetli täsiri, dem alyş ýollaryna, öýkeniň zerur bolan giňemegine, ähli myşsalaryň berkemegine we bedeniň oňat keşbiniň kemala gelmegine örän oňaýly peýdasy barada gürrüň berdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz, umuman, bedenterbiýäniň bolşy ýaly, suwda ýüzmegiň ynamlylygy, terbiýeliligi, özbaşdaklylygy hem-de çaganyň beýleki şahsy häsiýetlerini ösdürýändigini belledi.


Döwlet Baştutanymyz binanyň ikinji gatyna galdy. Onuň açyk eýwanyndan uly howuzda uly ýaşly türgenleriň arasynda suw estafetasynyň geçirilişini synlady. “4 x 25” utgaşykly ýaryşda suwda ýüzmegiň dürli görnüşleri, ýagny brass, krol, batterflýaý we arkanlygyna ýüzmek görnüşleri görkezildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýoluny dowam edip, sport toplumynyň indiki desgasyna bardy. Onuň öňünde milli Liderimizi çagalaryň toparlary garşylady. Çagalar bu güne degişme-oýun görnüşinde öz sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Olar öz çykyşlaryna ähli başarnyklaryny siňdirip, sportuň haýsy görnüşlerini halaýandyklaryny örän täsirli gürrüň berdiler. Ýaş ştangaçylaryň, boksçularyň we beýleki ýaş türgenleriň hyjuwly hereketleri dabara gatnaşyjylaryň ählisinde ajaýyp ýylgyryş we mynasyp el çarpyşmalary döretdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen söhbetdeş bolup, toparlaýyn oýunlar üçin köpugurly zaly bolan bina geldi. Görkezme duşuşygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň tälimçisi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa türgenleriň ösüp gelýän nesilleri hakdaky aladasy üçin çäksiz hoşallyk bildirdi hem-de tälimçiler düzüminiň milli Liderimiziň ýurdumyzyň sport mekdebiniň ýaş nesliniň terbiýelenmegi baradaky öwüt-ündewlerine mynasyp jogap berjekdiklerine ynandyrdy.

Ilkinji minutlardan öz depgini bilen bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çeken oýun başlandy. Pökginiň tora girmegine getirýän çylşyrymly urgular duşuşygyň şüweleňini artdyrdy. Garşydaşlar gezekli-gezegine hüjüm etdiler. Olaryň dürs hereketleri myhmanlary agzybir el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Ruhuňy göteriji şeýle duşuşyklar futbol, tennis meýdançalarynda hem-de Bütindünýä saglyk gününiň öň ýanynda türkmen paýtagtynda ulanmaga tabşyrylan “Bagtyýarlyk” täze sport toplumynyň beýleki meýdançalarynda hem geçirildi.

Biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenilen diplomatik edaralaryň wekilleri has hyjuwly janköýerlik etdiler.

Biraz soňra daşary ýurtly diplomatlar hormatly Prezidentimiz bilen söhbetdeşlikde biziň basketbolçylarymyzyň ussatlyk derejesine hem-de täze sport toplumynyň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Bu toplum gürrüňsiz suratda ajaýyp türgenleşik binýady we işjeň dynç almagy halaýanlary, gyzykly ýaryşlaryň tomaşaçylaryny özüne çekýän ýere öwrüler.

Milli Liderimiz diplomatlara boş wagtlarynda sport bilen meşgullanmak üçin täze topluma gelmegi teklip etdi.


Şu ýerde, “Bagtyýarlyk” toplumynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň baş sekretary jenap Jawad Mottagini kabul etdi

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de özüniň wekilçilik edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Jenap Mottaginiň belleýşi ýaly, ýurdumyzda, şol sanda “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly halkara maslahatyna we onuň çäklerinde geçirilen Halkara sport media-forumyna gatnaşmak üçin onuň häzirki saparynda depginli ösýän Türkmenistanyň üstünlikleri we gazananlary, bütin dünýäde ykrar edilýän türkmen Lideriniň özgertmeler işiniň täsin galdyrýan netijelerini gözi bilen görüp, tanyşmaga örän oňat mümkinçilik döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dünýäniň habarlar giňişligine has-da ýakynlaşmagyna, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm wakalaryny hemmetaraplaýyn şöhlelendirmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Şu maksat bilen, ýurdumyzda mass-mediany ösdürmek, täze çap we elektron neşirlerini döretmek, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, Internet ulgamyna elýeterliligi giňeltmek boýunça maksadalaýyk işler geçirilýär.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman maglumat babatda özara gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň habarlar gullugyna agzalyga girmegi netijesinde Türkmenistanyň hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni – gumanitar durmuşy baradaky dessin habarlary, syn beriş materiallary yzygiderli alyşmak üçin giň mümkinçilikler açyldy.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dünýä ýaýmak söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, Aziada – 2017 Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagy we maksatnama sportuň täze görnüşleriniň goşulmagy netijesinde bu ýaryşlaryň taryhynda iň ulusy bolar. Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň agza kompaniýalarynyň 100-den gowragy türkmen paýtagtyndan täzelikleri we reportažlary 60-dan gowrak ýurtda milliardlarça tomaşaçylara tele we radio ýaýlymlar arkaly ýetirmegi meýilleşdirýär. Eýýämden V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň, hakykatdan-da, taryhy waka öwrüljekdigini we Türkmenistany yklymyň, Aziýa Olimpiýa hereketiniň kartasynda aýdyň ýüze çykarar diýip, jenap Jawad Mottagi aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň arasynda netijeli özara hereketleriň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täze sport toplumyndan ugrap, milli Liderimiz onuň täze eýelerine-türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine sport äleminde we durmuşda täze üstünlikleri arzuw etdi.


Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary we ony işjeň wagyz ediji, sport bilen yzygiderli meşgullanmakda watandaşlarymyza ajaýyp görelde görkezýän döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda dürli sport desgalarynyň, şol sanda döwrebap stadionlaryň we sport mekdepleriniň gurluşygy yzygiderli ýaýbaňlandyryldy. Bularyň ählisi türgenler üçin, ilkinji nobatda, ýaşlar üçin öz ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmäge, diýmek, geljekki sport üstünlikleri üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Bu gün sporta eýerijileri has-da özüne çekip biljek hem-de halkara derejeli ýaryşlary kabul edip biljek desgalaryň hataryna ýene-de biri—“Aşgabat” köpugurly stadionynyň ýanynda tennis meýdançasy goşuldy.

Owadan bezelen täze meýdança uly baýramçylyga beslenipdir. Bu ýere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza owadan gül desselerini gowşurýarlar. Stadionyň merkezi girelgesiniň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp aýdym-saz çykyşlary ýaňlanýar. Elleri tennis esbaply tansçylar täsin kompozisiýany ýerine ýetirýärler. Yhlas siňdirilen bu hereketlerde owadan oýnuň gözelligi duýulýar.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy döwlet Baştutanymyza desgany açyp bermäge we görkezme çykyşlara başlamaga taýýardygy barada hasabat berýär hem-de pökgini oýna girizip, ak pata bermegi haýyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz pökgä urgy geçirýär we meýdançada tennis ýaryşy başlanýar. Milli Liderimiz ilkinji duşuşygy toplumyň tomaşaçylar üçin niýetlenen ýerinden uly gyzyklanma bilen synlady.

Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabatabatlaýyşgurluşyk” önümçilik birleşigi bu desganyň baş buýrujysy bolup çykyş etdi, taslama boýunça ähli gurluşyk işlerini bolsa “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy ýerine ýetirdi.

Desganyň umumy meýdany 11 müň 242 inedördül metr bolup, onda merkezi meýdança we standart ölçegli türgenleşik meýdançalary ýerleşdirilipdir. Olar ýokary derejeli oýunlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Tomaşaçylar üçin orunlar 560 adama niýetlenendir. Tennis toplumyna 80 awtomobil üçin ulag duralgasyny goşmak bilen, şeýle desgalaryň döwrebap düzümleri üçin zerur bolan egin-eşik çalşyrylýan, tälimçiler üçin otaglar we beýlekiler girýär.

Tennis--bu tizlikli we özüne çekiji oýun. Ýurdumyzda esasan ýaşlaryň arasynda sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy artýar. Türkmenistanyň milli tennis merkezi 1992-nji ýylyň aprelinde döredildi. Geçen döwrüň içinde halkara derejesinde ykrar edilen köp tejribe toplanyp, uly üstünlikler gazanyldy. 2003-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä tennis federasiýasynyň doly hukukly agzasy boldy.

Türkmenistanyň Milli tennis merkezi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga dürli ýaşdaky adamlary çekmek boýunça uly işleri alyp barýar. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, şeýle hem “Zehinleriň gözleginde” atly bäsleşigiň çäklerinde mekdebe çenli we mekdep ýaşly çagalaryň arasynda tennis boýunça geçirilýän yzygiderli ýaryşlar, kiçi tennis boýunça guralýan görkezme çykyşlary onuň köpçülikleýin häsiýetli bolmagyna ýardam edýär.

Türkmen tennisçileri halkara ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler. Ýakynda tennisçi ussatlarymyz Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherinde geçirilen abraýly ýaryşlaryň biri bolan Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Şonda olar ady belli garşydaşlaryndan birnäçe ýeňiş gazanyp, finala çykdylar.

Tennis hem 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bu jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk şu gün türkmen paýtagtynda açylan döwrebap tennis meýdançasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olimpiýa şäherçesiniň 4 müň tomaşaçy orunlyk merkezi tennis meýdançasy oýunlaryň baş tennis meýdançasy bolar.

Türkmen türgenleri ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz ulanmaga berilmegi “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin çäreler bilen özboluşly mana eýe bolan täze sport desgalarynyň ýokary hil derejesini kanagatlanma bilen nygtap, bu ählihalk çäresiniň döredijilik, sagdyn durmuş ýörelgelerine we sporta eýermek pikirleriniň töweregine watandaşlarymyzy has-da jebisleşdirmäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda şu gün açylan desgalaryň mähriban halkymyza, häzirki we geljekki nesillerimize hyzmat etjekdigini aýtdy.

Bu günki wakadan ýadygärlik hökmünde döwlet Baştutanymyz uly tennis pökgüsiniň ýüzüne gol çekdi hem-de häzirki sport baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, çykalga tarap ugrady. Bu ýerde türkmen Liderini dabaranyň myhmanlary mübäreklediler. Olar täze sport desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrylandyklary üçin hoşallyk bildirdiler.

Myhmanlaryň arasynda figuralaýyn typmak boýunça russiýaly ajaýyp tälimçi Ýelena Çaýkowskaýa bar. Ol türkmen sportunyň okgunly depginler bilen ösýändigine, halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport düzümleriniň giňelýändigine, täze stadionlara we sport toplumlaryna haýran galyp, özünde galan täsirlerini paýlaşdy. Türkmen sport hereketindäki şeýle uly özgertmeleriň döwlet Baştutanynyň hut özüniň şahsy gyzyklanmagy netijesinde mümkin bolýar diýip, Ýelena Anatolýewna nygtady hem-de Türkmenistanyň sportda uly geljeginiň bardygyny aýtdy.

Dabaralary ajaýyp aýdym-sazly tans çykyşlary jemleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň başyny başlaýjysy we ruhlandyryjysy bolan türkmen Liderine hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bagyşlanan aýdymlar ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, ol ýerden ugrady.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder