Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen dikuçarda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän ýurdumyzyň awtomobil sporty boýunça desgalar toplumynyň ýerleşýän ýerine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň Sport-ulag merkezinde bar bolan ulaglaryň görnüşleri, häsiýetli aýratynlyklary hem-de täze ulaglar bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda, awtoulag sporty hem ösüş ýoluna düşdi. Merkezde bar bolan döwrebap sport ulaglarynda guralýan ýaryşlara gatnaşmaga, yzygiderli türgenleşikleri geçmäge höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygy bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, has takygy, sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda soňky ýyllarda işjeň özleşdirilip başlanan awtomobil sportunyň hem-de welosportuň giň meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda yzygiderli alada edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda awtomobil we welosiped sporty sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz merkezde bar bolan sport welosipedinde aýlandy. Şu pursatda milli Liderimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýanynda bolýan ýolbaşçylarynyň ünsüni harby gullukçylaryň arasynda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmek, ýaryşlary yzygiderli guramak bilen baglanyşykly meseleleriň ünsden düşürilmeli däldigine çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, her bir bölümde sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlaryň döredilmeginiň, oňa harby gullukçylaryň we polisiýa işgärleriniň işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda welosiped sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň yzygiderli artýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu babatda netijeli işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Sagdynlyk we bagtyýarlyk aýy diýlip yglan edilen aprel aýynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketiniň ösdürilmeginiň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň guralmagynyň has-da möhümdigini belledi. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz welosiped sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň, harby gullukçylaryň we türgenleriň ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümlerinde awtomobil sportunyň ösdürilmegi ugrunda hem ähli tagallalaryň edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Türkmenistanyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hemmesi döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Sport-ulag merkeziniň meýdançasynda welosipedli ýörişe goşuldylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki sport ulaglaryny synlady. Ýurdumyzyň Sport-ulag merkezine portuň bu görnüşi boýunça täze ulaglar yzygiderli alynýar we awtomobil sporty bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlar ulgama işjeň çekilýär.
Munuň özi ýurdumyzda awtomobil sportunyň yzygiderli ösdürilmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Sport-ulag merkeziniň awtomobil sporty boýunça halkara derejesinde guralýan ýaryşlaryň merkezine öwrülýändigini bellemeli. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda bu desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da, Halkara awtomobil federasiýasynyň, iri awtomobil sporty kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, awtosport guramalarynyň hem-de Halkara awtoulag birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.
Şol gün hormatly Prezidentimiz ýedi belgili "Alfa Romeo" sport ulagynda bu ýerde guralan ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netije görkezdi. Şondan ozal bolsa döwlet Baştutanymyzyň Volkicar sport awtoulagynda çykyş edip, ussatlyk görkezendigini ýatlamak ýerliklidir. Şu gün milli Liderimiz bu ýerde sport ulaglarynda türgenleşik geçýän harby gullukçylara, ýaşlara sport ulagyna erk etmegiň aýratynlyklary, usullary hem-de ýokary netije gazanmak üçin zerur bolan endikler barada gürrüň berdi we bu ugurda türgenleşikleriň hem-de ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport ulagynda sürüjiniň özüni ykjam duýmagy, amatly oturmagy, şeýle hem ulagyň tehniki taýýarlygynyň gözden geçirilmegi, galyberse-de, bäsleşik geçirilende howanyň degişli derejede bolmagy, ýollaryň ýylylygynyň kada laýyklygy esasy şert bolup durýar. Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sport awtoulaglarynda bellenilen kada laýyklykda türgenleşigine badalga berildi.
Merkeziň çäginde görkezilýän sport ulaglarynyň hatarynda dünýäniň dürli ýurtlarynda öndürilen döwrebap ulaglaryň birnäçe görnüşi bar. Şeýle hem belli bir tizlige çenli elektrik energiýasynda işleýän we soňra ýangyç bilen hereket etmäge ukyply, şeýle hem "TEGWI" özbaşdak dolandyrylýan elektrokar ulaglary görkezilýär. Şeýle görnüşdäki awtoulaglar ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde has-da ähmiýetlidir.
Soňky ýyllarda milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmek babatda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bu ulgamyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, sportuň täze görnüşlerini, şol sanda welosiped we awtoulag sportlaryny ösdürmek, oňa adamlary, aýratyn-da, ýaşlary işjeň çekmek babatda uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda sportuň meşhur görnüşleriniň sazlaşykly ösdürilmegine, ilatyň onuň bilen köpçülikleýin we işjeň meşgullanmagyna giň möçberli maksatnamalar gönükdirildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan işler ähli ulgamlarda bolşy ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketinde hem özüniň oňyn netijesini berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işleri hil taýdan täze derejä çykdy.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişliginde abraýyny has-da artdyrmak, Watanymyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmek hem-de oňa ilat köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary çekmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler uly üstünliklere we anyk netiejelere beslenýär.
Her ýylyň aprel aýynda "Sagdynlyk we bagtyýarlyk" atly biraýlygyň geçirilmegi, sentýabr aýynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy hem-de ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň yglan edilmegi, gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu ugurda netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan şeýle çäreler ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam berýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz "TEGWI" özbaşdak dolandyrylýan elektrokar ulagynda merkeziň ýodasyna çykdy. Milli Liderimiz öňi bilen bu ulagyň aýratynlyklary, onuň bähbitli taraplary bilen gyzyklandy. Onuň elektrik energiýasynda işleýändigi, ekologiýa taýdan bähbitlidigi bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzda milli Liderimiziň tagallasy bilen daşky gurşawyň abadançylygyna, howanyň arassalygyna gönükdirilen giň möçberli çäreleriň nukdaýnazaryndan seredeniňde örän amatlydyr.
Hormatly Prezidentimiz merkeziň çäginde sport ulagyny sürmegini tamamlandan soň, bu işleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň zerurdygy barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikowa dünýä ýüzünde ekologiýa taýdan örän amatly hasaplanýan bu ulagy satyn almak we ýurdumyzda köpçülikleýin ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara gözegçilik edýän düzümlerinde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmeklerini tabşyrdy hem-de olara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Hormatly Prezidentimiz dikuçarda aýlanyp, guşuçar belentlikden paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan işleri, gurluşyklary synlady. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtgatymyzyň demirgazyk künjeginden öwrüm etdi. Aşgabadyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan binalaryň hatarynda täze Halkara howa menziliniň gurluşygyny görkezmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, bu desgalar toplumynyň birinji nobatdakysy ulanmaga berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilýän binalar toplumynda önümçilik-dolandyryş gullugy, işgärler we ýolagçylar üçin ähli zerur şertler dörediler. Şu günler Halkara howa menzilinde gurluşyk işleri bellenilen möhletlere we bildirilýän talaplara laýyk derejede dowam edýär.
Sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply howa menzili bir wagtda islendik görnüşdäki we ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip, olara halkara derejesinde hyzmaty ýola goýup biler.
Howa menziliniň taslamasyna laýyklykda, bu ýerde ýolagçy terminallarynyň üçüsi, 3800 metr uzynlygy bolan täze uçuş-gonuş zolagy, ugrukdyryjy ýodalar, howa gämilerini goýmak üçin niýetlenen ýerler, howa hereketini dolandyryjy gullugyň binasy gurulýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulýan we ulanmaga berlen köçeleri, köp zolakly awtomobil köprülerini synlady. Dünýäniň iň ösen şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan paýtagtymyzyň binagärlik keşbi barha gözelleşýär. Aşgabatda gurulýan döwrebap desgalar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Soňky ýyllarda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Aşgabadyň etraplarynda gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerine, gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň dikuçary paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň üstünden geçdi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabady ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň gurluşygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine möhüm orun degişlidir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň işewür düzümleri ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Bu künjekde dürli maksatly binalar, aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlary, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli binalar, köçeler, seýilgäh zolaklary gurulýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklanyp, olaryň aýratynlyklaryna syn etdi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gurulýan Mejlisler merkeziniň ýanyna geldi. Gurluşygyň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow garşylady.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, binanyň bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmekde gurluşyk işlerine öňdebaryjy binagärlik tejribeleriniň we kämil ýörelgeleriniň işjeň çekilmeginiň, ýokary hiliň üpjün edilişine, öz wagtynda gurlup gutarylmagyna gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu künjegiň arassaçylyk ýagdaýyna ünsi çekip, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmalydygyny, döwrebap gök zolaklaryň döredilmelidigini, yşyklandyryş ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk derejede oturdylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şäheriň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde arassaçylyk we abadançylyk işleriniň haýal-ýagal alnyp barylýandygyna nägilelik berildi we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň netijelliligini ýokarlandyrmagy häkimden talap etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlanyp barýan we bu künjegiň baş bezegine öwrüljek "Abadançylyk" binasynyň ýanyna geldi. Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda gurluşyk pudagynyň sazlaşykly ösmeginde ýerli hususyýetçileriň möhüm orun eýeleýändigini bellemeli. Bu bina gönüden-göni milli Liderimiziň tabşyrygy esasynda ýerli gurluşykçylaryň gatnaşmagynda gurlan döwrebap desgadyr.
Bu bina Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp binagärlik sowgadydyr. Binanyň umumy beýikligi 47 metr bolup, onuň ýokarsynda ýer şarynyň şekili oturdylypdyr. Ýer şarynyň dürli taraplaryndan uçmaga hyýalanýan kepderiler şekillendirilipdir.
Bu görnüş Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesinden gelip çykýan parahatçylyk, asudalyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary binanyň özboluşly bezegini emele getiripdir.
Bu ajaýyp desganyň milli binagärlik ýörelgeleri we dünýäniň ösen tejribeleriniň ulanylmagy esasynda gurulmagy onuň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz "Abadançylyk" binasynyň has-da kämilleşdirilmelidigini, onuň gurluşyk babatdaky hiliniň ýokarlandyrylmalydygyny hem-de binada bezeg işleriniň milli öwüşginlerde ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, bu babatda alnyp barylýan işleri göwnejaý derejede dowam etmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde gurlan şunuň ýaly köpsanly binalar bilen birlikde, Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilýän senesinde, ýagny, 25-nji maýda açylyş dabarasyny guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzyň esasy bezeg aýratynlyklaryna öwrüljek hem-de Aşgabadyň ilatynyň we myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüljek binalaryň açylyş dabarasynyň ýatda galyjy şanly wakalara beslenmegi babatda ähli zerur tagallalary görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu binanyň ýanynda döredijilik agşamlarynyň, çeper okaýyşlaryň we medeni çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, ýollaryň gurluşygy bilen tanşyp, ýerasty geçelgäniň bezeg aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz ýerasty geçelgeden geçip barşyna, şunuň ýaly desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olarda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline we ýolagçylar üçin ähli amatlyklaryň döredilmegine aýratyn ähmiýet bermek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy sazlaşykly ösdürmek, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmak boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, bu babatda alnyp barylýan işlerde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder