2 Nisan 2015 Perşembe

Saglyk we Bagtyýarlyk Atly Köpçülikleýin Sport

Türkmenistanda “Saglyk we bagtyýarlyk” atly şygar bilen, köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik çäreleriň biraýlygy başlandy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz halkymyzyň we ilkinji nobatda ýaş nesliň sagdynlygynyň goralmagyny döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýän wezipe hökmünde öňde goýup, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportyň ösdürilmeginiň uzak möhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly we maksada okgunly häsiýetde bolmagyna içgin üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa gönükdirilen syýasatda ilkinji nobatda ruhy-ahlak ýörelgeleri we şu ugra degişli maksatlar ileri tutulýar. Durmuşa degişli maksatnamalaryň we taslamalaryň ählisi şunuň bilen baglanyşdyrylyp düzülýär, şunda köpçülikleýin-sagaldyş häsiýetli çärelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Saglyk --ýaşaýşyň hiliniň möhüm ölçegi we görkezijisi bolup durýar. Şu biraýlygyň many-mazmunynyň özeni hem  jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegine esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çäräni geçirmek baradaky başlangyjy türkmenistanlylaryň ählisi tarapyndan ruhubelentlik bilen goldanyldy, olar köpçülikleýin çärä işjeňlik bilen goşulyp, umumy işe özleriniň goşandyny goşýarlar. 

Şu gün belenterbiýe-sport we medeni-dynç alyş çäreleri 4 kilometr aralyga ylgamak bilen başlandy. Ýaryş Köpetdag şaýolunda guraldy, bu ýerde irden müňlerçe adamlar – ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri ýygnandylar. 

Ýaryş üç tapgyrda geçirildi. Ilki talyplar özara bäsleşdiler. Erkekleriň toparynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň toparyndan P.Annagylyjow üstün çykdy. Ýeňiji bu aralygy 11 minut 15 sekuntda geçdi. Zenanlaryň arasynda Harby institutdan G.Akmyradowa  üstün çykdy. Ol bu aralygy 15,07 minutda geçdi. 

Soňra işgärleriň toparlary bäsleşdiler. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri hem oňat netijeleri gazandylar. “Olimp” sport mekdebinden Ş.Bäşimow ýeňiji bolup, 4 kilometrlik aralygy 12,23 minutda geçdi.

Ýaryşlarda üstün çykanlara we baýrakly orunlary eýelänlere bu ýaryşlary guran Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, içeri işler, medeniýet. bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Şu günki köpçülikleýin sport çäreleri paýtagtymyzdaky köp ugurly “Aşgabat” stadionynda dowam etdirildi. Bu ýerde  kiçi futbol   boýunça ýetginjekleriň “Altyntäç” we “Feniks” toparlarynyň arasynda bäsleşik boldy. Şunda .....................   üstün çykdy.

Şu gün sport – dynç alyş çärelerinden başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda “Saglyk we bagtyýarlyk”  atly ylmy-amaly maslahat boldy. Maslahata gatnaşyjylar – saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdebiniň talyplary we professorlar-mugallymlar düzümi ýaş türkmenistanlylary sport bilen meşgullanmaga uýgunlaşdyrmagyň meselelerini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ugur boýunça  başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna degişli  wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şonda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallasy bilen türkmen milli sport hereketiniň ozal görlüp-eşidilmedik ýokary derejä eýe bolandygy bellenildi. Ýurdumyzda geçirilýän uly halkara ýaryşlary, şol sanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça bäsleşikler ýylsaýyn artýar. 2017-nji ýylda bolsa Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Maslahata gatnaşyjylar eýýäm häzirki wagtda türgenleşikleriň geçirilmegine we sport boýunça gazanylýan netijelere ylmy taýdan meýilleşdirilen görnüşde baha berilmeginiň zerurdygyny bellediler.

2 –3-nji aprelde aşgabatlylar “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumyna çagyrylýar, bu ýerde gündogaryň başa-baş göreş we    söweş sungaty boýunça ussatlaryň görkezme çykyşlary bolar.

Şeýlelikde köpçülikleýin çärä badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň onuň geçirilmegine we milletiň saglygyna degişli meselelere içgin üns bermegi beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamynyň döredilmeginiň esasy syýasy  ýagdaý bolmak arkaly, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky örän uly özgertmelere badalga berýän we döredijilikli işjeňligi  artdyrýan güýje öwrülendigini biziň häzirki günlerimizde aýdyň görkezýän subutnama bolup durýar. 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder