3 Nisan 2015 Cuma

Sementiň 1 Tonnasy 175 Manat Möçberde Bolar http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2947

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýerli gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ösdürmek we ýerli gurluşyk materiallarynyň bahalarynyň düzgünleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda öndürilýän we içerki bazarda ilata ýerlenýän sementiň 1 tonnasy üçin lomaý satuw bahasy goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda 175 manat möçberde bellenildi. 

Türkmenistanyň Senagat ministrligine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder