Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Suşma Swarajy kabul etdi.
Hanym Suşma Swaraj türkmen Liderine Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Premýer-ministriniň ýollan mähirli salamyny ýetirip, öz ýurdunyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Şunda Hindistanda türkmen döwletiniň sebit hem-de dünýä möçberinde alyp barýan abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän döredijilikli parahatçylyk söýüji syýasatyna ýokary baha berilýändigi we goldanylýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylygyna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belledi hem-de Hindistanyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýän ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň döwrüň wakalaryna we özara bähbitlere gabat gelýän täze hile we mazmuna eýe bolýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Ol Aziýa sebitiniň döwletleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşmaga hem-de umuman, Ýewraziýa yklymynda parahatçylygyň, dostlugyň we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň hakyky körpüsine öwrülip, dünýäde energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Şu babatda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iri möçberli bu taslamanyň çalt durmuşa geçirilmegine hindi tarapynyň uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda özara bähbitli türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça giňelýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň we medeni-gumanitar gatnaşyklarynyň artýan depgini, häzirki zaman maglumatlar tehnologiýasy ulgamynda özara hereketleriň geljeginiň uludygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we hindi halklarynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy we medeni kökleriniň umumylygy bilen birleşendigi nygtaldy. Türkmen we hindi halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksadynda medeni alyşmalary we ylmy gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň beýik ogly Baýram hanyň we onuň ogly Abdyrahym hanyň Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazandyklaryny belledi. Dostlukly ýurtda olaryň mirasyna uly hormat bilen garalýar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna iň oňat arzuwlaryny beýan etdiler.
Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Nagendra Prasad hem gatnaşdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder