Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy we «Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly», şeýle hem «Saglygyň we bagtyýarlygyň hepdesi» mynasybetli Gruziýanyň Daşary işler hem-de Sport we ýaşlaryň meseleleri boýunça ministrlikleriniň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan, Bake seýilgähinde ýurduň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň, Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş gurnaldy.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow welosipedli ýörişiň gatnaşyjylaryna gutlag bilen ýüzlenip, 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyna laýyklykda dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk statusyny ykrar etmegine 20 ýylyň dolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Ýaşulylar Geňeşiniň karary bilen, 2015-nji ýyl Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly diýlip yglan edildi.
Öz çykyşynda Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň meseleleri boýunça ministri Lewan Kipiani Türkmenistanyň ýolbaşçylygyny we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy we 2015-nji ýylyň «Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen gutlady.
Welosipedli ýörişiň ahyrynda Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem Gruziýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekillerine Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýylynyň nyşany çekilen eginbaşlar paýlanyldy. Agzalan çäräni gurnamakda edilen ýardam üçin Gruziýanyň DIM-niň we Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň meseleleri boýunça ministrliginiň wekillerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder